Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w13 15/6 sah. 17—21
  • Ýehowanyň wepalylygyny we geçirimliligini gymmat saýyň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowanyň wepalylygyny we geçirimliligini gymmat saýyň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ÝEHOWA — WEPALY HUDAÝ
  • ÝEHOWANYŇ WEPALYLYGYNA EÝERIŇ
  • ÝEHOWA — GEÇIRIMLI HUDAÝ
  • ÝEHOWANYŇ GEÇIRIMLILIGINDEN GÖRELDE ALYŇ
  • ÝEHOWANYŇ HÄSIÝETLERINI HEMIŞE GYMMAT SAÝYŇ
  • Ýehowa geçirimli Hudaý
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Ýehowanyň bagyşlaýandygyna ynanyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Geçirimli Ýehowa Hudaýa taý geljek ýokdur!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
w13 15/6 sah. 17—21

Ýehowanyň wepalylygyny we geçirimliligini gymmat saýyň

«Ýa Reb, Sen gowy, geçirimlisiň,Özüňi çagyrýanlaryň ählisine merhemete baýsyň». ZEB. 86:5

DÜŞÜNDIRIP BILERSIŇIZMI?

  • Biz Ýehowanyň wepalylygyna nädip eýerip bileris?

  • Biz Ýehowanyň geçirimliligine nädip eýerip bileris?

  • Sen näme üçin Ýehowanyň häsiýetlerini mundan beýläk-de gymmat saýmak isleýärsiň?

1, 2. a) Biz wepaly we geçirimli dostlarymyzy näme üçin gymmat saýýarys? b) Biz haýsy soraglara serederis?

SIZIŇ pikiriňizçe, hakyky dost nähili bolmaly? Eşli atly uýamyz şeýle diýýär: «Meniň pikirimçe, hakyky dost — kömek etmäge taýyn we ýalňyşlyk edeniňde bagyşlaýan adam bolmaly». Biziň hemmämiz dostlarymyzyň wepalylygyny we geçirimliligini gymmat saýýarys. Olar bize özümizi ynamly duýmaga we söýülýändigimizi bilmäge kömek edýär (Sül. tym. 17:17).

2 Ýehowa biziň iň wepaly hem-de iň geçirimli Dostumyz. Mezmurçy şeýle ýazdy: «Ýa Reb, Sen gowy, geçirimlisiň, Özüňi çagyrýanlaryň ählisine merhemete (ýa-da «wepaly söýgä») baýsyň» (Zeb. 86:5). Wepaly we geçirimli bolmak nämäni aňladýar? Bu ajaýyp häsiýetleri Ýehowa nädip bildirýär? Biz Oňa nädip eýerip bileris? Bu soraglaryň jogaby bize iň gowy Dostumyza, ýagny Ýehowa bolan söýgümizi artyrmaga we başgalar bilen dostlugymyzy berkitmäge ýardam eder (1 Ýahýa 4:7, 8).

ÝEHOWA — WEPALY HUDAÝ

3. Wepalylyk nämäni aňladýar?

3 Wepalylyk — mylaýym häsiýet bolup, ol ysnyşykly gatnaşygy we sarsmaz wepadarlygy öz içine alýar. Wepaly adam durnukly bolýar. Ol kyn pursatlarda-da, kimdir birine (ýa-da haýsydyr bir zada) söýgi bilen ýakynlaşýar. Emma hiç bir adam Ýehowa ýaly wepalylyk bildirýän däldir! (Ylh. 16:5).

4, 5. a) Ýehowa wepalydygyny nädip görkezýär? b) Hudaýyň wepalylygy barada oýlanmaklyk bize nädip goltgy berýär?

4 Ýehowa wepalylyk häsiýetini nädip bildirýär? Ol wepaly gullukçylaryny hiç haçan terk etmeýär. Dawut patyşa Ýehowanyň wepalydygyny öz durmuşynda gördi (2 Şamuwel 22:26-ny okaň)a. Ýehowa Dawuda kyn günlerinde görkezme berýärdi, goraýardy we halas edýärdi (2 Şam. 22:1). Ol Ýehowanyň diňe sözde wepaly däldigini bilýärdi. Hudaý näme üçin Dawuda wepadarlyk bildirýärdi? Sebäbi Dawudyň özi «wepaly» adamdy. Ýehowa gullukçylarynyň wepalydygyna örän begenýär we Özi-de olara wepalylygyny bildirýär (Sül. tym. 2:6—8).

