Wagyz üçin teklipler
◼«Şu günler islendik mesele boýunça maslahat tapsa bolýar. Siziň pikiriňizçe, şol maslahatlaryň hemmesi peýdalymyka? [Jogap bersin. Soňra 2 Timoteos 3:16, 17-i oka]. Hawa, Mukaddes Ýazgylar — paýhasly maslahatlary berýän ynamdar kitap. Biz şu barada biraz gürleşip bilerdik».
◼«Biziň hemmämize ýaşamak üçin pul gerek. Ýöne siziň pikiriňizçe, şu taýda agzalýan howpdan goranmak gerekmikä? [1 Timoteos 6:10-y oka, soňra jogap bersin]. Mukaddes Ýazgylar baýlyga kowalaşsaň, nähili duzaklara düşjekdigiňi aýdýar we şol duzaklardan ägä bolmagy öwredýär».
◼«Biziň köpümiziň garry ýaşly garyndaşlarymyz we dostlarymyz bar. Şolaryň kynçylyklaryna hötde gelmäge kömek edesimiz gelýändir, şeýle dälmi? [Jogap bersin]. Mukaddes Ýazgylar garry adamlara näme kömek edip biljekdigimiz barada maslahat berýär hem-de şu ajaýyp pygamberligiň ýerine ýetjekdigi barada aýdýar». Eýýup 33:25-i oka.