Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 12/07 sah. 8
  • Göwni synyklara teselli beriň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Göwni synyklara teselli beriň
  • Hudaýa gullugymyz — 2007
  • Meňzeş maglumat
  • «Ähli ýas tutýanlara göwünlik beriň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Zorlugyň pidasy bolanlara teselli beriň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Bütin teselliler Hudaýy Ýehowa bil baglaň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • «Aglaýanlar bilen aglaň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2007
km 12/07 sah. 8

Göwni synyklara teselli beriň

1 Adamzat taryhynda heniz hiç haçan adamlar tesellä şeýle mätäç däldiler. Biz hem Patyşamyz Isa Mesihden görelde alyp, «göwnüçökgünlere teselli bermeli» (Iş. 61:1).

2 Nädip teselli bermeli. Eger biziň hödürlerimiz pähimli we oňaýly bolsa, olar wagyz gullugynda adamlara teselli berer. Adamlara wagyz edenimizde, Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty we teselli berýän Hudaýyň islegine esaslanan ajaýyp umydy barada köpräk aýtmak üçin dünýäde bolýan zalymlyklar hem-de ýalan taglymatlar barada azrak gürrüň etmeli. Emma bu Armageddon barada aýtmaly däldigini aňlatmaýar. Bize diňe bir «Rebbiň merhemet ýylyny yglan etmek» däl, eýsem, «erbetleri ýolundan saklamak üçin» duýdurmaly. Ýöne Armageddon we onuň heläkleýji netijeleri barada köpräk wagyz edip, Hudaýyň Patyşalygy baradaky wagzy ýatdan çykarmaly däl (Iş. 61:2; Ezek. 3:18; Mat. 24:14).

3 Öýden-öýe. Şu günler biz keselçilik, dogan-garyndaşyň ölümi, adalatsyzlyk ýa-da ýetmezçilik zerarly sustupes adamlara köp duş gelýäris. Mesih ýaly biz hem wagyzda şeýle adamlara duş gelende, olaryň ýagdaýyna düşünip, rehimdarlyk bildirýäris (Luka 7:13; Rim. 12:15). Biz adamyň kynçylygyna degişli bir-iki aýat okasak-da, ol duýgusyny aýdar ýaly hemişe «eşitmekde çalt... bolmaly» (Ýakup 1:19). Ilki adamy diňlesek, onda oňa teselli bermek aňsat bolar.

4 Ýerlikli bolsa gürrüňiň dowamynda şeýle diýip bilersiň: «Size Mukaddes Ýazgylardan teselli beriji sözleri aýtmak isleýärin». Adamyň her bir aýdan nädogry pikirini düzetmesiňiz paýhasly bolardy. Gaýtam, Ýazgylaryň kömegi bilen ruhlandyryp, teselli bermeli. Bu barada köpräk maglumaty «Ýazgylary ulanyp ynandyrmak» (iňlis.) kitabyň 117—121-nji sahypalaryna esaslanan «Teselli bermek we ruhlandyrmak» diýen makalada tapyp bolar. Ýa-da «Depressiýadan horlanýanlara göwünlik» diýen kitapçany hödürläp, ondaky ruhlandyryjy pikirlere serediň.

5 Teselli bermäge mümkinçilik gözle. Sen goňşularyňdan, işdeşleriňden, synpdaşlaryňdan ýa-da dogan-garyndaşlaryňdan kimdir biriniň teselli mätäçdigini bilýärmiň? Mukaddes Ýazglardaky teselli beriji pikirler bilen bölüşmek üçin olary ideg edip bilermiň? Olaryň näme sebäpden ruhdan düşendigini bilip, ideg etmäge taýýarlyk görüp bilersiň. Meselem, käbirleri şeýle adamlara hat ýazýarlar ýa-da jaň edýärler. Goňşularymyzy ýürekden söýsek, bizi rehimdarlyk bildirmäge we Ýazgylardaky teselli beriji sözleri aýtmaga höweslendirer (Luka 10:25—37).

6 Bize ejir çekýänlere teselli bermek, göwni synyklary ruhlandyrmak we adamlara gowy gelejege umyt bermek tabşyryldy. Şu dünýäniň adamlary hut şeýle tesellä mätäç. Biz Hudaýyň ajaýyp wadalaryny şatlyk bilen gürrüň berip, akýürekli adamlara tesseli we umyt berýäris. Geliň, göwni synyk adamlara şypa bermegi hiç haçan unutmalyň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş