Olar «mukaddes ruh tarapyndan herekete gelip geplediler»
«Welilik hiç haçan adam islegi bilen dile gelen däldir; Hudaýyň mukaddes adamlary Mukaddes Ruh tarapyndan herekete gelip gepländirler» (2 PET. 1:21).
1. Bize Mukaddes Ýazgylar näme üçin gerek?
ADAMZAT nädip peýda boldy? Biz näme üçin ýer ýüzünde ýaşaýarys? Gelejegimiz nähili bolar? Dünýä näme üçin bulaşýar? Ölen adamlara näme bolýar? Köp adamlar özlerine şeýle soraglary berýär. Eger-de Hudaýyň ylhamly Sözi bolmadyk bolsa, şu we beýleki wajyp soraglaryň jogabyny bilerdikmi? Mukaddes Ýazgylar bolmadyk bolsa, biz diňe öz tejribämize bil baglamaly bolardyk. Şonda mezmurçynyň «Rebbiň kanuny» barada aýdan sözlerine düşünmezdik (Zebur 19:7-ni okaň).
2. Mukaddes Ýazgylara minnetdarlygymyzy nädip artdyryp bileris?
2 Gynansak-da, käbir adamlaryň Mukaddes Ýazgylara bolan ilkinji söýgüsi sowaşdy (Ylham 2:4-i deňeşdiriň). Olar indi Ýehowany begendirip ýaşamaýarlar (Işaýa 30:21). Goý, biziň hakykata bolan söýgimiz sowaşmasyn. Munuň üçin biz Mukaddes Ýazgylara we onuň taglymatlaryna minnetdarlygymyzy artdyrmaga çalyşmaly. Mukaddes Ýazgylar söýgüden doly Ýaradyjynyň beren gymmatbaha sowgadydyr (Ýakup 1:17). Biz «Hudaýyň sözüne» minnetdarlygymyzy nädip artdyryp bileris? Geliň, Hudaýyň Mukaddes Ýazgylary adamlaryň kömegi bilen ýazyşyna seredeliň. Bu kitabyň Hudaýdandygyny görkezýän käbir subutnamalary gözden geçireliň. Şonda Hudaýyň Sözüni her gün okap, maslahatlaryna eýeresimiz geler (Ýew. 4:12).
OLAR NÄDIP «MUKADDES RUH TARAPYNDAN HEREKETE GELIP GEPLEDILER»?
3. Mukaddes Ýazgylary ýazan pygamberler we ýazyjylar nädip «mukaddes ruh tarapyndan herekete gelip geplediler»?
3 Mukaddes Ýazgylary b. e. öň 1513-nji ýyldan başlap, b. e. 98-nji ýylyna çenli, ýagny 1610 ýylyň dowamynda 40-a golaý adam ýazdy. Käbir pygamberler «Mukaddes Ruh tarapyndan herekete gelip» pygamberlik etdiler (2 Petrus 1:20, 21-nji aýatlary okaň). Grek dilinden «herekete gelmek» diýip terjime edilen jümle «bir ýerden başga ýere äkidilmegi ýa-da göçürilmegi» aňladýar hem-de «höweslenmek, alyp barmak, getirmek»a diýen dürli manylary hem bar. Resullaryň işleri 27:15-de şol söz gäminiň ýele urlup, başga bir ugra kowlup äkidilmegini suratlandyrýar. Mukaddes Ýazgylary ýazan pygamberler we ýazyjylar «Mukaddes Ruh tarapyndan herekete geldi» diýilmegi, Hudaýyň olar bilen gürleşendigini we olara mukaddes ruhy arkaly täsir edip, görkezme berendigini aňladýar. Şeýlelikde, olar öz pikirini däl-de, Hudaýyň pikirini ýazdylar. Käte şol pygamberler we ýazyjylar aýdan hem ýazan sözlerine özleri-de düşünmeýärdiler (Dan. 12:8, 9). Hakykatdan-da, «Ýazgylaryň hemmesi Hudaýyň ylhamy» we ynsan pikirleri goşulan däldir (2 Tim. 3:16, 17).
