Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 6/07 sah. 1
  • «Köp miwe beriň»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Köp miwe beriň»
  • Hudaýa gullugymyz — 2007
  • Meňzeş maglumat
  • Isanyň dosty bolup, miwe getirer ýaly näme etmeli?
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Okyjylaryň sowallary
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Ýehowa «çydamlylyk bilen hasyl getirýänleri» söýýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Hudaýyň ruhunyň görkezýän ýoly bilen ýöräň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2007
km 6/07 sah. 1

«Köp miwe beriň»

1 Isa Mesih göçme manyda özüni üzüm agajyna, Atasyny Bagbana, mesh edilen şägirtlerini bolsa bol miwe berýän üzüm şahasyna meňzetdi. Bagbanyň edýän işini suratlandyryp, Isa şahanyň üzüm agajynda berk galmagyň wajypdygyny belläp geçdi (Ýahýa 15:1—4). Başgaça aýdanyňda, Ýehowa bilen ýakyn gatnaşyk saklaýan adamlaryň ählisi «hakyky üzüm agajy» bolan Isa Mesihiň miwe berýän şahasyna meňzemeli. Biz «ruhuň miwesini» we Patyşalygyň miwesini hemişe bol getirmeli (Gal. 5:22, 23; Mat. 24:14; 28:19, 20).

2 Ruhuň miwesi. Ruhy taýdan ösmek üçin ruhuň miwesini getirmeli. Sen Hudaýyň Sözüni yzygiderli öwrenip, okan zatlaryň barada oýlanyp, mukaddes ruhuň miwesini ösdürmäge jan edýärmiň? (Flp. 1:9—11). Ýehowany şöhratlandyrýan häsiýetleri ösdürip, ruhy taýdan ösmäge ýardam edýän mukaddes ruh barada hemişe doga et (Luka 11:13; Ýahýa 13:35).

3 Şeýle-de ruhuň miwesini ösdürsek, has yhlasly we netijeli wagyz etmäge kömek eder. Meselem, söýgi we iman bize işimiziň köpdügine garamazdan, yzygiderli gulluk etmäge höweslendirýär. Parahatlyk, sabyr, mähribanlyk, ýumşaklyk we özüňe erk etmeklik ýaly häsiýetler hakykata garşy çykýan adamlara dogry garaýyşda bolmaga kömek edýär. Şatlyk bolsa adamlar hakykata seslenmedik wagty-da gullukdan lezzet almaga ýardam edýär.

4 Patyşalygyň miwesi. Mundan başga-da biz Patyşalygyň miwesini hem getirmeli. Diýmek, «öwgi gurbanlary, Onuň [Ýehowanyň] adyny ykrar edýän dodaklaryň miwesini hödürlemeli» (Ýew. 13:15). Munuň üçin biz hoş habary yhlasly we wepaly wagyz edýäris. Sen wagyz gullugynda kämilleşip, Patyşalygyň miwesini köp getirmäge jan edýärmiň?

5 Isa wepaly şägirtleriniň dürli möçberde miwe getirjekdigini aýtdy (Mat. 13:23). Şol sebäpli biz özümizi başgalar bilen deňeşdirmän, Ýehowa iň gowusyny bermeli (Gal. 6:4). Biz edýän işlerimize Hudaýyň Sözi arkaly dogry baha bersek, hemişe «köp miwe bereris» (Ýahýa 15:8).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş