Okyjylaryň sowallary
Gelip çykyş 6:2, 4-nji aýatlarda agzalýan we Tupandan öň ýaşan «Hudaý ogullary» kimlerdi?
Bu ýerde Hudaýyň ruhy ogullary göz öňünde tutulýar. Şeýle netijä gelmegiň degerli sebäpleri bar. Ol nähili sebäpler?
2-nji aýatda şeýle diýilýär: «Hudaý ogullary adamzat gyzlarynyň owadanlygyny görüp, öz halanlaryny aýallyga aldylar» (Gel. çyk. 6:2).
Gelip çykyş kitabyndaky «Hudaý ogullary» diýlen jümle Ýewreý Ýazgylarynyň başga ýerlerinde hem duş gelýär. Meselem, Eýýup 1:6; 2:1; 38:7-nji aýatlaryň Täze Dünýä terjimesinde «Hak Hudaýyň ogullary» hakda aýdylýar. Araz Parwişiň türkmen dilindäki terjimesinde Zebur 89:6-da olara «perişdeler» diýilýär. Bu aýatlar «Hudaý ogullary» diýlen jümläniň kime degişlidigini nädip aýan edýär?
Eýýup 1:6-da «Hak Hudaýyň ogullary» diýlip, Ýehowanyň huzuryna ýygnanyşan ruhy şahsyýetlere aýdylýandygy aýdyň görünýär. Olaryň arasynda «ýer ýüzüne aýlanyp» ýören Şeýtan hem bardy (Eýýup 1:7; 2:1, 2, TD). Şonuň ýaly-da, Eýýup 38:4—7-nji aýatlarda (TD) Ýehowa ýeri ýaradanda «Hak Hudaýyň ogullarynyň» örän «begenişendikleri» beýan edilýär. Şol wagt adamlar entek ýaradylmandy. Diýmek, «Hudaý ogullary» diýlen jümle perişdeleri aňladýar. Munuň şeýledigi Zebur 89:6-dan hem aýdyň görünýär.
Onda Gelip çykyş 6:2, 4-nji aýatlarda agzalýan «Hudaý ogullary» diýlen jümle kime degişli? Ýokarda getirilen delilleri göz öňünde tutup, olara-da Hudaýyň ýer ýüzüne gelen perişdeleri diýsek ýerlikli bolar.
Käbir adamlara perişdeleriň jynsy gatnaşyk etmäge islegi bolandygy bilen ylalaşmak kyn bolýar. Isanyň Matta 22:30-da aýdan sözleri gökde nikanyň we jynsy gatnaşyklaryň ýokdugyny görkezýär. Emma perişdeler käte ynsan bedenine öwrülip, adamlar bilen iýip-içýärdiler (Gel. çyk. 18:1—8; 19:1—3). Diýmek, ynsan bedenine öwrülen perişdeler aýallar bilen jynsy gatnaşyk hem edip bilýärdi diýen netijä gelse bolýar.
Käbir perişdeleriň şeýle edendigini anyk aýtmaga Mukaddes Ýazgylara esaslanan sebäpler bar. Ýahuda 6, 7-de azgyn höweslerine eýeren Sodomyň ýaşaýjylary ruhy şahsyýetler bilen, ýagny «öz mertebelerini saklaman, mesgenlerini terk eden perişdeler» bilen deňeşdirilýär. Şol aýatlarda perişdeler bilen sodomlylaryň arasynda nähili meňzeşligiň bolandygy görkezilýär: olar «zynahorluga berlip, jyns azgynlygyna eýerdiler». Şoňa meňzeş pikir 1 Petrus 3:19, 20-de hem bar. Ol ýerde pitneçi perişdeler bilen «Nuhuň günlerindäki» adamlaryň arasyndaky meňzeşlik görkezilýär (2 Pet. 2:4, 5). Diýmek, Nuhuň günlerindäki perişdeleriň eden işlerini Sodom we Gomorranyň ýaşaýjylarynyň eden günäleri bilen deňeşdirse bolýar.
Şu getirilen delilleri göz öňünde tutsak, Gelip çykyş 6:2, 4-nji aýatlarda agzalan «Hudaý ogullary» diýlen jümläniň ynsan bedenine öwrülip, aýallar bilen jynsy ahlaksyzlyk eden perişdelere degişlidigine düşünýäris.
Mukaddes Ýazgylarda Isanyň «tussagdaky ruhlara wagyz edendigi» aýdylýar (1 Pet. 3:19). Bu nämäni aňladýar?
Petrus resul bu ruhlar hakda şeýle diýdi: «Olar bir wagtlar, Nuhuň günlerinde gämi ýasalyp ýörkä, Hudaýyň sabyrly garaşýan wagty pitneçi bolupdylar» (1 Pet. 3:20). Görşümiz ýaly, Petrus ruhy şahsyýetleri, ýagny Şeýtanyň yzyna eýeren perişdeleri göz öňünde tutupdy. Ýahuda resul şol perişdeleriň «öz mertebelerini saklaman, mesgenlerini terk edendigini» we Hudaýyň olary «ebedi zynjyrlar bilen baglap, tümlük astynda magşar günüň hökümine saklaýandygyny» belläp geçýär (Ýahuda 6).
Şol ruhy şahsyýetler Nuhuň günlerinde nädip pitneçi boldular? Tupandan öň, şol zalym perişdeler Hudaýdan birugsat iş etdiler, ýagny ynsan bedenine öwrüldiler (Gel. çyk. 6:2, 4). Üstesine-de, olar ruhy şahsyýetlere mahsus bolmadyk zady, ýagny aýallar bilen jynsy gatnaşyk edip başladylar. Hudaýyň niýetine görä perişdeler beýle işi etmeli däldi (Gel. çyk. 5:2). Şonuň üçin Ýehowa bu gulak asmazak we pitneçi perişdeleri wagty gelende ýok etmekçi. Emma häzir, Ýahudanyň aýtmagyna görä, olar «tümlük astynda», ýagny göçme manydaky ruhy tussaglykda ýerleşýärler.
Isa «tussagdaky ruhlara» haçan we nädip wagyz etdi? Petrusyň aýtmagyna görä, Isa muny ruhy şahsyýet bolup direlenden soň edipdi (1 Pet. 3:18, 19). Üns beren bolsaňyz, Petrus resul Isa «wagyz etdi» diýip, öten zaman görnüşinde aýdýar. Diýmek, bu waka Petrus birinji hatyny ýazmanka bolupdyr. Görşümiz ýaly, Isa zalym perişdelere ruhy şahsyýet bolup direlensoň wagyz edipdir, ýagny olara garaşýan adalatly hökümiň boljakdygyny habar beripdir. Isa olara umyt beriji habary däl-de, olara garaşýan betbagtçylyk barada wagyz etdi (Ýunus 1:1, 2). Bu wakadan öň Isa Hudaýa bolan imanyny hem-de wepalylygyny ölümine çenli saklady we soňra direldi. Bu bolsa Iblisiň Isanyň üstünden hiç hili erk-ygtyýarynyň ýokdugyny subut etdi we gazaply hökümi wagyz etmäge ýol açdy (Ýahýa 14:30; 16:8—11).
Gelejekde Isa Şeýtany we şol pitneçi perişdeleri zynjyr bilen baglap, düýpsüz çuňluga zyňar (Luka 8:30, 31; Ylh. 20:1—3). Emma şoňa deňeç, gulak asmazak perişdeler göçme manydaky ruhy tümlükde gezerler we özlerine garaşýan jezadan gaçyp bilmezler (Ylh. 20:7—10).