«Wagtlaýyn ýaşaýjylar» agzybir sežde edýärler
«Kesekiler gelip, sürüleriňizi bakarlar, ýat halklar daýhanyňyz, bagbanyňyz bolar. Size bolsa Rebbiň ruhanylary... diýerler» (IŞ. 61:5, 6).
1. Käbir adamlar gelmişeklere nähili garaýarlar, emma bu näme üçin nädogry?
GEÇEN makaladan bilşimiz ýaly, adamlar «gelmişek» diýen sözi kemsitmek, göwne degmek ýa-da asla ýigrenýändigini görkezmek üçin ulanýarlar. Olar özlerini gelmişeklerden ýokary tutup, äsgermezlik edýärler. Şeýle garaýyşdaky adamlar wajyp bir hakykaty unudýarlar. Bir kitapda şeýle diýilýär: «Mukaddes Ýazgylarda aýdylmagyna görä ynsan milletleri birek-birege dogan bolmaly» (The Races of Mankind). Elbetde, doganlar köplenç biri-birinden az-owlak tapawutlanýar, emma olar şonda-da dogan ahyryn.
2, 3. Ýehowa gelmişeklere nähili garaýar?
2 Biz nirede ýaşaýan bolsak-da, aramyzda gelmişekler, ýagny başga ýerden göçüp gelen adamlar ýaşaýar. Gadymy ysraýyllaryň arasynda hem gelmişekler ýaşaýardylar. Olar Musa berlen Äht kanuny esasynda Ýehowa Hudaý bilen aýratyn gatnaşykda bolupdylar. Başga milletden bolan adamlaryň hukugy çäkli bolsa-da, ysraýyllar olara sylag-hormat goýup, ýagşylyk etmelidiler. Biziň üçin, gör, nähili ajaýyp görelde! Mesihçileriň arasynda birek-birege bolan öňden galan ters pikir bolmaly däl. Näme üçin? Petrus resul şeýle diýdi: «Hudaýyň hiç kimi ala tutman, eýsem, her milletde kim Ondan gorksa, dogrulyk etse, şony kabul edýändigine göz ýetirdim» (Res. iş. 10:34, 35).
3 Gadym döwürde ysraýyllar bilen ýakyndan gatnaşmagy gelmişeklere peýda getirýärdi. Ençeme ýyldan soň, Pawlus resulyň ýazan hatyndan Ýehowanyň gelmişeklere nähili garaýandygyny görse bolýar. Ol şeýle sözler ýazypdy: «Eýsem, Hudaý diňe ýehudylaryň Hudaýymy? Özge milletleriňki hem dälmi? Ol, elbetde, olaryň hem Hudaýy» (Rim. 3:29; Ýowel 2:32).
4. Näme üçin «Hudaýyň Ysraýylynyň» arasynda gelmişek ýok diýse bolar?
4 Hudaý ysraýyllaryň ýerine mesh edilen mesihçiler bilen täze äht baglaşdy. Şeýdip mesh edilenlere Ýehowa bilen ýakyn aragatnaşykda bolmaga mümkinçilik açyldy. Şonuň üçin olara «Hudaýyň Ysraýyly» diýildi (Gal. 6:16). Pawlus bu täze halk barada: «Grek we ýehudy, sünnetlilik we sünnetsizlik, warwar, skif, gul we azat arasynda parh ýok, ýöne Mesih her zatdyr, her zatdadyr» diýip düşündirdi (Kol. 3:11). Şonuň üçin mesihçileriň ýygnagynda hiç kimi keseki ýa-da gelmişek hasaplamaly däldir.
5, 6. a) Işaýa 61:5, 6-njy aýatlardaky sözlerden nähili sorag ýüze çykmagy mümkin? b) Işaýada aýdylýan «Rebbiň ruhanylary» we «kesekiler» kimleri aňladýar? ç) Bu iki topar bilelikde nähili işi ýerine ýetirýärler?
5 Emma Işaýa kitabynyň 61-nji babyndaky mesihçileriň ýygnagyna degişli weliligi görüp, käbirleri geň galmagy mümkin. Sebäbi bu babyň 6-njy aýatynda «Rebbiň ruhanylary» barada aýdylýar. 5-nji aýatynda bolsa, «ruhanylara» kömek edýän «kesekiler», ýagny gelmişekler hakda agzalýar. Muňa nähili düşünse bolar?
6 «Rebbiň ruhanylary» mesh edilen mesihçileri aňladýar. Olar «Ilkinji direlişde» direldiler we «Mesihiň ruhanylary bolup, Onuň bilen bile müň ýyl höküm sürerler» (Ylh. 20:6). Mundan başga-da, ýerde ýaşamaga umyt edýän ençeme wepaly mesihçiler hem bar. Elbetde, olar gökde höküm sürjekler bilen bilelikde işleşip, ýakyndan gatnaşýarlar. Emma «Hudaýyň Ysraýylynyň» agzasy bolmandygy sebäpli, olara göçme manyda «keseki» diýse bolar. Ýerde ýaşajak mesihçiler «Rebbiň ruhanylaryny» goldap, olar bilen bilelikde işleşýärler hem-de olaryň «daýhanlary» we «bagbanlary» hökmünde gulluk edýärler. Hawa, olar adamlara Hudaýa şöhrat getirýän ruhuň miwesini ösdürmäge kömek edip, olaryň ruhy taýdan aladasyny edýärler. Dogurdan-da, hem mesh edilenler, hem «başga goýunlar» Hudaýa ebedi gulluk etmek isleýän adamlary tapýarlar we olary söýgi bilen ruhy taýdan bakýarlar (Ýahýa 10:16).
YBRAÝYM ÝALY WAGTLAÝYN ÝAŞAÝJYLAR
7. Mesihçileriň Ybraýym we başga-da ençeme wepaly adamlar bilen näme meňzeşligi bar?
7 Geçen makalada aýdylyşy ýaly, hakyky mesihçiler Şeýtanyň zalym dünýäsinde gelmişek we wagtlaýyn ýaşaýjylar ýaly ýaşaýarlar. Olar hem Ybraýym we gadymy döwürde ýaşan ençeme wepaly adamlar ýaly «özleriniň ýer ýüzünde ýat hem mysapyrdyklaryny boýun alýarlar» (Ýew. 11:13). Nirede ýaşamaga umydymyz bolsa-da: gökde bolsun, ýerde bolsun, Ybraýym ýaly biziň hem Ýehowa bilen dostlaşmaga mümkinçiligimiz bar. Ýakup şeýle düşündirdi: «„Ybraýym Hudaýa iman getirdi, bu oňa dogrulyk saýyldy“ diýen Ýazgy-da ýerine ýetip, oňa Hudaýyň dosty diýildi» (Ýakup 2:23).
8. Ýehowa Ybraýyma nämäni wada etdi we onuň ýerine ýetjekdigi barada Ybraýym näme pikir edýärdi?
8 Hudaý Ybraýymyň nesilleri arkaly diňe bir milletiň däl, eýsem, ýer ýüzündäki ähli maşgalalaryň pata aljakdygyny wada berdi (Gelip çykyş 22:15—18-nji aýatlary okaň)a. Hudaýyň beren bu wadasy uzak gelejekde ýerine ýetmeli bolsa-da, Ybraýym onuň ýerine ýetjekdigine ynanýardy. Ol ömrüniň köp bölegini öý-içerisi bilen bir ýerden beýleki ýere göçüp-gonup geçirdi we Ýehowa bilen dostlugyny saklady.
9, 10. a) Biz nädip Ybraýymyň göreldesine eýerip bileris? b) Biz adamlara nähili çakylygy ýetirip bilýäris?
9 Ybraýym berlen wadanyň haçan ýerine ýetjekdigini bilmese-de, onuň Ýehowa bolan söýgüsi we wepalylygy hiç gowşamandy. Ol haýsy-da bolsa bir ýurtda hemişelik ornaşmagyň pikirini-de etmeýärdi (Ýew. 11:14, 15). Biz hem baýamak, il arasynda at-abraý gazanmak we wezipä kowalaşmak barada pikir etmän, Ybraýymyň göreldesine eýerip, ýönekeý ýaşasak, gör, nähili paýhasly bolar! Tizden soňy ýetip gelýän dünýäde amatly ýaşaýşy gözlemek nämä gerek? Geçegçi dünýäniň nämesini söýjek diýsene!? Gaýtam, biz hem Ybraýym ýaly gelejekde boljak has gowy zatlara garaşýarys. Hawa, biz umydymyz amala aşýança sabyrly garaşmaga taýýardyrys (Rimliler 8:25-i okaň).
[25-nji sahypadaky surat]
Sen Hudaýyň wadalarynyň ýerine ýetmegine Ybraýym ýaly garaşýarmyň?
10 Ýehowa häzir hem ähli milletleri Ybraýymyň nesli arkaly pata almak üçin çagyrýar. «Rebbiň ruhanylary» we «gelmişek» hasaplanylýan başga goýunlar hem bütin dünýä boýunça 600-den gowrak dilde adamlara bu çakylygy ýetirýärler.
ÄHLI MILLETLERI SÖÝÜŇ
11. Süleýman patyşa ähli milletlere bolan garaýşyny nädip görkezdi?
11 B. e. öň 1026-njy ýylda Süleýman patyşa ybadathananyň dabaraly açylyşyny gurnaýar. Şonda ol eden dogasynda ähli milletleriň Ýehowany bilelikde şöhratlandyrjakdygyny belläp geçýär. Süleýman ýürekden şeýle doga edýär: «Halkyň ysraýyldan bolmadyk, ýöne Seniň beýik adyň, gudratyň hem-de Öz halkyň üçin eden beýik işleriň barada eşidip, uzak ýurtdan gelen keseki şu öýde dileg etse, Sen Öz gökdäki mesgeniňde ony eşit-de, dünýäniň ähli halklarynyň ysraýyl halky ýaly Seniň adyňy bilip, Senden gorkar... ýaly, kesekiniň dilegine-de jogap ber» (1 Pat. 8:41—43).
12. Käbir adamlar näme üçin Ýehowanyň Güwäçilerini «keseki» saýmaklary mümkin?
12 Başga ýurtdan ýa-da milletden bolan adamy köplenç keseki ýa-da gelmişek hasaplaýarlar. Ýehowanyň Güwäçilerine-de, göçme manyda, gelmişek diýse bolar. Olar esasan Isanyň hökümdarlygyna, ýagny Hudaýyň gökdäki Patyşalygyna boýun bolýarlar. Şol sebäpli olar şu günki jemgyýetde adaty hasaplanýan zatlarda, ýagny syýasy meselelerde bitaraplygy saklaýarlar.
[27-nji sahypadaky surat]
Ýehowa hiç bir adamy gelmişek hasaplamaýar
13. a) «Keseki» diýlen düşünje haýsy manyda ähmiýetsiz hasaplanýar? b) «Keseki» diýlen pikir Ýehowanyň ilikibaşdaky maksadyna laýyk gelýärmi? Düşündiriň.
13 Keseki, ýagny gelmişek adamlary köplenç käbir aýratynlyklaryna görä tanasa bolýar. Ähtimal olaryň dili, däp-dessurlary, ýüz-keşbi ýa-da geýnişi tapawutlanýandyr. Emma iň wajyp meselelerde olar başga milletlerden tapawutlanmaýar. Diýmek, şol aýratynlyklara üns berilmese, keseki ýa-da gelmişek diýlen sözler öz manysyny ýitirýär. Eger bütin dünýäniň üstünden ýeke-täk häkimiýet höküm süren bolsa-dy, onda syýasy taýdan hiç kim gelmişek hasaplanmazdy. Aslynda, Ýehowanyň ilkibaşdaky islegine görä ähli adamzat nesli bir maşgala bolup, ýeke-täk, ýagny Hudaýyň hökümdarlygynyň raýatlary bolmalydy. Häzirki dünýäde ähli milletler üçin şeýle mümkinçilik bolarmyka?
14, 15. Ýehowanyň Güwäçileriniň hemmesi başgalara nähili garamagy öwrendiler?
14 Adamlaryň diňe özüni bilýän we milletparaz dünýäsinde milli serhetlere üns bermeýänleriň hem bardygyny bilmek, diýseň ruhlandyrýar. Elbetde, başgalara bolan ters düşünjäni ýeňmek aňsat bolmazlygy mümkin. «Si-en-en» atly telekanaly döreden we dürli milletden bolan zehinli adamlar bilen işleşen Ted Týorner şeýle gürrüň berýär: «Bu adamlar bilen iş salyşmaklyk meniň tejribämi diýseň baýlaşdyrdy. Men indi başga ýurtdaky adamlara «gelmişek» ýaly däl-de, ýer şarymyzyň ýaşaýjysy hökmünde garaýaryn. Men «gelmişek» sözüni kemsidiji söz hasaplaýaryn we Si-en-eniň ýaýlymlarynda we ofisinde bu sözi ulanmazlygy düzgün etdim. Oňa derek, biz indi «halkara» diýen sözi ulanýarys».
15 Bütin dünýäde diňe Ýehowanyň Güwäçileri Hudaýyň garaýşyna laýyk pikir edýärler. Olaryň duýgusy we pikiri özge milletler bilen ýakyn gatnaşykda bolmaga päsgel bermeýär, sebäbi olar ähli zada Ýehowanyň garaýşy ýaly garamagy öwrenýärler. Ýehowanyň gullukçylary başga milletden bolan adamlara ynamsyzlyk, şübhe, ýigrenç bilen seretmän, eýsem, olaryň aýratynlyklarynyň we ukyplarynyň ajaýyp taraplaryna üns berýärler. Sen hem başga milletli adamlar bilen gatnaşanyňda şu zatlar hakda oýlanypdyňmy? Bu saňa nähili peýda getirdi?