5 Biz Ýehowanyň wepalylyk häsiýetini bildirişi barada oýlansak, bu biziň güýjümize güýç goşar. Wepaly mesihçi Red şeýle diýýär: «Men Ýehowanyň Dawuda kyn pursatlarynda kömek edişi hakynda okanymda, bu maňa goltgy berýär. Hatda Dawut gowaklarda we başga ýerlerde gaçgak bolup ýaşanda-da, Ýehowa ony elmydama goldaýardy. Bu meni örän ruhlandyrýar! Bu wakalar maňa nähili ýagdaý ýüze çykaýanda-da, bolýan zatlar çykalgasyz bolup görünse-de, men Hudaýa wepaly galsam, Onuň meni hökman goldajakdygyna ynandyrýar». Siz hem şeýle pikir edýän bolsaňyz gerek! (Rim. 8:38, 39).

6. Ýehowa wepalylygyny ýene-de nädip bildirýär we bu Onuň gullukçylaryna nähili peýda getirýär?

6 Ýehowa wepalylygyny ýene-de nädip bildirýär? Ol öz kada-kanunlaryna wepaly galýar, ýagny şolara görä hereket edýär. Ýehowa: «Garranyňyzda-da, Men Şolduryn» diýýär (Iş. 46:4). Hudaý belli bir karara gelmeli bolanda, Ol hemişe Özüniň üýtgemeýän kadalary boýunça hereket edýär (Mal. 3:6). Şeýle-de Ýehowa beren wadalaryna wepalydygyny görkezýär (Iş. 55:11). Bu Onuň ähli wepaly gullukçylaryna peýda getirýär. Nädip? Biz Ýehowanyň prinsiplerine pugta eýermek üçin elimizde baryny etsek, bizi patalajakdygyna ynamly bolup bileris, çunki Ýehowa beren wadasynda durýar (Iş. 48:17, 18).

ÝEHOWANYŇ WEPALYLYGYNA EÝERIŇ

7. Ýehowanyň wepalylygyna nädip eýerip bileris?

7 Biz Ýehowanyň wepalylygyna nädip eýerip bileris? Munuň üçin kyn ýagdaýlara düşenlere kömek etmeli (Sül. tym. 3:27). Siz saglyk ýagdaýy, maşgalasyndaky garşylyklar ýa-da öz duýgulary sebäpli lapykeç bolýan dogan-uýalary tanaýarmysyňyz? Siz olara «mähirli hem köşeşdiriji sözleri» aýdyp bilermisiňiz? (Zak. 1:13)b. Şonda siz wepaly we hakyky dostdugyňyzy subut edersiňiz hem-de «dogandan-da ýakyn dost» bolarsyňyz (Sül. tym. 18:24).

8. Biz maşgalada Ýehowanyň wepalylygyna eýerýändigimizi nädip görkezip bileris?

8 Şeýle-de biz ýakynlarymyza wepaly bolup, Ýehowadan görelde alyp bileris. Mysal üçin, eger biz durmuş guran bolsak, onda ýanýoldaşymyza wepaly bolmalydygymyzy bilýäris (Sül. tym. 5:15—18). Hatda biz biwepalyga eltip biljek ilkinji ädimden hem gaça durmaly (Mat. 5:28). Mundan başga-da biz imandaşlarymyzyň gybatyny etmekden ýa-da töhmet atmakdan gaça durup, olar barada aýdylýan ýaramaz gürrüňlere goşulman, hatda olary diňlemekden hem ägä bolmaly (Sül. tym. 12:18).

9, 10. a) Biz, esasan, kime wepaly galmak isleýäris? b) Ýehowanyň tabşyryklaryna tabyn bolmak näme üçin hemişe aňsat däl?

9 Biz, esasan-da, Ýehowa wepaly galmak isleýäris. Munuň üçin biz näme edýäris? Biz ähli zada Ýehowanyň garaýşy bilen garamaga çalyşýarys, ýagny Onuň gowy görýän zatlaryny söýüp, halamaýan zatlaryny ýigrenýäris we muny iş ýüzünde görkezýäris (Zebur 97:10-ny okaň). Biziň pikir edişimiz we duýgularymyz Ýehowanyň pikir edişine hem-de duýgularyna meňzedigiçe, biz Hudaýyň tabşyryklaryna höwes bilen tabyn bolarys (Zeb. 119:104).

10 Elbetde, Ýehowanyň tabşyryklaryna tabyn bolmak hemişe aňsat däl. Ähtimal, bu babatda biz göreşýändiris. Meselem, durmuş gurmadyk mesihçileriň käbiri maşgala gurmak isleýärler. Emma olar Ýehowa gulluk edýän adamlaryň arasyndan özlerine ýanýoldaş tapýan däldirler (1 Kor. 7:39). Aýdaly, durmuşa çykmadyk uýamyzy işdeşleri kimdir biri bilen tanyşdyrjak bolýarlar. Belki, uýamyz hem ýekelik duýgusy bilen göreşýändir. Emma ol şonda-da Ýehowa aýypsyzlygyny saklamaga ýürekden jan edýär. Biz wepaly imandaşlarymyzyň ajaýyp göreldesini gymmat saýmaýarysmy näme? Hawa, kyn ýagdaýlaryna garamazdan, Ýehowa wepaly galýan gullukçylar hökman pata alarlar (Ýew. 11:6).

ÝEHOWA — GEÇIRIMLI HUDAÝ

11. Geçirimli bolmak nämäni aňladýar?

11 Ýehowanyň iň ajaýyp häsiýetleriniň biri — geçirimlilik. Geçirimli bolmak nämäni aňladýar? Bu, esasan, göwnüňe degen adamy ýürekden ökünýändigi üçin bagyşlamagy aňladýar. Emma bu göwnüňe degen adamyň etmişine sowuk-sala garaýandygyňy aňlatmaýar. Gaýtam, geçirimli adam öýke-kinäni bütinleý unudýar. Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň ýürekden toba edýänlere «geçirimlik» edýändigi aýdylýar (Zeb. 86:5).

12. a) Ýehowa nädip geçirimlilik edýär? b) «Günäleri geçmek» diýlen jümle nämäni aňladýar?

12 Ýehowa nädip geçirimlilik edýär? Ol bagyşlanda «gaty geçirimlilik» edýär, ýagny adamy doly we hemişelik bagyşlaýar (Iş. 55:7). Biz Ýehowanyň doly bagyşlaýandygyny nireden bilýäris? Geliň, Resullaryň işleri 3:19-daky (okaň) sözlere seredeliň. Petrus resul diňleýjilerini: «Toba ediň, dönüň» diýip höweslendirdi. Günä eden adam ýürekden toba etse, ol eden işine çuňňur ökünýär. Şeýle-de ol eden etmişini gaýtalamazlygy ýüregine düwýär (2 Kor. 7:10, 11). Üstesine-de, ýürekden toba edýän adam günäli ýoldan «dönýär», ýagny nädogry ýoly terk edip, Hudaýa tarap öwrülýär. Eger Petrusy diňlän adamlar ýürekden toba etseler nähili netije bererdi? Petrusyň aýtmagyna görä, olaryň «günäleri geçilerdi». Grek sözünden alnan bu jümle «süpürip aýyrmagy» ýa-da «bozup aýyrmagy» aňladýar. Diýmek, Ýehowa geçirimlilik edende, Ol bolan zatlary ýatdan çykarýar; Ol doly bagyşlaýar (Ýew. 10:22; 1 Ýahýa 1:7).

13. «Gaýdyp günälerini ýatlamaryn» diýen sözler nämä ynandyrýar?

13 Biz Ýehowanyň hemişelik bagyşlaýandygyny nireden bilýäris? Geliň, Ýermeýanyň täze äht barada aýdan pygamberligine seredeliň. Bu täze äht mesh edilen mesihçiler bilen baglaşyldy. Ol arkaly tölege iman edýän adamlaryň günäleriniň bagyşlanmagyna mümkinçilik berilýär (Ýermeýa 31:34-i okaň)c. Ýehowa şeýle diýýär: «Men olaryň etmişlerini bagyşlaryn, gaýdyp günälerini ýatlamaryn». Görşümiz ýaly, Ýehowa bagyşlasa, gelejekde hiç haçan şol günäler sebäpli bize garşy çykmajakdygyna ynandyrýar. Ol bize käýemek ýa-da temmi bermek üçin günälerimizi gaýta-gaýta ýatlatmaz. Gaýtam, Ol günälerimizi bagyşlap, olary hemişelik unudýar (Rim. 4:7, 8).

14. Biz Ýehowanyň geçirimliligi barada oýlananymyzda nädip teselli taparys? Mysal getiriň.

14 Biz Ýehowanyň geçirimliligi barada oýlananymyzda teselli tapýarys. Geliň, Elained atly uýamyz bilen bolan waka seredeliň. Ol birnäçe ýyl mundan ozal, ýygnak gatnaşygyndan kesilip, soňra ýene-de dikeldilipdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Ýehowanyň meni bagyşlandygyna ynanýandygymy aýtsam-da, Hudaý meni özünden uzakda saklap, başgalary bolsa Özüne ýakyn hasaplaýan ýaly duýýardym». Emma Elaine Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň geçirimlidigini görkezýän aýatlary okap, olar hakda oýlananda, teselli tapýar. Ol şeýle diýýär: «Men Ýehowanyň söýgüsini we mährini duýup başladym. Onuň maňa bolan duýgulary hakda öň şeýle pikir etmändim». «Ýehowa günälerimizi geçensoň, biz galan ömrümize eden günämiziň tagmasyny çekmelidiris öýtmeli däl»e diýlen pikir Elainäni has-da ruhlandyrdy. Ol şeýle diýýär: «Men öň Ýehowanyň doly bagyşlap bilýändigine düşünmeýärdim we etmişimi ömürboýy egnim bilen çekmeli bolaryn öýdýärdim. Men ähli zadyň düzelmegi üçin wagtyň gerekdigine düşünýärdim. Häzir men Ýehowa, hakykatdan-da, ýakynlaşyp başlandygymy we üstümden agyr ýüküň aýrylandygyny duýýaryn». Şeýle söýýän we geçirimli Hudaýa gulluk etmek nähili ýakymly! (Zeb. 103:9).

ÝEHOWANYŇ GEÇIRIMLILIGINDEN GÖRELDE ALYŇ

15. Biz Ýehowanyň geçirimliligine nädip eýerip bileris?

15 Biz hem Ýehowanyň göreldesine eýerip, başgalara geçirimli bolup bileris (Luka 17:3, 4-nji aýatlary okaň). Ýadyňyzda bolsun, Ýehowa adamlary bagyşlanda, olaryň günälerini ýatladyp durmaýar. Biz hem adamlary bagyşlanymyzda, olaryň etmişini arka atyp, gelejekde ýatlaman bileris.

16. a) Geçirimli bolmak nämäni aňladýar we nämäni aňlatmaýar? b) Hudaý bizi bagyşlar ýaly näme etmeli?

16 Geçirimlilik etmek, bu göwnüňe deglende bolan işe sowuk-sala garamalydygyny ýa-da adalatsyzlyga ýol bermelidigini aňlatmaýar. Aslynda, bu öýke-kinäni ýüregimizden sogrup aýyrmalydygyny aňladýar. Hudaý bizi bagyşlar ýaly, biz Onuň göreldesine eýerip, başgalara geçirimlilik etmeli (Mat. 6:14, 15). Galyberse-de, Ýehowa bize duýgudaşlyk bildirip, «toprakdandygymyzy» unutmaýar (Zeb. 103:14). Onda biz-de ýalňyşlyk goýberen adamlara duýgudaşlyk bildirip, olary ýürekden bagyşlamaly dälmi näme?! (Efes. 4:32; Kol. 3:13).

