Hudaýyň döreden nikasyna hormat goýuň
«Hudaýyň goşanyny ynsan aýyrmasyn» (Mar. 10:9).
1, 2. Ýewreýler 13:4-däki sözler bizi näme etmäge höweslendirýär?
SIZ Ýehowanyň adyna şöhrat getirip şatlanýansyňyz. Ol muny juda gymmat saýýar we size-de sylag-hormat bildirjekdigini wada berýär (1 Şam. 2:30; Sül. tym. 3:9; Ylh. 4:11). Şeýle-de ol siziň her dürli ygtyýary bolan adamlara, mysal üçin, döwlet işgärlerine hormat goýmagyňyzy isleýär (Rim. 12:10; 13:7). Ýöne siz başga birine-de hormat bildirmeli. Ol kimkä? Ol siziň ýanýoldaşyňyz.
2 Pawlus resul bu babatda şeýle diýdi: «Goý, hemmeler nika hormat goýsun. Är-aýal bir-birine ikilik etmesin» (Ýew. 13:4). Pawlus bu sözleri ýöne ýere aýtmady. Ol mesihçileri nikasyna gymmatly hazyna ýaly garap, ýanýoldaşynyň gadyryny bilmäge höweslendirmek isleýärdi. Sizem nika hormat goýýarsyňyzmy? Durmuş guran bolsaňyz, ýanýoldaşyňyzyň gadyryny bilýärsiňizmi?
3. Isa nika barada nähili wajyp maslahat berdi? (Makalanyň başyndaky surata serediň).
3 Nikasyna hormat goýýan adamyň maşgala ojagy berk bolýar. Isa hem nika hormat goýýardy. Fariseýler aýrylyşmak barada soranlarynda, Isa: «Erkek adam ata-enesini goýar we olaryň ikisi bir beden bolar» diýip, Hudaýyň ilkinji erkek bilen aýaly birikdirende aýdan sözlerine salgylandy. Şeýle-de ol: «Hudaýyň goşanyny ynsan aýyrmasyn» diýip jogap berdi (Markus 10:2—12-nji aýatlary okaň; Gel. çyk. 2:24).
4. Ýehowa nika babatda nähili düzgün goýdy?
4 Isa nikanyň Hudaý tarapyndan döredilendigini we onuň hemişelik bolmalydygyny tassyklady. Hudaý Adam ata bilen How enäniň bir-birinden aýrylmagyny islemeýärdi. Ýehowa Erem bagynda nikany döredende, onuň diňe bir erkek bilen aýalyň arasynda bolmalydygyny we olaryň ebedilik bile ýaşamalydygyny görkezdi.
MAŞGALA GATNAŞYKLARYNA TÄSIR EDÝÄN KYNÇYLYKLAR
5. Ölüm är-aýalyň nikasyna nähili täsir edýär?
5 Bilşimiz ýaly, Adam atanyň eden günäsi köp kynçylyklary döretdi. Olaryň biri ölüm; ol är-aýalyň nikasyna täsir edýär. Pawlus resul mesihçilere Musanyň kanunyndan azatdyklaryny aýdanda, bu hakda belläp geçdi. Ýanýoldaşy ölensoň, adam nikadan azat bolýar we gaýtadan durmuş gurup bilýär (Rim. 7:1—3).
6. Musanyň kanunynda Hudaýyň nika bolan garaýşy nädip görünýärdi?
6 Hudaýyň ysraýyl halkyna beren Kanunynda nika babatda belli bir düzgünler bardy. Onda köp aýal almaga rugsat berilýärdi. Hudaý ysraýyllylara Kanun bermezinden öň hem köp aýala öýlenmeklik giňden ýaýrandy. Kanunda birnäçe aýala öýlenmäge ýol berilse-de, olara zorluk-sütem etmek gadagan edilýärdi. Mysal üçin, ysraýylly adam bir aýala öýlenip, üstüne ýene birini alsa, ol birinji aýalyny «hemişeki iýmitinden, geýim-gejiminden ýa-da är-aýallyk hukugyndan mahrum etmeli däldi». Hudaý her bir ysraýyllydan aýalyny gorap, onuň aladasyny etmegini talap edýärdi (Müs. çyk. 21:9, 10). Biz Musanyň kanuny boýunça ýaşamasagam, ondan Ýehowanyň nika bolan garaýşyny görüp bilýäris. Bu zatlar bize-de nika hormat goýmaga kömek edýär.
7, 8. a) Kanunda aýrylyşmak barada näme diýilýärdi? b) Ýehowa aýrylyşmaklyga nähili garaýar?
7 Musanyň kanunynda aýrylyşmaga rugsat berilýärdimi? Hudaý nikany gaty wajyp saýsa-da, ol käbir ýagdaýlarda aýrylyşmaga ýol berýärdi (Kanun taglymaty 24:1-i okaň)a. Ysraýylly adam aýalyndan «kemçilik tapandygy üçin» onuň bilen aýrylyşyp bilýärdi. Kanunda «kemçilik» diýlende, nämeleri aňladýandygy hakda hiç zat aýdylmaýar. Ähtimal, bu ýerde ujypsyzja ýalňyşlyklar däl-de, nähilidir bir nejis iş ýa-da gaty çynlakaý ýagdaýlar göz öňünde tutulýan bolmaly (Kan. tag. 23:14). Gynansagam, Isanyň günlerinde ýehudylaryň köpüsi «her zat üçin» aýaly bilen aýrylyşýardylar (Mat. 19:3). Biz şeýle garaýyşdan seresap bolmaly.
8 Malaky pygamberiň kitabynda Hudaýyň aýrylyşmaklyga nähili garaýandygy hasam aýdyň düşündirilýär. Şol döwürler erkek adamlar ýaşrak, esasanam, başga milletden bolan gelin-gyzlara öýlenmek üçin, «ýaşlykda öýlenen aýalyna» ikilik edýärdiler. Şonuň üçin Malaky pygamber Hudaýyň aýrylyşmaga nähili garaýandygy hakda şeýle ýazdy: «Men aýrylyşmagy ýigrenýärin» (Mal. 2:14—16). Bu Hudaýyň ilkinji nikany döredende: «Erkek... aýaly bilen biriger we olaryň ikisi bir ten bolar» diýen sözlerine gabat gelýär (Gel. çyk. 2:24). Isa hem Atasynyň nika bolan garaýşyny nygtap: «Hudaýyň goşanyny ynsan aýyrmasyn» diýdi (Mat. 19:6).
AÝRYLYŞMAK ÜÇIN ÝEKE-TÄK SEBÄP
9. Markus 10:11, 12-nji aýatlardaky Isanyň sözlerine nähili düşünse bolýar?
9 Megerem, käbir adamlar: «Ýehowanyň Şaýatlaryna aýrylyşyp, gaýtadan durmuş gurmaga degerli sebäp barmy?» diýip soraýandyr. Isa aýrylyşmak barada şeýle diýdi: «Biri aýaly bilen aýrylyşyp, başga birine öýlense, zyna edip, öňki aýalyna garşy günä edýändir. Eger aýal hem ýanýoldaşy bilen aýrylyşyp, başga birine durmuşa çyksa, zyna edýändir» (Mar. 10:11, 12; Luka 16:18). Isanyň bu sözlerinden onuň nika hormat goýandygy we başgalaryň hem şeýle etmegini isländigi görünýär. Äri ýa-da aýaly biwepalyk etmedik ýanýoldaşy bilen bahana edip aýrylyşsa we başga biri bilen durmuş gursa, zyna edýär. Är-aýalyň haýsam bolsa biri aýrylyşmak kararyna gelse-de, entek olaryň nikasy bozuldy diýip bolmaz. Hudaýyň öňünde olaryň ikisi henizem «bir beden» hasaplanýar. Ýöne Isa erkek adam biwepalyk etmedik aýaly bilen aýrylyşsa, ýanýoldaşynyň zyna etmegine sebäp bolýandygyny düşündirdi. Nädip? Aýdaly, äri bilen aýrylyşan aýal özüni eklemek üçin gaýtadan durmuş gurmaga mejbur bolup biler. Şeýle ýagdaýda ol zyna edýär.
10. Mesihçi haýsy ýagdaýda aýrylyşyp, täzeden durmuş gurup bilýär?
10 Isa adamyň haýsy ýagdaýda nikadan azat bolýandygy barada şeýle diýdi: «Şonuň üçin size diýýärin, biri zyna etmedik (grekçe „porneýa“) aýaly bilen aýrylyşyp, başga birine öýlense, zyna edýändir» (Mat. 19:9). Ol Dagdaky wagzynda hem bu barada aýdypdy (Mat. 5:31, 32). Isa iki ýagdaýda-da «ahlaksyzlyk» etmekligi göz öňünde tutdy. Bu ýerde nikanyň bozulmagyna getirýän günäler, ýagny zyna, pul üçin edilýän, är-aýal bolmadyk ýa-da bir jynsdaky adamlaryň arasyndaky we haýwanlar bilen jynsy gatnaşyk etmek göz öňünde tutulýar. Eger adam zyna etse, aýaly onuň bilen aýrylyşmalymy ýa-da aýrylyşmaly däldigini özi çözüp biler. Eger ol aýrylyşmak kararyna gelse, Hudaýyň öňünde nikasyndan azat bolýar.
11. Ýazgylar esasynda aýrylyşmaga degerli sebäbi bolsa-da, mesihçi näme üçin aýrylyşman biler?
11 Aslynda, Isa ahlaksyzlyk (porneýa) eden ýanýoldaşyň bilen hökman aýrylyşmaly diýjek bolmady. Meselem, äri zyna etse-de, aýaly nikasyny goramak üçin aýrylyşman biler. Mümkin, ol adamsyny henizem söýýändir; ony bagyşlandyr we nikasyny berkitmek isleýändir. Ýa-da aýal ýanýoldaşy bilen aýrylyşyp, ýöne gaýtadan durmuş gurmasa, käbir kynçylyklara uçraryn diýip pikir etmegi mümkin. Meselem, ol özüni ekläp bilermi? Jynsy höweslerine erk edip bilermi? Ol özüni ýeke duýmazmy? Çagalaryna nähili täsir eder? Nikasy bozulsa, çagalaryny hakykatda terbiýelemek hasam kyn bolmazmy? (1 Kor. 7:14). Görşümiz ýaly, günä etmedik tarap ýanýoldaşy bilen aýrylyşansoň, köp kynçylyklara uçrap bilýär.
12, 13. a) Hoşeýanyň maşgalasy barada gürrüň beriň. b) Hoşeýa näme üçin aýalyny yzyna kabul etdi we biz mundan näme öwrenip bileris?
12 Hoşeýa pygamber bilen bolan waka nikany gorap saklamagyň wajypdygyny görkezýär. Hudaý Hoşeýa: «Git-de, zynagär aýala öýlen. Ol saňa başga erkeklerden çaga dogrup berer» diýdi. Onsoň Hoşeýa Gomere öýlendi we ol göwreli bolup, Hoşeýa bir ogul dogrup berdi (Hoş. 1:2, 3). Soňra ol ýene bir gyz we bir ogul dogurýar. Bu çagalar başga erkeklerden bolan bolmaly. Gomer gaýta-gaýta zyna etse-de, Hoşeýa onuň bilen aýrylyşmaýar. Ahyrynda bolsa, ol Hoşeýany taşlap, biriniň gyrnagy bolýar. Hoşeýa şonda-da ony yzyna kabul edýär (Hoş. 3:1, 2). Ýehowa özüne biwepalyk eden ysraýyllylary gaýta-gaýta bagyşlandygyny görkezmek üçin Hoşeýany mysal getirdi. Bu wakadan biz näme öwrenip bileris?
13 Eger mesihçiniň ýanýoldaşy zyna etse, onda günä etmedik mesihçi belli bir karara gelmeli bolýar. Isa bigünä mesihçiniň nikany bozup, gaýtadan durmuş gurmaga hakynyň bardygyny aýtdy. Ýöne ol ikilik eden ýanýoldaşyny bagyşlap hem biler. Bu nädogry däl. Hoşeýa pygamber hem aýalyny yzyna kabul edipdi. Gomer Hoşeýa dolanandan soň, başga erkek bilen jynsy gatnaşyk etmedi. Hoşeýa hem biraz wagt aýalyna ýanaşmady (Hoş. 3:3). Wagtyň geçmegi bilen, olar ýene-de jynsy gatnaşykda bolan bolmaly. Şeýdip, Hoşeýa Hudaýyň öz halkyny yzyna kabul etmäge we olar bilen dostlukly gatnaşygyny dikeltmäge taýyndygyny görkezdi (Hoş. 1:11; 3:3—5). Mundan näme öwrense bolýar? Eger bigünä ýanýoldaşy nikasyny goramak üçin ýanýoldaşy bilen galyp, onuň bilen ýene-de jynsy gatnaşykda bolsa, ikilik eden ýanýoldaşyny bagyşlaýandygyny görkezýär (1 Kor. 7:3, 5). Şeýle ýagdaýda olar indi aýrylyşyp bilmeýär. Şonuň üçin olar är-aýal hökmünde nika Hudaýyň garaýşy ýaly garamagy öwrenmeli.
KYNÇYLYK DÖRESE-DE, NIKA HORMAT GOÝUŇ
14. 1 Korinfliler 7:10, 11-nji aýatlara görä, nikada nähili kynçylyk döräp biler?
14 Mesihçileriň ählisi nika Ýehowa bilen Isanyň garaýşy ýaly garamaga jan etmeli. Emma bikämil bolandygymyz üçin, käbirlerine muny etmek kyn bolup biler (Rim. 7:18—23). I asyrda ýaşan käbir mesihçileriň hem nikasynda kynçylyklar bolupdy. Biz muňa geň galmaýarys. Pawlus resul: «Aýal aýry ýaşamak üçin ärinden gitmesin» diýip ýazdy. Ýöne, gynansak-da, käte şeýle ýagdaýlar bolýardy (1 Korinfliler 7:10, 11-nji aýatlary okaň).
Maşgalada kynçylyklar dörese, nikaňyzy nädip gorap bilersiňiz? (15-nji abzasa serediň)
15, 16. a) Maşgalada kynçylyk dörese, är-aýalyň maksady näme bolmaly we näme üçin? b) Ýanýoldaşy iman etmeýän bolsa mesihçi haýsy maslahata eýermeli?
15 Pawlus resul är-aýalyň aýry ýaşamagyna nämäniň sebäp bolýandygyny düşündirmedi. Meselem, äri zyna edendigi üçin, aýaly onuň bilen aýrylyşyp, gaýtadan durmuş gurup bilýär. Emma Pawlus resul ýanýoldaşyndan aýry ýaşaýan aýalyň «başga birine durmuşa çykyp bilmeýändigini ýa-da äri bilen ýaraşmalydygyny» aýtdy. Sebäbi är-aýal aýry ýaşasa-da, Hudaý olary bir maşgala hasaplaýar. Pawlus resul ahlaksyzlyk edilmedik bolsa, nähili kynçylyk bolaýanda-da, ýaraşmagy maslahat berdi. Şeýle är-aýal ýygnak ýaşulularyndan kömek sorap biler. Ýaşulular olaryň hiç biriniň tarapyny tutman, diňe Mukaddes Ýazgylar esasynda maslahat bermeli.
16 Eger är-aýalyň diňe biri mesihçi bolup, Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşaýan bolsa, onda has köp kynçylyk ýüze çykyp biler. Şeýle ýagdaýda maşgalada döreýän kynçylyklary bahana edip, aýry ýaşasa dogry bolarmy? Ýokarda bellenilişi ýaly, Mukaddes Ýazgylara laýyklykda, ahlaksyzlyk aýrylyşmak üçin esas bolup biler. Emma Hudaýyň Sözünde haýsy ýagdaýlarda aýry ýaşamaga rugsat berilýändigi hakda aýdylmaýar. Pawlus resul: «Bir uýanyň iman etmeýän äri bolup, ol hem aýaly bilen ýaşamaga razy bolsa, goý, ol ärinden gitmesin» diýip ýazdy (1 Kor. 7:12, 13). Bu maslahata şu günlerem eýerse bolýar.
17, 18. Näme üçin käbir mesihçiler kyn ýagdaýlarda-da ýanýoldaşyndan aýrylmaýar?
17 Käbir ýagdaýlarda mesihçiniň «iman etmeýän äri... aýaly bilen ýaşamaga razy bolmaýar». Mümkin, ol özüni gödek alyp barýandyr, hatda aýalyna ýowuz daraşyp, janyna howp salýandyr. Ýa-da ol maşgalasyny eklemekden boýun gaçyrýandyr we olaryň ruhy saglygyna zyýan ýetirýändir. Şeýle ýagdaýlarda ýanýoldaşy bile «ýaşamaga razy bolmandygy» we aýry ýaşamak zerur bolandygy üçin, käbir mesihçiler özbaşdak karara gelmeli boldular. Emma başgalar şeýle kynçylyklara çydap, nikasyny berkitmek üçin elinde baryny etdiler. Näme üçin?
18 Är-aýal aýry ýaşasa-da, olar bir maşgala hasaplanýar. Ýokarda aýdylyşy ýaly, bir-birinden aýry ýaşaýan är-aýalyň ikisem kynçylyklara uçrap bilýär. Pawlus resul bile ýaşamagyň zerurdygynyň ýene bir sebäbini aýtdy. Ol: «Iman etmeýän är aýaly arkaly mukaddes edilendir, iman etmeýän aýal hem doganymyz arkaly mukaddes edilendir. Ýogsam, siziň çagalaryňyz päk bolmazdy, indi bolsa olar mukaddesdir» diýip ýazdy (1 Kor. 7:14). Mesihçileriň köpüsi hatda agyr kynçylyklarda-da iman etmeýän ýanýoldaşy bilen ýaşamagyny dowam etdiler. Olar şeýtmek bilen, ýanýoldaşyna hakykata gelmäge kömek edendigini aýdýarlar (1 Korinfliler 7:16-ny okaň; 1 Pet. 3:1, 2).
19. Ýehowanyň Şaýatlarynyň arasynda näme üçin bagtly maşgalalar köp?
19 Isa aýrylyşmazlyk barada peýdaly maslahatlary berdi, Pawlus resulam aýry ýaşamazlyk hakda ündedi. Olaryň ikisem Hudaýyň gullukçylarynyň nika hormat goýmagyny isleýärdi. Şu günler bütin dünýäde Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnaklarynda köp bagtly maşgalalary görse bolýar. Siziňem ýygnagyňyzda şeýle maşgalalar az däldir. Olaryň kimsi aýalyny jany-teni bilen söýýän doganlar, kimsi mähirden doly wepaly uýalar. Olaryň bary nika hormat goýýandygyny görkezýär. Biz Hudaýyň: «Erkek adam ata-enesini goýup, aýaly bilen biriger we ikisi bir beden bolar» diýen sözleriniň hakykatdygyny öz durmuşy bilen subut edýän millionlarça bagtly maşgalalaryň bardygyna buýsanýarys (Efes. 5:31, 33).
a Kanun taglymaty 24:1 Eger bir adam bir gyza öýlense, ýöne ondan kemçilik tapandygy üçin ony halamasa, onda, goý, ol aýalynyň eline talak hatyny ýazyp bersin we ony öýünden çykaryp goýbersin.