Wagyz üçin teklipler
«Şu günler adamlar köp zatlara sežde edýärler. Ýöne Isa pygamberiň doga edip, kime ýüzlenendigine üns beriň [Ýahýa 17:3-i okap ber]. Eger-de diňe bir hak Hudaý bar bolsa, onda başga zatlara sežde etmek bolarmy? [Jogap bersin, soňra Mukaddes Ýazgylaryň şu hakda näme diýýäni barada gürrüň et]»
«Köp adamlar Isanyň şu aýatda aýdyşy ýaly, birek-biregi söýmegiň wajypdygy bilen ylalaşýarlar. [Ýahýa 13:34, 35-i okap ber] Eýsem, Isanyň şol tabşyrygy boýunça ýaşaýan adamlar barmyka? [Jogap bersin, soňra şu günler hakyky mesihçileri nädip tanap bolýandygyny düşündir]»
«Söýgi bagtly hem göwnühoş bolmaga kömek edýär. Ýöne hakyky söýgini tapmak aňsat däl. Siziň pikiriňizçe, näme üçin şeýlekä? [Jogap bersin] Hakyky söýgini tapmagyň bir ýoly — adamlary tüýs ýürekden söýmegi öwrenmeli. Mukaddes Ýazgylar şony öwredýär. 1 Korintoslylar 13:4—7-nji aýatlary okap ber»