17. Imandaşymyz göwnümize degende, ony bagyşlamaga näme kömek eder?

17 Elbetde, geçirimlilik etmek hemişe aňsat bolmaýar. I asyrda ýaşan käbir mesh edilen mesihçilere-de oňuşmak aňsat düşen däldir, sebäbi olaryň häsiýetleri we terbiýesi biri-birinden tapawutlanýardy (Flp. 4:2). Imandaşymyz göwnümize degende, ony bagyşlamaga näme kömek eder? Geliň, Eýýubyň mysalyna seredeliň. Onuň üç «dosty» Elipaz, Bildat we Sopar dagylar sebäpsiz ýere Eýýuby günäkärläp, onuň göwnüne degdiler (Eýýup 10:1; 19:2). Ahyrynda, Ýehowa bu üç adama käýedi. Hudaý olardan günäleriniň ötülmegi üçin Eýýubyň ýanyna baryp gurban getirmeklerini talap edýär (Eýýup 42:7—9). Emma Eýýupdan hem bir zat talap edilipdi. Ýehowanyň aýtmagyna görä, ol üç dosty üçin doga etmelidi. Eýýup Ýehowanyň aýdyşy ýaly etdi we Hudaý ony geçirimliligi üçin patalady (Eýýup 42:10, 12, 16, 17-nji aýatlary okaň)f. Biz mundan nähili sapak edinýäris? Göwnümize degen adam üçin ýürekden doga etsek, bu bize kalbymyzdaky öýke-kinäni sogrup taşlamaga kömek eder.

ÝEHOWANYŇ HÄSIÝETLERINI HEMIŞE GYMMAT SAÝYŇ

18, 19. Ýehowanyň ajaýyp häsiýetlerini nädip mundan beýläk-de has gymmat saýyp bileris?

18 Söýgüden doly Hudaýymyzyň ajaýyp häsiýetleriniň aýratynlyklaryny öwrenmeklik, sizi örän ruhlandyran bolsa gerek. Biz şu we geçen makalalarda Ýehowanyň ünsli diňläp, hemişe kömek etmäge taýyndygy, hiç kimi ala tutmaýandygy, jomartlygy, paýhaslydygy, wepalydygy we geçirimlidigi hakda gürrüň etdik. Elbetde, biz Ýehowanyň diňe käbir häsiýetlerine seretdik. Emma gelejekde ebedi ýaşap, Ol hakda has köp zatlary öwrenmekden lezzet alarys (Wag. 3:11). Pawlus resul: «Hudaýyň baýlygy, akyldarlygy, bilimi çuňdur!» diýdi. Ol Ýehowanyň söýgi we şu makalalarda gürrüň edilen alty häsiýeti agzamasa-da, biz onuň aýdanlary bilen ylalaşýarys (Rim. 11:33).

19 Geliň, ählimiz Ýehowanyň ajaýyp häsiýetlerini mundan beýläk-de has gymmat saýmaga çalşalyň. Munuň üçin Onuň häsiýetlerini öwrenmeli, olar hakda oýlanyp, durmuşymyzda görkezmeli (Efes. 5:1). Şonda mezmurçynyň: «Maňa bolsa Hudaýa ýakynlaşmak gowudyr» diýen sözleriniň dogrudygyna has-da göz ýetireris (Zeb. 73:28).

a 2 Şamuwel 22:26 Wepadar bilen wepadarsyň, Kämilsiň kämil bilen.

b Bu babatda peýdaly maslahatlary tapmak üçin 1995-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda çykan «Garawul diňiniň» (rus.) «Sen ýaňy-ýakynda kimdir birini ruhlandyrypmydyň?» we 1-nji aprelinde çykan «Birek-biregi söýgi, oňat işler üçin gaýrata galdyryň» diýlen makalalara serediň.

c Ýermeýa 31:34 «Mundan beýläk hiç kim öz dostuna ýa-da öz doganyna: „Rebbi tanaň!“ diýip öwretmez, çünki olaryň uludan-kiçä hemmesi Meni tanar. Men olaryň etmişlerini bagyşlaryn, gaýdyp günälerini ýatlamaryn». Muny Reb aýdýandyr.

d Ady üýtgedildi.

e «Ýehowa ýakynlaşyň» (rus.) kitabyň 26-njy babynyň 10-njy abzasyna serediň.

f Eýýup 42:10 Eýýup dostlary üçin dileg edenden soň, Reb oňa bar zatlaryny yzyna gaýtaryp berdi. Reb oňa öňküsinden iki esse köp zat berdi. 12 Reb Eýýubyň soňky durmuşyny öňki durmuşyndan-da has bereketli etdi. Onuň on dört müň goýun-geçisi, alty müň düýesi, müň jübüt öküzi we müň urkaçy eşegi bardy. 16 Mundan soň Eýýup ýüz kyrk ýyl ýaşap, çagalaryny, dört arka çenli agtyk-çowluk gördi. 17 Şeýdip, Eýýup gojalyp, durmuşdan razy bolup dünýäden ötdi.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş