Wagyzda Isanyň göreldesine eýeriň
1 Isa Mesih wagyz işinde bize görelde galdyrdy. Ol köp ýagdaýlarda Hudaýa hem-de adamlara bolan söýgüsini görkezdi. Isa ýumşak adamlara hakykaty öwredýärdi hem-de horluk çekýän we ezilen adamlara merhemetini görkezýärdi (Mat. 9:35).
2 Isanyň göreldesi we taglymatlary. Isa syýasy işlere goşulmaýardy we adamkärçilik niýeti bilen ynsan jemgyýetini özgertmäge çalyşmaýardy. Şeýle-de ol pähimli işleriň wajyp işinden ünsüni sowmaga ýol bermeýärdi (Luka 8:1). Ol adamzadyň kynçylygyny hemişelik çözjek Hudaýyň Patyşalygy barada hoş habary wagyz edýärdi. Isanyň wagty az bolsa-da, etmeli işi kändi. Kapernaumyň ýaşaýjylary Isany özleri bilen galdyrmak islänlerinde, ol şägirtlerine şeýle diýdi: «Başga ýere... gideliň, Men ol ýerlerde-de wagyz etjek; çünki şonuň üçin geldim» (Mar. 1:38).
3 Isa şägirtlerine tälim berenden soň, olara: «Barýarkaňyz Gökleriň Patyşalygynyň golaýdygyny wagyz ediň» diýip, öwüt-nesihat berdi (Mat. 10:7). Ol şägirtlerine durmuşynda Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýmagy öwretdi (Mat. 6:33). Isa göge galmazyndan öň, şägirtleri bilen hoşlaşanda, olaryň nähili işler bilen meşgullanmalydygyny açyk düşündirdi. Ol: «Şonuň üçin, gidiň-de, bütin milletleri şägirt ediň» diýdi (Mat. 28:19).
4 Hudaýyň Patyşalygynyň wajyplygy. Isa esasanam Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edýärdi. Ol şägirtlerinede şeýle etmegi maslahat berdi. Adamzadyň kynçylygyny ynsan güýji bilen hiç haçan düzedip bolmaýar (Ýerem. 10:23). Diňe Hudaýyň Patyşalygy Hudaýyň adyny mukaddes eder we adamlary ebedi azat eder (Mat. 6:9, 10). «Ähli ýigrenji zatlardan gynanýan we ah çekýän» adamlara Patyşalyk barada hakykaty öwredip, olara bagtly bolmaga, durmuşyny manyly etmäge we gelejege umyt etmäge kömek edýäris (Ezek. 9:4).
5 Isa Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz etmekde baştutanlyk edýär we bizi goldajakdygyna ynandyrýar (Mat. 28:20). Biz wagyzda nähili derejede Isanyň göreldesine eýerip bileris? (1 Pet. 2:21). Bu ähmiýetli soňky günlerde Isany göreldesine dogry eýermek üçin, elimizden gelenini edeliň!