4—6. Hudaý öz pikirini adamlara nädip ýazdyrdy? Mysal getir.
4 Hudaý öz pikirini mukaddes ruh arkaly adamlara nädip ýazdyrdy? Olara ýazmaly zatlaryny sözme-söz aýtdymy ýa-da olar berlen pikiri öz sözleri bilen ýazdymy? Hat ýazýan edara başlygyny göz öňüne getir. Aýratyn sözleri ýazmak wajyp bolsa, ol haty özi ýazýar ýa-da sekretaryna ýazmaly sözleri aýdýar. Sekretaryň ýazan hatynyň aşagynda başlyk goluny çekýär. Käte bolsa ol sekretaryna diňe wajyp pikirleri aýdýar. Şeýle ýagdaýda sekretar haty öz sözleri bilen ýazýar. Soňra başlygy haty başdan-aýak okap, sekretaryna düzetmeli ýerlerini aýdýar. Soňunda başlyk taýyn hatyň aşagyna adyny ýazyp, goluny çekýär. Adamlar ony başlykdan gelen hat hökmünde kabul edýär.
5 Şonuň ýaly Mukaddes Ýazgylaryň käbir bölümlerini «Hudaýyň hut Özi ýazypdy» (Müs. çyk. 31:18). Aýratyn sözleri ýazmak wajyp bolsa, Ýehowa pygamberine ýazmaly zatlaryny sözme-söz aýdypdyr. Meselem, Müsürden çykyş 34:27-ä laýyklykda, Ýehowa Musa: «Şu sözleri ýaz, çünki Men seniň bilen we Ysraýyl bilen şu sözleriň esasynda äht baglaşdym» diýdi. Şeýle-de Ýehowa Ýeremiýa pygambere: «Saňa aýtjak ähli sözlerimi kitaba ýaz» diýdi (Ýerem. 30:2).
6 Emma köp ýagdaýlarda Hudaý pygamberlerine ýazmaly zatlaryny sözme-söz aýtmandyr. Ýehowa olaryň ýüregine we aňyna gerekli pikirleri guýupdyr. Soňra olar şol pikirleri öz sözleri bilen ýazypdyrlar. Wagyzçy 12:10-da: «Ýygnagy çagyrýan ýakymly sözleri gözläp dogry hem hakykat sözlerini ýazdy» diýilýär. Luka bolsa: «Tä başyndan hemmesini üns bilen barlaşdyryp... ählisini bolşy ýaly, birin-birin» ýazýar (Luka 1:2, 4). Diýmek, Hudaý Mukaddes Ýazgylary adam bikämilligi täsir etmez ýaly edip ýazdyrdy.
7. Hudaýyň Mukaddes Ýazgylary adamlara ýazdyrmagy näme üçin paýhasly?
7 Hudaýyň Mukaddes Ýazgylary adamlara ýazdyrmagy paýhaslydyr. Adatça sözleriň kömegi bilen diňe bir maglumat däl-de, adamlaryň duýgulary hem berilýär. Eger Ýehowa Sözüni perişdelere ýazdyran bolsa näme? Olar adamlaryň gorkusyny, gaýgysyny, lapykeçligini beýan edip bilerdimi? Hudaý bikämil adamlara pikirleri öz sözleri bilen ýazmaga rugsat berdi. Netijede, Hudaýyň sözi adamlaryň ýüregine täsir edýär!
MUKADDES ÝAZGYLARYŇ HUDAÝDANDYGYNY NÄMELER SUBUT EDÝÄR?
8. Mukaddes Ýazgylar näme üçin beýleki dini kitaplardan tapawutlanýar?
8 Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýyň Sözüdigine ynanar ýaly ençeme subutnamalar bar. Mukaddes Ýazgylar başga dini kitaplardan tapawutlykda, Hudaýy tanamaga kömek edýär. Meselem, induizmiň mukaddes kitabynda dini däp-dessurlar, filosofiýa, rowaýatlar we ahlak düzgünleri barada aýdylýar. Buddizmiň mukaddes kitabynda monah erkekdir aýallaryň eýermeli düzgünleri we olaryň taglymatlary hem-de Buddanyň öwredýän zatlary düşündirilýär. Budda özüni hudaý-da hasaplamaýar, Hudaý barada-da köp zat aýtmaýar. Konfusiýanyň kitaplarynda geçmişde bolan zatlar, ahlak düzgünleri, jadygöýlük we aýdymlar barada aýdylýar. Şeýle-de yslamyň kitabynda bir Hudaýyň bardygy we onuň ähli zady, gelejegi-de bilýändigi barada öwredilýär. Emma Mukaddes Ýazgylarda müňlerçe gezek duş gelýän Ýehowanyň ady onda hatda agzalmaýar.
9, 10. Mukaddes Ýazgylardan Hudaý barada näme bildik?
9 Köp dini kitaplarda Hudaý barada örän az zat aýdylýar. Emma Mukaddes Ýazgylar bize Ýehowa Hudaý we onuň ähli eden işleri barada bilmäge ýardam edýär. Şeýle-de ondan Hudaýyň ähli häsiýetlerini bilýäris. Mukaddes Ýazgylarda Hudaý diňe bir adalatly, akyldar, güýçli däl-de, eýsem, bizi söýýändigi hem aýdylýar (Ýahýa 3:16; 1 Ýahýa 4:19-njy aýatlary okaň). Onsoňam, Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaý hiç kimi ala tutman, eýsem, her milletde kim Ondan gorksa, dogrulyk etse, şony kabul edýär» diýilýär (Res. iş. 10:34, 35). Mukaddes Ýazgylar köp dillere terjime edildi. Diýmek, Hudaý hiç kimi ala tutmaýar. Dilçileriň aýtmagyna görä, şu günler 6 700 dil bar we dünýä ilatynyň 90 prosenti takmynan 100 dilde gürleýär. Mukaddes Ýazgylar ýa-da onuň käbir kitaplary 2 400-den gowrak dile terjime edildi. Bütin dünýäde ýaşaýan adamlaryň ählisi diýen ýaly Mukaddes Ýazgylaryň hiç bolmanda käbir kitaplaryny ene dilinde okap bilýär.
10 Isa şeýle diýdi: «Meniň Atam henize çenli işläp ýör, Men hem işleýärin» (Ýahýa 5:17). Ýehowa «ezelden ebedi» Hudaý bolsa, onda Hudaýyň edýän ähli işleri barada oýlanyp gör! (Zeb. 90:2). Ýehowanyň geçmişde eden, häzir edýän we gelejekde etjek işleri barada diňe Mukaddes Ýazgylarda aýdylýar. Biz Hudaýy begendirip ýa-da gynandyryp bilýändigimizi hem-de oňa nädip ýakynlaşyp bolýandygyny bildik (Ýakup 4:8). Goý, yzarlamalar ýa-da kynçylyklar bizi Ýehowadan daşlaşdyrmasyn.
11. Biz Mukaddes Ýazgylardan nähili paýhasly maslahatlary tapyp bilýäris?
11 Mukaddes Ýazgylardaky çäksiz akyldarlyk onuň Hudaýyň Sözüdigini subut edýär. Pawlus resul şeýle ýazdy: «Rebbe öwüt berer ýaly, onuň pikirini kim bildi?» (1 Kor. 2:16). Bu aýat Işaýa pygamberiň: «Rebbiň ruhuna kim akyl ýetirdi? Kim Oňa maslahat berip bildi?» diýen döwürdeşlerine beren soragy bilen baglanyşykly (Iş. 40:13). Bu soraga hiç kim jogap berip bilmeýär. Nika, çaga terbiýelemek, göwün açma, gürrüňdeşlik, zähmetsöýerlik, dogruçyllyk we ahlaklylyk barada Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýermegiň gowy netije berýändigi geň galdyrmaýar! Biz Mukaddes Ýazgylardan hiç haçan erbet maslahatlary tapmarys. Adamlar bolsa hemişe peýdaly boljak paýhasly maslahat berip bilmeýär (Ýerem. 10:23). Olar öňki beren maslahatlarynyň nädogrydygyny görüp, köplenç garaýşyny üýtgedýär. Mukaddes Ýazgylarda «ynsan pikirleri boşdur» diýilýär (Zeb. 94:11).
12. Adamlar asyrlar boýy Mukaddes Ýazgylary nädip ýok etjek boldular?
12 Mukaddes Ýazgylaryň hak Hudaýdandygyny taryh hem subut edýär. Geçmişde köp adamlar Hudaýyň Sözüni ýok etjek boldular. B. e. öň 168-nji ýylda Siriýanyň patyşasy Antioh IV Töwrat, Zebur we Pygamberler kitaplarynyň ählisini tapyp otlamagy buýurdy. Rim imperatory Diokletian b. e 303-nji ýylynda mesihçileriň ýygnanyşýan ýerlerini ýok etmegi we Mukaddes Ýazgylaryny ýakmagy buýurdy. Şeýle ýagdaý onlarça ýyl dowam etdi. XI asyrdan başlap rim papalary sada halk Mukaddes Ýazgylara düşünmez ýaly, onuň başga dillere terjime edilmezligi üçin elinde baryny etdiler. Şeýtan we onuň ýaranlary Mukaddes Ýazgylary ýok etmek üçin jan etseler-de, Hudaýyň Sözi şu günlere çenli abat saklandy. Ýehowa adamlara beren sowgadyny hiç kime ýok etmäge ýol bermedi.
KÖP ADAMLARY YNANDYRAN SUBUTNAMALAR
13. Mukaddes Ýazgylaryň ylhamlanandygyny nämeler subut edýär?
13 Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýdandygyna başga-da subutnamalar bar. Meselem, kitaplaryň özara sazlaşygy, ylmy taýdan dogrulygy, ýerine ýeten pygamberlikler, ýazyjylaryň dogruçyllygy, adamlaryň durmuşyny üýtgetmegi, anyk taryhy wakalar we 1-nji abzasda agzalan soraglaryň jogaplary. Käbir adamlar Mukaddes Ýazgylaryň ylhamlanandygyna näme üçin ynandylarka? Geliň, bileliň.
14—16. a) Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýdandygyna üç adamy näme ynandyrdy? b) Sen wagyzda adamlary Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýdandygyna nädip ynandyrýarsyň?
14 Anwarb Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň birinde musulman maşgalada ulaldy. Ol Demirgazyk Amerikada wagtlaýyn ýaşap ýörkä, Ýehowanyň Güwäçileri bilen gürrüňdeş bolýar. «Şol wagtlar men hristian dinini halamaýardym, sebäbi olar geçmişde Hudaýyň adyndan köp erbetçilikler edipdiler. Ýöne men bilesigeliji adam bolandygym üçin, Mukaddes Ýazgylary öwrenip başladym» diýip, Anwar gürrüň berýär. Tizden Anwar öz ýurduna dolanmaly bolýar we Ýehowanyň Güwäçileri bilen gatnaşygyny ýitirýär. Ençeme ýyldan ol Ýewropa göçýär we Mukaddes Ýazgylar okuwyny dowam edýär. Ol şeýle netijä geldi: «Meni pygamberlikleriň ýerine ýetmegi, Mukaddes Ýazgylaryň başdan-aýak bir esasy temasynyň bolmagy, aýatlaryň bir-birine garşy gelmeýändigi we Ýehowanyň gullukçylarynyň arasyndaky söýgi Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýyň Sözüdigine ynandyrdy». Anwar 1998-nji ýylda suwda çokundyryldy.
