Sen nämäni birinji orunda goýýaň?
1 Eýsem, sen şu sowala nähili jogap bererdiň? Elbetde, her kes birinji orunda Patyşalygy goýmak isleýär (Mat. 6:33). Ýöne welin özümizden: «Edýän işlerim şony görkezýärmikä?» diýip, sorap bileris. Sebäbi Injilde: «Özüňizi barlap görüň»diýilýär (2 Kor. 13:5). Birinji orunda Patyşalygy goýýandygymyzy nädip barlap görse bolar?
2 Wagtymyz. Ilki bilen biz wagtymyzy geçirişimizi barlap görmeli (Efes. 5:15, 16). Her hepdede oturylyşyk, telewizor, internet we güýmenje işleriňi etmek üçin näçe wagt sarp edýäň? Eger-de biz şol işler üçin näçe wagt sarp edýänimizi ruhy işlere sarp edýän wagtymyz bilen deňeşdirsek, onda haýran galmagymyz mümkin. Belki, biz bolelin ýaşamak üçin gereginden artyk işläp, mukaddes gullugyň gadyryny bilýän däldiris? Dynç günleri dynç almaga gitmek üçin, duşuşyklary we gullugy näçe sapar sypdyrýarys?
3 Has möhüm işleriňi anykla. Biz ýüregimiziň isleýän her bir zadyny etjek bolsak, oňa köpümiziň wagtymyzam ýetmez. Şeýlelikde, biz Patyşalygy birinji orunda goýmakçy bolsak, onda has möhüm işleri anyklap, soňra «has möhüm zatlar» üçin wagt belleşdirmeli (Flp. 1:11, TD). Has möhüm zatlara şular degişlidir: Hudaýyň Sözüni öwrenmek, wagyz etmek, maşgalaňy eklemek we ýygnagyň duşuşyklaryna gatnaşmak (Zeb. 1:1, 2; Rim. 10:13, 14; 1 Tim. 5:8; Ýew. 10:24, 25). Beýleki işler, meselem, dem-dynç almak we beden maşklaryny etmek hem peýdaly (Mar. 6:31; 1 Tim. 4:8). Ýöne şeýle işler onçakly möhüm däl, şol sebäpli-de, Patyşalygyň işlerine päsgel bermeli däl.
4 Bir ýaş dogan dünýewi hünär edinmek üçin ýokary bilim almagyň deregine, doly wagtly gulluga başlap, Patyşalygy birinji orunda goýdy. Ol daşary ýurt dilini öwrenip, wagyzçylaryň ýetmezçilik edýän ýerine göçdi. Ol şeýle ýazýar: «Men bärde wagtymy şadyýan geçirýän. Wagyz göwnüňi göterýär! Men her bir ýaş oglan-gyzyň wagyz işine gatnaşyp, özüni meniň ýaly bagtly duýmagyny isleýärin. Baryň bilen Ýehowa gulluk etmekden has oňat zat ýok». Hawa, Patyşalygy birinji orunda goýup, biz köp bereketler alýarys. Onsoňam, gökdäki Atamyz Ýehowany begendirýäris (Ýew. 6:10).