Biz zalym dünýäde «wagtlaýyn ýaşaýjylar»
«Olaryň bary... özleriniň ýer ýüzünde ýat hem wagtlaýyn ýaşaýjylardygyny boýun aldylar» (ÝEW. 11:13, TD).
1. Isa şägirtleriniň bu dünýä garaýşy barada näme diýdi?
ISA şägirtleri barada: «Olar entek dünýäde», ýöne «Meniň dünýäden bolmaýşym ýaly, olar-da dünýäden däldirler» diýdi (Ýahýa 17:11, 14). Şeýdip, Isa şägirtleriniň Şeýtanyň goly astyndaky dünýä garaýşyny açyk beýan etdi (2 Kor. 4:4). Olar häzirki zalym dünýäde ýaşasalar-da, oňa goşulmaýarlar. Olar bu dünýäde «gelmişek hem wagtlaýyn ýaşaýjylar» ýaly bolmaly (1 Pet. 2:11, TD).
Olar «wagtlaýyn ýaşaýjylardy»
2, 3. Hanoga, Nuha, Ybraýyma we Sara näme üçin «ýat hem wagtlaýyn ýaşaýjylardy» diýse bolar?
2 Gadym döwürlerden bäri, Ýehowanyň wepaly gullukçylary hudaýsyz döwürdeşlerinden tapawutlanýardy. Bütindünýä tupanyndan öň, Hanok we Nuh «Hudaýyň huzurynda gezdiler» (Gel. çyk. 5:22—24; 6:9). Olaryň ikisi-de Şeýtanyň zalym dünýäsine Ýehowanyň hökümlerini batyrgaý wagyz etdiler (2 Petrus 2:5; Ýahuda 14, 15-nji aýatlary okaň). Hudaýsyz dünýäde Ýehowanyň huzurynda gezip, Hanok «Hudaý tarapyndan halandy», Nuh bolsa «öz döwürdeşleriniň arasynda dogruçyldy we takwa adamdy» (Ýew. 11:5; Gel. çyk. 6:9).
3 Hudaýyň tabşyrygy bilen, Ybraýym we Sara kesetleriň Ur galasynda amatly durmuşyny goýup, ýat ýurtda çarwa bolup, kynçylykda ýaşamakdan çekinmediler (Gel. çyk. 11:27, 28; 12:1). Pawlus resul şeýle ýazýar: «Ybraýym iman arkaly miras alan ýurduna gitmäge çagyrylanda, bu söze gulak asyp, nirä barýanyny bilmän ýola düşdi. Ol iman arkaly bir ýat adam hökmünde wada edilen ýurtda ornaşdy. Şol wada şärik mirasdarlar bolan Yshak we Ýakup bilen bile çadyrlarda ýaşady» (Ýew. 11:8, 9). Onsoňam, ol Hudaýyň wepaly gullukçylary barada şeýle diýdi: «Olaryň bary ölýänçä imandan dänmedi. Wada edilenlere gowuşman, olary uzakdan görüp, hoş garşylap, özleriniň ýer ýüzünde ýat hem wagtlaýyn ýaşaýjylardygyny boýun aldylar» (Ýew. 11:13, TD).
Ysraýyllylara berlen duýduryş
4. Wada edilen diýara girmänkä, ysraýyllylara näme duýduryş berildi?
4 Ybraýymyň nesli gitdigiçe köpelip, ysraýyl halky boldy we olara kanun hem ýurt berildi (Gel. çyk. 48:4; Kan. tag. 6:1). Ysraýyl halky şol ýurduň hakyky eýesiniň Ýehowadygyny hiç haçan unutmaly däldi (Lew. 25:23). Olar kärendeçiler ýaly Eýesiniň talaplaryny sylamaga borçludy. Mundan başga-da, olar bolelin durmuş sebäpli Ýehowany unutmaly däldiler we «ynsanyň diňe bir çörek bilen ýaşamaýandygyna» düşünmelidiler (Kan. tag. 8:1—3). Wada edilen diýara girmänkä, ysraýyllylara şeýle duýduryş berildi: «Hudaýyňyz Reb sizi ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga, Ýakuba wada eden ýurduna getirjek. Ol ýurt öz gurmadyk uly we owadan galalaryňyzdan, öz gazanmadyk harytlaryňyzdan doly öýlerden, öz gazmadyk suw howdanlaryňyzdan, öz oturtmadyk üzüm we zeýtun baglaryňyzdan ybaratdyr. Siz olardan iýip doýanyňyzda, gaty seresap boluň! Gul bolup ýaşan ýurduňyz Müsürden çykaryp getireniň Rebdigini ýatdan çykarmaň» (Kan. tag. 6:10—12).
