Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 9/05 sah. 1
  • Wagtyňy paýhasly ulan

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Wagtyňy paýhasly ulan
  • Hudaýa gullugymyz — 2005
  • Meňzeş maglumat
  • Siz gowy dynç alýarsyňyzmy?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Sen nämäni birinji orunda goýýaň?
    Hudaýa gullugymyz — 2006
  • «Sen meni bulardan artyk söýýärmiň?»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • «Wagtyňyzy paýhasly ulanyň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2005
km 9/05 sah. 1

Wagtyňy paýhasly ulan

1 Ýehowany razy etmek islesek, onda durmuşda ruhy işleri birinji orunda goýarys. Injil hem bize öňürti Patyşalygy agtarmagy we «iň ýokary [wajyp] zatlara göz ýetirmegi» öwredýär (Mat. 6:33; Flp. 1:11). Eýsem, biz Patyşalyk işlerini birinji orunda, kän wajyp däl işleri bolsa ikinji orunda goýmak üçin nädip pursatdan peýdalanyp bileris? (Efes. 5:15—17).

2 Patyşalygyň işlerini birinji orunda goý: Zerur däl işlere wagtyňy biderek sarp etmezlik üçin gün tertibini düzmeli. Käbir doganlar wagyz etmek üçin her aýyň başynda ýörite wagt belleýärler. Şeýlelikde, başga işler olara wagza çykmaga päsgel bermeýär. Edil şonuň ýaly pursatdan peýdalanyp, ýygnagyň duşuşyklary, özbaşdak okuw we kongresler üçin hem ýörite wagt bellemeli. Doganlaryň käbiri bolsa gün tertibini Mukaddes Ýazgylary okamak bilen başlaýar ýa-da şonuň bilen gutarýar. Her bir wajyp iş üçin ýörite wagt belle, ýöne biderek işler oňa häli-şindi päsgel berip durmasyn (Wag. 3:1; 1 Kor. 14:40).

3 Dünýäni çäkli ulan: Käbir ýurtlarda sport oýunlary, göwün açmalar, dynç alyş, güýmenjeler we beýleki höwesler elýeterli. Köp adamlar telewizoryň ýa-da kompýuteriň öňünde çakdanaşa köp wagt geçirýärler. Biz dynç almak hem-de dünýäniň hödürleýän täze zatlary bilen başagaý bolsak, bu bizi ahyrsoňy lapykeç eder (1 Ýahýa 2:15—17). Şonuň üçin Injil dünýäden peýdalanýanlar hem doly peýdalanmaýanlar ýaly bolsun diýýär (1 Kor. 7:31). Şol paýhasly maslahata eýerip, Ýehowa seždäniň durmuşymyzda birinji orun eýeleýändigini görkezýäris (Mat. 6:19—21).

4 Häzirki dünýä berlen wagt gutaryp barýar. Ýöne Patyşalygy birinji orunda goýýanlar bagtly bolar hem-de Hudaýy razy eder (Sül. tym. 8:32—35; Ýakup 1:25). Şonuň üçin, geliň, gymmatly wagtymyzy paýhasly ulanalyň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş