Wagyz üçin teklipler
«Eger biz şeýle maslahata eýersek, siziň pikiriňizçe, maşgala durmuşy özgerermi? (Efesliler 4:31-i okaň. Soňra jogap bersin). Mukaddes Ýazgylarda dawadan gaça durumak we maşgalany bagytly etmek barada maslahatlar berilýär». Mukaddes Ýazgylardaky käbir prinsiplere üns beriň.
«Käbir adamlar Hudaý biziň her bir ýalňyşymyzy hasaba alýandygyna ynanýarlar? Käbiri bolsa, ol ähli günäleri bagyşlaýar diýýär. Siz nähili pikir edýärsiňiz?» (Jogap bersin. Soňra Resullaryň işleri 3:19-y okaň). Günäniň bagyşlanmagy üçin Mukaddes Ýazgylara görä nämeler etmelidigini düşündiriň.
«Men Mukaddes Ýazgylardan tanyş aýat barada siziň pikiriňizi bilesim gelýär (Ýahýa 3:16-ny okaň). Siz bir adamyň ölmegi bilen, başga adamlaryň ebedi ýaşaýşy nädip alyp biljekdigi barada oýlanyp gördüňizmi?» Jogap bersin, soňra Isanyň töleg gurbanynyň bize nähili peýdasynyň bardygyny düşündiriň.
«Siziň pikiriňizçe, dinleriň ählisi gowumy? (Jogap bersin). Mukaddes Ýazgylarda käbir adamlaryň Hudaýa sežde edýändigi barada näme diýilýändigine serediň (Markus 7:7-ni okaň). Islendik diniň hakykaty ýa-da «ynsan buýruklaryny» öwredýändigini nädip bilse bolar? Aslynda, dini hakykaty bilse bolarmy?» Soňra Ýahýa 18:37b; 14:6 we 4:23, 24-nji aýatlardaky pikirlere seretse bolar.