5. Näme üçin Ýehowa ysraýyllylardan ýüz öwrüp, özüne täze halk saýlady?
5 Ysraýyllylar Ýehowanyň bu duýduryşyna doly gulak asmadylar. Ysraýyllylaryň Wada edilen diýara ornaşyp, eden etmişleri barada Nehemýanyň günlerinde ýaşan lewiler utanç bilen ýatladylar. Ysraýyllylar kaşaň jaýlarda ýaşap, bol iýmit iýip we şerap içip «iýip doýdular, semrediler we lezzet aldylar». Olar Hudaýa garşy pitne turzup, hatda onuň iberen pygamberlerini hem öldürdiler. Şonuň üçin Ýehowa olaryň üstünden duşmanlarynyň agalyk etmegine ýol berdi (Nehemýa 9:25—27; Hoş. 13:6—9). Soňra ysraýyllylar Rim hökümdarlygy astyndaka, Hudaýyň wada edilen Mesihini hem öldürdiler! Şonuň üçin Ýehowa olardan ýüz öwrüp, täze halky, ýagny «Hudaýyň Ysraýylyny» saýlady (Mat. 21:43; Res. iş. 7:51, 52; Gal. 6:16).
Mesihçiler «bu dünýäden däl»
6, 7. a) Isa şägirtleriniň dünýä garaýşy barada näme diýdi? b) Näme üçin mesihçiler Şeýtanyň dünýäsine goşulmaly däl?
6 Makalanyň başynda aýdylyşy ýaly, mesihçiler ýygnagynyň başy Isa Mesih şägirtlerine Şeýtanyň zalym dünýäsinden aýry bolmalydygyny aýdypdy. Isa ölüminiň öňüsyrasy şägirtlerine şeýle diýdi: «Dünýäden bolan bolsaňyz, dünýä sizi özüniňkiler kimin söýerdi. Ýöne dünýäden däldigiňiz üçin, Meniň sizi dünýäden saýlap alanlygym üçin, ine, şonuň üçin dünýä sizi ýigrenýär» (Ýahýa 15:19).
7 Mesihçiler birnäçe wagtdan soň, Rim imperiýasynyň hökümdarlyk edýän dürli ýerlerinde ýaşasalar-da, olar Şeýtanyň zalym dünýäsine goşulmadylar. Mesihiň ölüminden 30 ýyl geçensoň, Petrus resul irki mesisihçilere şeýle ýazdy: «Eý söýgüliler, sizden haýyş edýärin, jana garşy söweş edýän günäli höweslerden gelmişek hem wagtlaýyn ýaşaýjylar hökmünde gaça duruň... milletler arasynda oňat edim-gylymly boluň» (1 Pet. 1:1; 2:11, 12, TD).
8. Bir taryhçynyň sözünden irki mesihçileriň bu dünýäden däldigi nädip görünýär?
8 Rim imperiýasynda ýaşaýan mesihçiler özüni «gelmişek we wagtlaýyn ýaşaýjylar» ýaly alyp barýardylar. Bir taryhçynyň aýtmagyna görä, olar köplenç zalym yzarlanýardylar. Olar ýalan dini däp-dessurlara gatnaşmaýandygy üçin, «imansyz» diýlip aýyplanýardy. Mesihçiler daş-töweregindäki adamlaryň göwün açmalaryna, butparazlyk we ahlaksyzlyk bilen bagly baýramçylyklaryna gatnaşmaýandygy üçin, olar «adamlary ýigrenýärler» diýýärdiler.
Dünýäden doly peýdalanmaň
9. Biz «adamlary ýigrenmeýändigimizi» nädip görkezýäris?
9 Biz hem irki mesihçiler ýaly, zalym dünýäniň işlerine goşulmaýarys (Gal. 1:4). Emma muňa adamlaryň köpüsi düşünmeýärler. Hatda käbir adamlar bizi ýigrenýär. Olaryň käbiri biz «adamlary ýigrenýäris» öýtse-de, Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary öýden-öýe wagyz edip, her bir adama söýgümizi bildirýäris (Mat. 22:39; 24:14). Biz tizden Ýehowanyň Patyşalygynyň ähli bikämil ynsan hökümetlerini ýok etjekdigine ynanýandygymyz üçin, bu barada wagyz edýäris. Hudaýyň Patyşalygy Isanyň ýolbaşçylygynda adalatly täze dünýäni berkarar eder (Dan. 2:44; 2 Pet. 3:13).
10, 11. a) Biz dünýäden nädip peýdalanýarys? b) Oýa bolýan mesihçiler dünýäden doly peýdalanmaz ýaly nämeden gaça durýar?
10 Şeýtanyň dünýäsiniň tizden ýok edilýändigi üçin häzir gowy we rahat ýaşamaga tagalla etmegiň wagty däl. Pawlus resul şeýle diýdi: «Wagt gysgadyr... mal alanlar hem maly ýoklar ýaly, dünýäden peýdalanýanlar hem peýdalanmaýanlar ýaly bolsun, sebäbi dünýäniň häzirki ýagdaýy geçegçidir» (1 Kor. 7:29—31). Şu günler biz dünýäden nädip peýdalanýarys? Meselem, biz täze tehnologiýany we aragatnaşyk serişdelerini ulanyp, bütin dünýäde ýaşaýan adamlara ýüzlerçe dillerde Mukaddes Ýazgylary öwrenmäge kömek edýäris. Biz şeýle-de gündelik zerurlygymyz üçin zähmet çekip, gazanç edýäris we gerekli zatlary satyn alýarys. Emma biz dünýäden doly peýdalanmaýarys. Şol sebäpli, pul, zat we iş biziň üçin iň wajyp zat däl (1 Timoteos 6:9, 10-njy aýatlary okaň).
11 Mesihçiler bu dünýäniň teklip edýän ýokary bilimini wajyp saýman, ondan doly peýdalanmaýarlar. Dünýäde adamlaryň köpüsi gowy iş tapmak we köp pul gazanmak üçin uniwersiteti gutarmaly öýdýärler. Emma biz «wagtlaýyn ýaşaýjylar» ýaly beýle pikir etmeýäris. Biz dünýäde «özümizi ýokary tutmakdan», ýagny at-abraý gazanmakdan gaça durýarys (Rim. 12:16; Ýerem. 45:5). Biz Isanyň: «Habardar boluň! Özüňizi her hili betnebislikden goraň, çünki biriniň ýaşaýşy onuň mal-mülküniň bollugyna bagly däldir» diýen duýduryşyna gulak asýarys (Luka 12:15). Şol sebäpli ýaş mesihçiler Ýehowa gullugy wajyp saýmagy unutmaly däl. Olar Ýehowa bütin ýüregi, jany, güýji we düşünjesi bilen gulluk edip biler ýaly, bilim almaly (Luka 10:27). Olar şeýtseler, «Hudaýyň nazarynda baý bolar» (Luka 12:21; Matta 6:19—21-nji aýatlary okaň).
Zada gyzmaň
12, 13. Eger Isanyň Matta 6:31—33-nji aýatlardaky sözlerine eýersek, näme üçin bu dünýäden tapawutlanarys?
12 Ýehowanyň gullukçylarynyň maddy zatlara garaýşy beýleki adamlaryňkydan tapawutlanýar. Bu babatda Isa şägirtlerine: «Näme iýeris?», «Näme içeris?», «Näme geýeris?» diýip, gaýgy etmäň. Bütin bu zatlary başga milletler agtarýarlar; ýöne gökdäki Ataňyz bu zatlaryň barynyň size gerekdigini bilýär. Siz öňürti Hudaýyň Patyşalygyny, Onuň dogrulygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler» diýdi (Mat. 6:31—33). Ýehowanyň gullukçylarynyň köpüsi durmuşynda gökdäki Atamyzyň ähli gerek zady berýändigini görýärler.
13 «Baryňa kaýyl bolup, Hudaýyň ýolundan ýöremek uly gazançdyr» (1 Tim. 6:6). Şeýle garaýyş bu dünýädäki adamlaryň pikirine ters gelýär. Meselem, ýaş çatynjalar ähli zady — dürli mebelli we ýewro remontly öýi, gymmatbaha maşyny, soňky çykan elektron enjamlary — derrew edinmek isleýärler. Emma mesihçiler wagtlaýyn ýaşaýjylar hökmünde höweslerine erk edýärler we baryna kaýyl bolup ýaşaýarlar. Köp mesihçiler öwgüli sözlere mynasyp, sebäbi olar «rahat» durmuşdan ýüz öwrüp, Ýehowa gulluk etmäge köpräk wagtyny, güýjüni berýärler we hoş habary yhlasly wagyz edýärler. Beýlekiler bolsa pioner, beýtelçi, aýlanýan gözegçi we missioner bolup gulluk edýärler. Biziň ählimiz Ýehowa ýürekden gulluk edýän imandaşlarymyzyň gadyryny bilýäris!
14. Isanyň ekin tymsalyndan näme öwrenip bileris?
14 Isanyň ekin tymsalynda aýdyşy ýaly, «dünýäniň gaýgylary, baýlygyň aldawçylygy» ýüregimizde ekilen Hudaýyň sözüni bogup, bizi hasylsyz edip biler (Mat. 13:22). Biz bu dünýäde wagtlaýyn ýaşaýjylar hökmünde kanagatly ýaşasak, onda şol duzaga düşmeris. Gaýtam, gözümiz sag, ýagny sada bolup, bar ünsümizi Hudaýyň Patyşalygyna bereris we onuň bähbitlerini durmuşda birinji orunda goýarys (Mat. 6:22).
«Dünýä geçip gider»
15. Ýahýa resulyň haýsy sözleri mesihçileriň häzirki dünýä garaýşyna we özüni alyp barşyna täsir edýär?
15 Mesihçiler bu zalym dünýäniň günleriniň sanalgydygyna berk ynanýandygy üçin özlerini «ýat hem wagtlaýyn ýaşaýjylar» hökmünde alyp barýarlar (1 Pet. 2:11, TD; 2 Pet. 3:7). Şeýle ynam biziň gelýän kararymyza, isleg-arzuwymyza we maksatlarymyza täsir edýär. Ýahýa resul imandaşlaryna dünýäni, dünýädäki zatlary söýmezligi maslahat berýär, sebäbi «dünýä we onuň höwesleri geçip gider, kim Hudaýyň islegini ýerine ýetirse, baky galar» (1 Ýahýa 2:15—17).
16. Biz beýleki adamlardan tapawutlanýandygymyzy nädip görkezip bileris?
16 Ýehowa ysraýyllylara gulak assalar, «Öz saýlan halky» boljakdygyny aýtdy (Müs. çyk. 19:5). Ysraýyl halky Ýehowa wepaly mahaly, beýleki halklardan seždesi we ýaşaýşy bilen tapawutlanýardy. Ýehowa şu günler hem Şeýtanyň dünýäsinden düýpgöter tapawutlanýan halk döretdi. Bize şeýle öwüt-nesihat berilýär: «Hudaýsyzlygy, dünýewi höwesleri ret edip, mübärek umydymyz bolan beýik Hudaý we halasgärimiz Mesih Isanyň şöhrat içinde gelmegine garaşyp, häzirki dünýäde sagdyn düşünjeli, dogry we Hudaýyň ýoluna mynasyp ýaşaň... Mesih hemme ýazykdan gutulyp, Özüne degişli, ýagşylyk etmäge yhlasly halk bolmagymyz üçin, bizi tämizlejek bolup, Özüni biziň ugrumyzda pida etdi» (Titus 2:11—14). Şol «halk» mesh edilen mesihçilerden we olara kömek hem goldaw berýän millionlarça «başga goýunlardan» ybarat (Ýahýa 10:16).
17. Mesh edilen mesihçiler we başga goýunlar bu dünýäde wagtlaýyn ýaşaýjylar bolandygyna näme üçin hiç haçan ökünmezler?
17 Mesh edilen mesihçileriň Mesih bilen gökde höküm sürmäge «mübärek umydy» bar (Ylh. 5:10). Başga goýunlar bolsa, ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýärler. Olaryň şol umydy amala aşanda, indi olar zalym dünýäde wagtlaýyn ýaşaýjy bolmazlar. Başga goýunlaryň owadan öýleri, iýmäge we içmäge zady köp bolar (Zeb. 37:10, 11; Işaýa 25:6; 65:21, 22). Ysraýyllylardan tapawutlylykda, olar «bütin dünýäniň Hudaýy» Ýehowany hiç haçan unutmazlar (Işaýa 54:5). Mesh edilen mesihçiler we başga goýunlar bu zalym dünýäde wagtlaýyn ýaşaýjylar bolandygyna hemişe begenerler.
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Näme üçin Hudaýyň gadymy gullukçylaryna wagtlaýyn ýaşaýjylardy diýse bolar?
• Irki mesihçiler bu dünýä nähili garaýardy?
• Mesihçiler nädip dünýäden doly peýdalanmaýarlar?
• Biz bu dünýäde wagtlaýyn ýaşaýjylar bolandygymyza näme üçin hiç haçan ökünmeris?
[18-nji sahypadaky surat]
Irki mesihçiler zorlukly we ahlaksyz göwün açmalardan gaça durýardy