15 16 ýaşly Aýşa hindi maşgalasynda ulaldy. «Men Hudaýa diňe ybadathana baranymda ýa-da kyn günlerimde doga edýärdim, ýöne durmuşym gülala-güllük mahaly Hudaý hakda asla pikir etmezdim» diýip, Aýşa gürrüň berip, soňra sözüni şeýle dowam edýär: «Günlerde bir gün Ýehowanyň Güwäçileri gapymyzy kakanda welin, durmuşym düýbünden üýtgedi». Aýşa Mukaddes Ýazgylary öwrenip, Hudaý bilen dostlaşdy. Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýdandygyna ony näme ynandyrdyka? Ol şeýle düşündirýär: «Mukaddes Ýazgylar meniň ähli soragyma jogap berdi. Hudaýy görmesem-de, ybadathana baryp, buta tagzym etmesem-de, men Hudaýa ynanyp başladym».
16 Paula katolik maşgalada ulaldy, ýöne ýetginjek döwri Hudaýyň barlygyna şübhelenip başlady. Soňra bir waka onuň düşünjesini üýtgetdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men ençeme aýlap görmedik dostuma duşdum. Şol döwür köp adamlar uzyn saç ösdürýärdi we neşe çekýärdi. Dostum welin, üýtgäpdir. Ol saçyny kesdiripdir we örän şadyýandy. Men ondan näme bolandygyny we nirelerde bolandygyny soradym. Ol Ýehowanyň Güwäçileri bilen Mukaddes Ýazgylary okaýandygyny aýtdy-da, maňa wagyz etdi». Paula Mukaddes Ýazgylaryň dostuny üýtgedendigini görüp, hoş habar bilen gyzyklandy we onuň Hudaýdandygyna ynandy.
«SÖZÜŇ AÝAKLARYMA ÇYRA»
17. Her gün Mukaddes Ýazgylary okasaň we oýlansaň, näme öwrenersiň?
17 Mukaddes Ýazgylar Ýehowanyň ruhy arkaly adamlara beren ajaýyp sowgadydyr. Hudaýyň Sözüni her gün okasak, Hudaýa we oňa bolan söýgimiz artar (Zeb. 1:1, 2). Her gezek Mukaddes Ýazgylary okamazdan öň, doga etmeli we okan zatlarymyza düşüner ýaly, Hudaýdan mukaddes ruhuny dilemeli (Luka 11:13). Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň pikirleri bar. Onda aýdylan zatlar hakynda oýlansak, Hudaý ýaly pikir etmegi öwreneris.
18. Näme üçin sen Mukaddes Ýazgylary öwrenmegi dowam etmek isleýärsiň?
18 Mukaddes Ýazgylardaky hakykat barada bilim almagy dowam edip, öwrenen zatlaryňa eýer (Zebur 119:105-i okaň). Mukaddes Ýazgylary okamagy aýna seretmek bilen deňeşdirse bolýar. Eger sen käbir gylyk-häsiýetleriňi üýtgetmeli bolsaň, onda üýtgetseň gowy bolar (Ýakup 1:23—25). Hudaýyň Sözüni gylyç kimin ulanyp, dini düşünjeleriňi gora we ýumşak adamlaryň ýüreginden ýalan taglymatlary kesip aýyr (Efes. 6:17). Galyberse-de, Hudaýyň Sözüni «Mukaddes ruh tarapyndan herekete gelip» ýazan adamlara we pygamberlere minnetdar boluň.
a A Greek-English Lexicon of the New Testament and Other Early Christian Literature.
b Käbir atlar üýtgedildi.
[29-njy sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]
Mukaddes Ýazgylary her gün okasaň, Awtoryna söýgiň artar
[26-njy sahypadaky surat]
Hatyň aşagynda kimiň goly çekilen bolsa, şol adamdan gelen hasaplanýar