Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w18 Dekabr sah. 9
  • Ýadyňyzdamy?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýadyňyzdamy?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Meňzeş maglumat
  • Ýadyňyzdamy?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Ýehowa aladaçyl Hudaý
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2022
  • «Men oňa garşy çykdym»
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2019
  • Ömür ýoldaşyňy ünsli saýla
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2022
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
w18 Dekabr sah. 9

Ýadyňyzdamy?

Siz «Garawul diňiniň» soňky sanlaryny ünsli okadyňyzmy? Onda aşakdaky soraglara jogap bermäge synanyşyň:

Suwa çümdürilen güni mesihçi näme barada çynlakaý oýlanmaly?

Suwa çümdürilmek — adamyň durmuşynda iň şatlykly gün. Ýöne ol şol güni wajyp zatlar hakynda hem çuňňur oýlanmaly. Sebäbi özüňi Hudaýa bagyş edendigiňe görä ýaşamak üçin köp tagalla etmeli bolýar (w18.03 sah. 7).

Isa ala tutmaklygyň nädogrudygyny haýsy mysal arkaly öwretdi?

Bir gezek kanunçy Isadan: «Meniň ýakynym kim?» diýip soraýar. Şonda Isa garakçylar tarapyndan ýenjilen ýehuda kömek eden rehimdar samariýaly adam hakdaky mysaly gürrüň berýär. Şol ýoldan geçip barýan ýehudylar bu biçäre adama kömek etmeýärler. Samariýaly adam bolsa, onuň ýürekden aladasyny edýär (w18.06 sah. 10).

Musa pygamberiň Wada edilen diýara girmek hormatyny ýitirmeginden näme öwrenýäris?

Musa pygamber Ýehowanyň iň ýakyn dostudy (Kan. tag. 34:10). Halkyň çölde 40 ýyllap sergezdan bolan döwri tamamlanyp barýardy. Şonda adamlar ikinji gezegem içer ýaly suw sorap hüňürdeýär. Hudaý bu gezek Musa hasasy bilen gaýa urman, oňa buýruk bermegi tabşyrýar. Ýöne ol gaýa urýar. Musa pygamber alan görkezmesine eýermeýär we Hudaýyň görkezen gudraty üçin, onuň adyna alkyş aýtmaýar. Şol sebäpli Ýehowanyň oňa gahary gelýär (San. 20:6—12). Biz mundan Ýehowanyň aýdanyna gulak asmagyň gaty wajypdygyny we ony şöhratlandyrmalydygymyzy öwrenýäris (w18.07 sah. 13, 14).

Biz adamyň daş görnüşine görä höküm çykarmaklyga garşy nädip göreşip bileris?

Köplenç adamy milletine ýa-da tire-taýpasyna, baý ýa garypdygyna we ýaşyna görä höküm edýärler. Biz bolsa adamlara Hudaýyň garaýşy ýaly garap, ala tutmazlyga jan etmeli (Res. iş. 10:34, 35; w18.08 sah. 8—12).

Gartaşan mesihçiler başgalara nädip kömek edip biler?

Gartaşan dogan-uýalar öňki borçlaryny ýerine ýetirip bilmeseler-de, Ýehowa olaryň gadyryny bilýär. Olar beýleki mesihçilere köp goldaw berip bilerler. Mysal üçin, uýalaryň iman etmeýän ýanýoldaşyna, yhlasy gowşan wagyzçylara kömek edip ýa-da Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirip, köpräk wagyz edip biler (w18.09 sah. 8—11).

Mesihçileriň «Öwretmek üçin niýetlenen esbaplaryna» haýsy zatlar degişli?

Muňa habarlaşmak üçin kartoçkalar, çakylyklar, «Garawul diňi», «Oýanyň» žurnallary, 8 sany kitapça, birnäçe broşýuralar, 2 sany esasy kitap we 4 sany köp ulanylýan hem-de «Mukaddes Ýazgylary öwrenmegiň näme peýdasy bar?» atly wideolar degişli (w18.10 sah. 16).

Süleýmanyň tymsallary 23:23-de aýdylyşy ýaly, mesihçi nädip hakykaty «satyn alyp» biler?

Hakykat üçin pul tölemek gerek däl. Ýöne ony gazanar ýaly, wagtyňy hem güýjüňi sarp etmeli (w18.11 sah. 4).

Hoşeýanyň aýaly Gomer bilen özüni alyp barşyndan näme öwrenip bilýäris?

Gomer gaýta-gaýta zyna etse-de, Hoşeýa onuň bilen aýrylyşmaýar. Mesihçi ikilik eden ýanýoldaşyny bagyşlap hem biler. Eger bigünä tarap ikilik eden ýanýoldaşy bilen ýene-de jynsy gatnaşykda bolsa, ony bagyşlaýandygyny görkezýär. Şeýle ýagdaýda Mukaddes Ýazgylar esasynda ol aýrylyşyp bilmeýär (w18.12 sah. 13).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş