Bütin teselliler Hudaýy Ýehowa bil baglaň
«Rebbimiz Isa Mesihiň Hudaýy hem Atasyna alkyş! Ol rehimler Atasy, bütin teselliler Hudaýydyr» (2 KOR. 1:3).
1. Adam ýaşyna garamazdan nämä mätäç?
BIZ dünýä inenimizden bäri tesellä mätäç. Bäbegiň aglaýşyndan onuň tesellä mätäçdigini bilýäris. Belki, ol ajygandyr ýa-da götermegimizi isleýändir. Hatda biz uly ýaşda-da köplenç tesellä mätäç bolýarys. Esasanam kyn ýagdaýa düşenimizde göwünlik berilmegini isleýäris.
2. Ýehowa özüne bil baglaýan adamlara näme wada berýär?
2 Bize köplenç dogan-garyndaşlarymyz we dost-ýarlarymyz teselli berip bilýär. Emma käte biz şeýle hasrat çekýäris welin, adamlar bize göwünlik berip bilmeýär. Biz nähili hasrat çeksek-de, diňe Hudaý bize teselli berip bilýär. Hudaýyň Sözünde şeýle diýilýär: «Reb özüni çagyrýanlaryň ählisine... ýakyndyr... olaryň perýatlaryny eşidýär we olary gutarýar» (Zeb. 145:18, 19). Hawa, «Rebbiň gözleri dogry adamlardadyr, gulaklary olaryň perýadyna açykdyr» (Zeb. 34:15). Emma bizi Hudaý goldap, teselli berer ýaly, oňa bil baglamaly. Dawut pygamber nagmasynda: «Reb ezilýänlere pena bolar, muşakgatly çaglarda pena bolar. Adyňy bilýänler Saňa bil baglar; çünki, ýa Reb, Sen Özüňi agtarýanlary terk eden dälsiň» diýdi (Zeb. 9:9, 10).
3. Isa Ýehowanyň adamlara bolan söýgüsini nädip beýan etdi?
3 Ýehowa gullukçylaryny gymmat saýýar. Isa muny aýdyň düşündirip şeýle diýdi: «Bäş serçe iki köpüge satylmaýarmy? Muňa garamazdan, Hudaý olaryň hiç birini unutmaýar. Siziň başyňyzyň saçlary hem bütinleý sanalgydyr. Gorkmaň, siz köp serçelerden gymmatlysyňyz» (Luka 12:6, 7). Ýehowa Ýeremiýa pygamber arkaly: «Men seni ebedilik söýgi bilen söýdüm. Ine, şol sebäpli merhemetim bilen seni özüme çekýärin» diýdi (Ýerem. 31:3).
4. Biz näme üçin Ýehowanyň wadalaryna bil baglap bileris?
4 Biz hasrat çekenimizde, Ýehowa bil baglap, wadalaryny ýerine ýetirýändigine ynansak teselli berýär. «Hudaýyňyz Ýehowanyň siz barada aýdan ähli ýagşy sözleriniň ýerine ýetendigini bütin ýüregiňiz we janyňyz bilen bilýärsiňiz, siziň üçin bary ýerine ýetdi. Şol sözleriň biri-de ýerine ýetmän galmady» diýen Ýeşuw ýaly, biz Hudaýa bil baglamaly (Ýeşuw 23:14). Şeýlede biz wagtlaýynça kyn ýagdaýa düşsek-de, «Hudaýyň dogruçyldygyna» we wepaly gullukçylaryny hiç haçan terk etmeýändigine ynanyp bileris (1 Korintoslylar 10:13-i okaň).
5. Biz näme üçin adamlara teselli berip bilýäris?
5 Pawlus resul Ýehowa «bütin teselliler Hudaýydyr» diýdi. «Teselli» bermek, hasrat ýa-da gaýgy-alada çekýän adamy köşeşdirmegi aňladýar. Adama hasratyndan we gaýgysyndan dynar ýaly, tesseli bermeli. Ýehowa hem şeýle teselli berýär (2 Korintoslylar 1:3, 4-nji aýatlary okaň). Gökdäki Atamyzyň söýýänlerine gerekli tessellini bermäge hiç kim ýa-da hiç zat päsgel berip bilmeýär. Biz hem «her hili muşakgat içindäki» imandaşlarymyza tesselli berip bilýäris. Biz muny «Hudaýyň bize berýän tesellisi bilen» edip bilýäris. Ýehowadan başga hiç kim bize gowy teselli berip bilmez!
Hasratlara nädip döz gelmeli?
6. Näme sebäpden hasrat çekýäris?
6 Biz köp ýagdaýlarda tessellä mätäç. Dogan-garyndaşlaryň, esasanam ýanýoldaşyň ýa-da çaganyň ölümi agyr hasrat çekdirýär. Şeýle-de adamlar ters pikirler sebäpli horluk çekende, göwünlik bermeli. Adam kesselände, garranda, garyp düşende, är-aýalyň arasynda agzalalyk dörände ýa-da dünýäniň ýagdaýyndan hasrat çekende hem tesselä mätäç bolýar.
7. a) Hasrat çekenimizde, biz nämä mätäç? b) Ýehowa «synyk, ökünçli» göwni nädip göterýär?
7 Käte hasrat çekenimizde, kalbymyzy rahatlandyrmaly, duýgularymyza erk etmeli we pikirimizi goramaly, çünki bu saglygymyza hem imanymyza zyýan ýetirýär. Geliň, ýüregi mysal alyp göreliň. Hudaýyň Sözünde ýüregimiz, ýagny göwnümiz «synyk, ökünçli» bolýandygy aýdylýar (Zeb. 51:17). Ýehowa şeýle ýagdaýda «göwni synyklara şypa berýär, olaryň ýaralaryny daňýar» (Zeb. 147:3). Hatda kyn ýagdaýlarda-da, biz iman edip doga etsek we Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý etsek, ol göwünlik berer (1 Ýahýa 3:19—22; 5:14, 15-nji aýatlary okaň).
8. Biynjalyk bolanymyzda, Ýehowa pikirimizi goramaga nädip kömek edýär?
8 Dürli synaglara uçranymyzda, örän biynjalyk bolýandygymyz üçin pikirimizi goramaly. Imanymyz synalanda, biz öz güýjümiz bilen hötde gelip bilmeris. Emma mezmurçy: «Içimdäki aladalar artanda Seniň teselliň janyma rahatlyk berýär» diýdi (Zeb. 94:19). Mundan başgada, Pawlus: «Hiç zadyň aladasyny etmän, her zatda dilegleriňizi doga we ýalbarma arkaly şükür bilen Hudaýa bildiriň. Her hili düşünjeden ýokary bolan Hudaýyň parahatçylygy Mesih Isada siziň ýüregiňizi, pikirleriňizi gorar» diýdi (Flp. 4:6, 7). Mukaddes Ýazgylary okap, oýlansak rahatlanmaga kömek eder (2 Tim. 3:15—17).
9. Biz erbet duýgulara nädip garşy durmaly?
9 Käte ruhdan düşýändigimiz üçin bizde erbet duýgular döremegi mümkin. Belki, biz özümizi Mukaddes Ýazgylardaky käbir borçlary ýa-da hormatly ýumuşlary ýerine ýetirip bilmejek ýaly duýýandyrys. Emma bu meselede-de Ýehowa bize göwünlik berip, kömek edip bilýär. Meselem: Ýeşuw ysraýyllylara baştutanlyk edip, duşmanlara garşy çykmaly bolanda, Musa pygamber halka: «Dözümli we mert boluň! Olardan gorkmaň, dowla düşmäň, sebäbi siziň bilen gitjek hut Hudaýyňyz Rebbiň Özüdir. Ol sizi hiç wagt ýeke taşlamaz, terk etmez» diýdi (Kan. tag. 31:6). Ýeşuw Ýehowanyň kömegi bilen Hudaýyň halkyny Wada edilen diýara girizdi we duşmanlary ýeňdi. Mundan öňinçä Musa pygamber hem Gyzyl deňizden geçende, Hudaýyň kömegini duýupdy (Müs. çyk. 14:13, 14, 29—31).
10. Gaýgy-aladalar saglygymyza nähili täsir edýär we bize näme kömek edip biler?
10 Gaýgy-aladalar saglygymyza zyýan ýetirip biler. Elbetde, gowy iýmitlensek, dynç alsak, maşk etsek we arassa bolsak bize gowy täsir edýär. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylardaky gelejek barada oýlansak, saglygymyza gowy täsir edýär. Gaýgy aladamyz bolanda, Pawlusyň aýdan ruhlandyryjy sözlerini ýada salsak peýdaly bolar. Ol: «Biz her tarapdan gysylýarys, ýöne owranmaýarys; biz çäresiz ýagdaýda, ýöne çykalgasyz däldiris. Kowalanýandyrys, ýöne terk edilen däldiris; ýere urlandyrys, ýöne ölen däldiris» diýdi (2 Kor. 4:8, 9).
11. Imanymyzyň gowşandygyny duýanymyzda, näme edip bileris?
11 Käbir synaglar biziň imanymyzy gowşadýar. Şeýle ýagdaýda-da, Ýehowa bize kömek edip bilýär. Hudaýyň Sözünde: «Reb ähli ýykylanlary söýgetleýändir, ähli bükülenleri dikeldýändir» diýilýär (Zeb. 145:14). Imanymyzyň gowşandygyny duýanymyzda, mesihçi ýaşululardan kömek soramaly (Ýakup 5:14, 15). Mukaddes Ýazgylardaky ebedi ýaşaýşa bolan umydy hiç haçan ýatdan çykarmasak, imanymyz synalanda döz gelip bileris (Ýahýa 17:3).
Teselli berýän Hudaýyň gullukçylarynyň mysallary
12. Ýehowanyň Ybraýyma nädip göwünlik berendigini gürrüň beriň.
12 Mezmurçy şeýle diýdi: «Bendäňe bolan sözüňi ýatla, Sen (Ýehowa) şonuň bilen maňa umyt berdiň. Muşakgatymda meniň tesellim budur, çünki sözüň meni direltdi» (Zeb. 119:49, 50). Şu günler bizde Ýehowanyň Sözi bar. Onda teselli berýän ençeme mysallar getirilýär. Meselem, Ýehowa Sodom we Gomorany weýran etjekdigini bilende, Ybraýym biynjalyklanýar. Hudaýyň bu wepaly gullukçysy: «Sen beýtseň, günäliniň oduna bigünä-de ýanmazmy?!» diýdi. Ýehowa Ybraýyma eger 50 adam tapsam, men Sodomy weýran etmerin diýip göwünlik berdi. Ybraýym Ýehowadan: «Eger şäherdäki bigünäli adamlaryň sany 45, 40, 30, 20, 10 bolaýsa, şonda nädersiň?» diýip, ýene-de bäş sapar sorady. Her gezegem Ýehowa sabyr edip, Ybraýyma Sodomy weýran etmejekdigi hakynda mähirli jogap berdi. Şol şäherde bigünä 10 adam tapylmasa-da, Ýehowa Luty we onuň gyzlaryny halas etdi (Gel. çyk. 18:22—32; 19:15, 16, 26).
13. Hanna Ýehowa bil baglaýandygyny nädip görkezdi?
13 Elkananyň aýaly Hanna çagasynyň bolmagyny küýseýärdi. Emma ol önelgesiz bolany üçin gaty ejir çekýärdi. Hanna bu barada Ýehowa doga edende baş ruhany Eli oňa: «Ysraýylyň Hudaýy dilän dilegiňi saňa bersin» diýdi. Bu sözler Hanna göwünlik berdi we şondan soň «ýüzi artykmaç, gussaly däldi» (1 Sam. 1:8, 17, 18). Hanna Ýehowa bil baglap, aladasyny ynam bilen Hudaýa tabşyrdy. Ol näme boljagyny bilmese-de, kalbynda rahatlyk duýdy. Ýehowa wagtynda onuň dogasyna jogap berdi. Ol göwreli bolup, bir ogul dogurdy we adyna Samuel dakdy (1 Sam. 1:20).
14. Dawut näme üçin tesellä mätäçdi we ol kime ýüzlendi?
14 Ysraýylyň patyşasy Dawut pygamber hem Hudaýa bil baglamakda görelde görkezdi. Ýehowa Dawudy patyşa edip saýlanda, onuň «ýüregini» görüp, Dawudyň ak ýüreklidiginini we hak Hudaýa wepalydygyny bilýärdi (1 Sam. 16:7; 2 Sam. 5:10). Emma soňra Dawut Batşeba bilen zyna edip, günäsini ýaşyrmak üçin onuň adamsyny öldürtdi. Dawut agyr günä edendigine düşünensoň, Ýehowa şeýle doga etdi: «Meni ýazygymdan bütinleý ýuw, günämden tämizle. Çünki men öz jenaýatlarymy boýun alýaryn, günäm mydama öňümdedir» (Zeb. 51:1—3). Dawut pygamber çyn ýürekden toba etdi we Ýehowa ony bagyşlady. Emma Dawut eden etmişiniň erbet netijesini gördi (2 Sam. 12:9—12). Muňa garamazdan, Ýehowa rehim edip kiçigöwünli gullukçysyna teselli berdi.
15. Isa ölmezinden öň, Ýehowa oňa nädip kömek etdi?
15 Isa ýer ýüzünde ýaşan mahaly ençeme kyn ýagdaýlara düşüpdi. Hudaý bu synaglara ýol berse-de, Isa Ýehowa bil baglap, kämil adam hökmünde aýypsyzlygyny saklady we Hudaýyň hökümdarlygyny goldady. Isa haýynlyk edilende we pürse çüýlenende, ol Ýehowa: «Meniň islegim däl, Seniň islegiň bolsun» diýip doga etdi. Bir perişde Isa görnüp güýçlendirdi (Luka 22:42, 43). Hudaý gerekli wagty Isany güýçlendirdi, goldady we teselli berdi.
16. Aýypsyzlygymyzy saklamak üçin ölmeli bolup, hasrat çekenimizde, Ýehowa nädip kömek eder?
16 Hatda biz mesihçi hökmünde berk durup, ölmeli bolsak-da, Ýehowa aýypsyzlygymyzy saklamaga kömek eder. Galyberse-de, biz direlişe bolan umytdan teselli tapýarys. Biz sabyrsyzlyk bilen «soňky duşman» ölümiň ýogaldyljagyna garaşýarys (1 Kor. 15:26). Hudaýyň aradan çykan wepaly gullukçylary hem-de başga adamlar Ýehowanyň ýadynda we olar direler (Ýahýa 5:28, 29; Res. iş. 24:15). Ýehowanyň direltjekdigine ynamymyz teselli berýär we yzarlamalarda umydymyzy berkidýär.
17. Ýakyn dogan-garyndaşlarymyz ölende, Ýehowa nähili göwünlik berýär?
17 Ölen ýakynlarymyzyň ölüler diýarynda (mazarda) ukuda ýatandygyny we gaýgy-aladasyz täze ajaýyp dünýäde direljekdigini bilmek nähili göwünlik berýär! Bu zalym dünýäniň soňunda diri galjak Ýehowanyň gullukçylarynyň «uly märekesine» ýer ýüzünde direljek adamlary garşy almak we öwretmek nähili uly hormat bolar! (Ylh. 7:9, 10).
Hemişe gollarynda göterýän Hudaý
18, 19. Hudaýyň gullukçylary yzarlamalarda nädip teselli tapdylar?
18 Musa pygamber güýçlendirýän we tolgundyrjy sözler bilen ysraýyllylara: «Penakäriň gadymdan bar bolan ebedi Hudaýdyr! Seni hemişe gollarynda göterer» diýip aýdym aýtdy (Kan. tag. 33:27). Soňra Samuel pygamber ysraýyllylara şeýle diýdi: «Hudaýyň ýolundan çykmaň we Ýehowa bütin ýüregiňiz bilen gulluk ediň... Ýehowa beýik ady üçin, halkyny terk etmez» (1 Sam. 12:20—22). Biz Ýehowa berk ýapyşyp, oňa sežde etsek, ol bizi hiç haçan terk etmez. Ol hemişe bizi goldar.
19 Şu soňky kyn günlerde Hudaý halkyna kömek edýär we teselli berýär. Bütin dünýäde ýüz ýyldan gowrak imandaşlarymyzyň müňlerçesi Ýehowa gulluk edeni üçin yzarlandylar we türmä basyldylar. Olaryň synaglara döz gelendigi Ýehowanyň gullukçylaryna teselli berýändigini subut edýär. Meselem, öňki Sowet soýuzynda bir dogan imany üçin 23 ýyl türmä basyldy. Hatda türmede-de, ol Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlary alyp, ruhlanýardy we göwni göterilýärdi. Şol dogan: «Men türmede oturan ýyllarym, Ýehowa bil baglamagy öwrendim we ol maňa güýç berdi» diýýär (1 Petrus 5:6, 7-nji aýatlary okaň).
20. Biz Ýehowanyň terk etmejekdigine näme üçin ynanyp bileris?
20 Biz nähili synaglara uçraýandygymyza garamazdan, mezmurçynyň: «Çünki Reb Öz halkyny taşlamaz, mirasyny terk etmez» diýen teselli beriji sözlerini unutmalyň (Zeb. 94:14). Özümiz tesellä mätäç bolsak-da, başga adamlara-da göwünlik bermek, biziň üçin uly hormatdyr. Bu hasratly dünýäde gam çekýän adamlara teselli berip bilýändigimize indiki makalada serederis.
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Biz näme sebäpden hasrat çekýäris?
• Ýehowa gullukçylaryna nädip göwünlik berýär?
• Biz ölmeli bolsak-da, näme teselli berip biler?
[25-nji sahypadaky çarçuwa/suratlar]
BIZE TÄSIR EDÝÄN ZATLARA NÄDIP GARŞY DURMALY?
▪ ýüregimize Zeb. 147:3; 1 Ýahýa 3:19—22; 5:14, 15
▪ pikirimize Zeb. 94:19; Flp. 4:6, 7
▪ duýgularymyza Müs. çyk. 14:13, 14; Kan. tag. 31:6
▪ saglygymyza 2 Kor. 4:8, 9
▪ imanymyza Zeb. 145:14; Ýakup 5:14, 15