HIÇ KIMIŇ GELMIŞEK BOLMAJAK WAGTY
16, 17. Ylham 16:16-daky we Daniýel 2:44-däki pygamberlikleriň ýerine ýetjekdigi saňa nähili täsir edýär?
16 Tizden, «ýewreýçe Armageddon diýen» söweşde Isa Mesih we onuň gökdäki goşuny Hudaýyň hökümdarlygyna garşy çykýan ähli milletleri ýok eder (Ylh. 16:14, 16; 19:11—16). 2 500 ýyl gowrak mundan öň, Daniýel pygamber Hudaýyň islegine garşy gidýän adamzat häkimiýetleriniň soňy hakda şeýle welilik etdi: «Şol patyşalaryň döwründe gökdäki Hudaý hiç wagt dargadylmajak, başga halkyň eline geçmejek bir patyşalyk gurar. Bu patyşalyk beýleki patyşalyklaryň ählisini ýok edip, olaryň soňuna çykar, özi bolsa ebedilik galar» (Dan. 2:44).
17 Bu pygamberligiň ýerine ýetmeginiň saňa nähili täsir etjekdigi hakda oýlanyp gör. Adamlary birek-birege keseki we gelmişek edýän döwlet serhetleri ýok ediler. Olaryň egin-eşikleri we ýüz keşbi tapawutlansa-da, bu bize Hudaýyň ýaradan zatlarynyň arasyndaky dürli-dürlüligiň ajaýypdygyny ýatladar. Şeýle gelejek biziň ählimizi Ýaradyjymyz Ýehowa Hudaýy mundan beýläk-de bar güýjümiz bilen şöhratlandyrmaga höweslendirýär.
18. «Keseki» we «gelmişek» diýen düşünjeleri ýeňip bolýandygyny näme subut edýär?
18 Bütin dünýäde şeýle özgerişlikleriň boljakdygyna ynansa bolarmy? Elbetde ynansa bolar. Sebäbi Ýehowanyň Güwäçileriniň arasynda «keseki» we «gelmişek» diýen sözler eýýäm öz manysyny ýitirdi. Olar biri-biriniň milletine üns bermeýärler. Meselem, Hudaýyň Patyşalygy hakdaky hoş habary wagyz etmek işine has üstünlikli gözegçilik etmek üçin, ýaňy ýakynda, olaryň käbir kiçiräk filiallary birleşdi (Mat. 24:14). Filiallaryň birleşmegi milletler arasyndaky göçme manydaky serhetleri aýyrdy. Bu bolsa, Hudaýyň bellän, tizden «ýeňip çykjak» Patyşasynyň ynsan döwletleriniň arasyndaky araçägi ýok edýändiginiň aýdyň subutnamasydyr (Ylh. 6:2).
19. Hakykat dili nähili mümkinçiliklere ýol açdy?
19 Dürli milletden bolan we dürli dillerde gepleýän Ýehowanyň Güwäçileri päk dili, ýagny hakykat dilini goramak üçin jan edýärler. Bu bolsa, ýykyp bolmajak agzybirligi döredýär (Sefanýa 3:9-y okaň)b. Olar halkara maşgalanyň agzasy bolsalar-da, özlerini zalym dünýäden aýry tutýarlar. Hawa, gelejekde gelmişek diýlen düşünje asla bolmaz. Emma Hudaýyň gullukçylary häzirden halkara maşgala gatnaşygyndan lezzet alýarlar. Täze dünýäde ähli adamlar: «Mukaddes Ýazgylarda aýdylmagyna görä ynsan milletleri birek-birege dogan bolmaly» diýen sözleriň hakykatdygyna göz ýetirip, diýseň begenerler (The Races of Mankind).
a Gelip çykyş 22:15—17 Rebbiň perişdesi gökden Ybraýymy ikinji gezek çagyryp, oňa: «Reb şeýle diýýär: „Men Öz adymdan ant içýärin. Seniň bu işi edendigiň üçin, ýagny öz ýalňyz ogluňy Menden gaýgyrmandygyň üçin, Men hakykatdanam seni ýalkap, seniň nesliňi asman ýyldyzlarydyr deňiz ýakasynyň çägeleri deý köpelderin. Seniň nesliň öz duşmanlaryndan üstün çykar. 18 Meniň sözüme gulak asandygyň üçin, ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesilleriňden pata alarlar“» diýdi.
b Sefanýa 3:9 Men şonda hemmeleriň Maňa ybadat edip, Agzybirlik bilen Maňa gulluk ederleri ýaly, Milletlere päk dil bererin.
Sen gelejekde ynsan häkimiýetleriniň arasyndaky serhetleriň we «keseki» ýa-da «gelmişek» diýlen düşünjeleriň bolmajak wagtyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarmyň?