Hudaýyň ruhunyň görkezýän ýoly bilen ýöräň!
«Seniň ruhuň gowudyr, ol maňa dogrular diýarynda ýol görkezsin». (ZEB. 143:10, TD)
1, 2. a) Ýehowa mukaddes ruhy arkaly gullukçylaryna nädip kömek edýär? b) Mukaddes ruh diňe belli bir ýagdaýda kömek edýärmi? Düşündiriň.
MUKADDES ruhuň täsiri barada oýlananyňyzda, siziň ýadyňyza näme düşýär? Belki, siz Gideon bilen Şimşony ýatlaýansyňyz? (Kaz. 6:33, 34; 15:14, 15). Ýa-da irki mesihçileriň batyrgaýlygy we mejlisiň öňünde gorkman duran Stefanus barada oýlanýansyňyz? (Res. iş. 4:31; 6:15). Mümkin, biziň halkara kongreslerimizdäki şatlyk-şagalaň we bitaraplygy üçin türmede oturan doganlarymyzyň aýypsyzlygy hem-de uly depgin bilen ösýän wagyz işi barada pikirlenýänsiňiz? Bularyň ählisi mukaddes ruhuň edýän işleriniň aýdyň subutnamasydyr.
2 Mukaddes ruh diňe belli bir pursatda ýa-da agyr ýagdaýda kömek edýärmi? Ýok. Hudaýyň Sözünde mesihçiler «ruhda gezýärler», «ruh olara ýol görkezýär» we «ruha görä ýaşaýarlar» diýilýär (Gal. 5:16, 18, 25). Diýmek, mukaddes ruh biziň ýaşaýşymyza hemişe täsir edip bilýär. Şol sebäpli biz her gün Ýehowadan mukaddes ruhy arkaly oý-pikirimizi, sözümizi we edýän işlerimizi ugrukdyrmagy haýyş etmeli (Zeb. 143:10). Mukaddes ruhuň görkezýän ýoly bilen ýöresek, dogan-uýalary ruhlandyrýan we Hudaýy şöhratlandyrýan häsiýetleri ösdüreris.
3. a) Biz näme üçin mukaddes ruhuň görkezýän ýoly bilen ýöremeli? b) Biz haýsy soraglara serederis?
3 Mukaddes ruhuň görkezýän ýoly bilen ýöremek näme üçin wajyp? Eger mukaddes ruhuň görkezýän ýoly bilen ýöremesek, onda biz oňa garşy gidýän başga bir güýjüň täsirine düşeris. Injilde oňa «ten» diýilýär. Ol Adam atadan miras galan bikämilligiň, ýagny günäli teniň azgyn höweslerini aňladýar (Galatýalylar 5:17-ni okaň). Hudaýyň ruhunyň görkezýän ýoly bilen ýöremek üçin näme etmeli? Günäli teniň höweslerine nädip garşy durup bolar? Şu soraglaryň jogabyny bilmek üçin, geliň, ruhuň miwesine, ýagny «sabyr, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk, ýumşaklyk we nebsiňe buýurmaklyk (özüňe erk etmeklik, TD)» ýaly häsiýetlere seredeliň (Gal. 5:22, 23).
Ýumşaklyk we sabyr parahatlyk döredýär
4. Ýumşaklyk we sabyr ýygnakda nädip parahatlyk döredýär?
4 Efesliler 4:2, 3-nji aýatlary okaň. Ýygnakda parahatlygyň bolmagy üçin, ýumşaklyk we sabyr-takat ýaly wajyp häsiýetleriň ikisi-de gerekdir. Bu häsiýetler birek-birek bilen mylakatly bolmaga, biri gaharyňy getirende-de, özüňi parahat alyp barmaga we kimdir biriniň aýdan ýaramaz sözi ýa-da erbet işi üçin öç almakdan saklanmaga kömek edýär. Eger imandaşymyz bilen aramyza tow düşse, onda biz «owarram bolsun» diýip, öýke-kine edip ýörmän, gaýtam, sabyr bilen parahatlygy dikelderis. Dogrudan-da, ýumşaklyk we sabyr gerekli häsiýet. Sebäbi biziň ählimiz bikämil ahyryn.
5. Pawlus bilen Barnabasyň arasynda näme boldy we bu nämäni görkezýär?
5 Geliň, häzir Pawlus hem-de Barnabas bilen bolan waka seredeliň. Olar hoş habary wagyz etmekde ençeme ýyl eginme-egin işleşdiler; olaryň hersiniň-de gowy häsiýetleri bardy. Emma bir gezek olaryň «aralaryna agzalalyk düşüp, biri-birlerinden aýryldylar» (Res. iş. 15:36—39). Görşümiz ýaly, hatda ruhy taýdan berk imandaşlaryň arasynda-da, käte agzalalyk döräp biler. Eger iki mesihçiniň arasynda düşünişmezlik dörän bolsa, onda olar ara tow düşmez ýaly näme edip biler?
6, 7. a) Injildäki haýsy maslahata eýersek, dawanyň öňüni alyp bileris? b) «Eşitmekde çalt, geplemekde assa, gaharlanmakda assa bolmagyň» näme peýdasy bar?
6 Injiliň käbir terjimelerine görä, Pawlus bilen Barnabasyň aralaryna düşen agzalalyk duýdansyz hem güýçli bolupdyr. Eger mesihçi imandaşy bilen gepleşende, gaharynyň gelýändigini duýsa, onda ol Ýakup 1:19, 20-nji aýatlardaky: «Her adam eşitmekde çalt, geplemekde assa, gaharlanmakda assa bolsun. Sebäbi adamyň gahary Hudaýyň talap edýän dogrulygyny emele getirmez» diýen maslahata eýerse paýhasly bolar. Mesihçi ýagdaýa görä, dawa turmanka gürrüňi başga tarapa sowmaga, eglişik etmäge ýa-da ötünç soramaga jan etmeli (Sül. tym. 12:16; 17:14; 29:11).
7 Bu maslahata eýermegiň nähili peýdasy bar? Eger mesihçi imandaşy bilen gürrüňi soňa goýup, köşeşse, dörän düşünmezlik barada doga etse we näme jogap berjekdigi barada oýlansa, onda Hudaýyň ruhy oňa täsir eder (Sül. tym. 15:1, 28). Ol mukaddes ruhuň kömegi bilen ýumşak we sabyrly bolup biler. Ol Efesliler 4:26, 29-njy aýatlardaky: «Gaharlanyň, ýöne günä etmäň... Agzyňyzdan hiç haçan hapa söz çykarman, gaýtam, eşidenler peýdalanar ýaly, gerekli abatlyk üçin oňat sözler aýdyň» diýen maslahata eýerjek bolar. Hawa, biz ýumşaklygy we sabry geýip, ýygnagyň parahat hem-de agzybir bolmagyna ýardam edýäris.
Mähribanlyk we ýagşylyk bilen abatlaň
8, 9. Mähribanlyk, ýagşylyk näme we olar maşgalada nähili şertleri döretmäge ýardam edýär?
8 Efesliler 4:31, 32; 5:8, 9-njy aýatlary okaň. Mähribanlyk we ýagşylyk häsiýetleri yssy howada ýakymly şemal ýa-da sowuk suw kimindir. Bu häsiýetler maşgala ojagyny bezeýär. Mähribanlyk başgalar barada ýürekden gyzyklanmaga, olar üçin peýdaly işleri etmäge we sypaýy sözleri aýtmaga höweslendirýär. Ýagşylyk hem mähribanlyk ýaly örän gowy häsiýetdir; ol hem adamlar barada iş ýüzünde alada etmäge isleg döredýär. Bu häsiýet jomartlygy bilen tapawutlanýar (Res. iş. 9:36, 39; 16:14, 15). Emma onuň başga-da aýratynlygy bar.
9 Ýagşylyk — ýokary derejede ahlakly bolmagy aňladýar. Ol biziň diňe bir edýän işlerimize däl-de, esasan, ýüregimiziň oý-pikirlerine hem täsir etmeli. Ony içi-de, daşy-da zaýalanmadyk tagamly miwe bilen deňeşdirse bolar. Mukaddes ruhuň ösdürýän ýagşylyk häsiýeti mesihçiniň bütin ýaşaýşyna täsir edýär.
10. Ruhuň miwesini ösdürmäge maşgala agzalaryna näme kömek eder?
10 Mesiçileriň maşgalasynda birek-birege mähribanlyk we ýagşylyk bildirmäge näme kömek eder? Esasan, Hudaýyň Sözi kömek edip biler (Kol. 3:9, 10). Käbir maşgalabaşylar her hepde maşgala okuwyny geçirende, mukaddes ruhuň ösdürýän häsiýetlerini öwrenýärler. Olary öwrenmek kyn däl. Munuň üçin ruhuň ösdürýän her bir häsiýetine degişli öz diliňizde bolan edebiýatlary okap bilersiňiz. Siz her maşgala okuwynda olaryň bir aýratynlygyny öwrenip bilersiňiz. Mukaddes Ýazgylardan getirilýän aýatlary açyp, olary ara alyp maslahatlaşjak boluň. Bilen zatlaryňyzy durmuşyňyzda ulanyň we edýän tagallalaryňyza Ýehowanyň pata bermegi barada doga ediň (1 Tim. 4:15; 1 Ýahýa 5:14, 15). Dogrudan-da, şeýle okuw maşgala agzalarynyň agzybir bolmaga kömek edermi?
11, 12. Mesihçi är-aýallara mähribanlyk häsiýeti nähili kömek etdi?
11 Ýaňy durmuş guran bir är-aýal maşgalasyny berkitmek üçin ruhuň miwesini çuňňur öwrenmegi maksat edindiler. Bu olara nähili kömek etdi? Aýaly şeýle gürrüň berýär: «Biz mähribanlyk häsiýetiniň biri-biriňe ynamly we wepaly bolmalydygyny bilenimizden bäri, özümizi düýbünden başgaça alyp barýarys. Biz eglişik etmegi we geçirimli bolmagy öwrenýäris hem-de birek-birege “sag bol“, “bagyşla“ diýmegi unutmaýarys».
12 Bir är-aýal maşgalasynda mähribanlyk häsiýetiniň ýetmezçilik edýändigine göz ýetirdiler. Şol sebäpli olar bu häsiýete nämäniň degişlidigini bilmegi ýüregine düwdüler. Onuň netijesi nähili boldy? Äri şeýle gürrüň berýär: «Mähribanlyk barada köpräk öwrenip, biz birek-biregi aýyplamagymyzy bes etdik we ýagşy niýetde bolup, gowy häsiýetleri görmelidigimize düşündik. Biz biri-birimiz barada köpräk alada edip başladyk. Indi aýalym öz pikirini aýdanda, men öňki ýaly gaharlanmaýaryn. Sebäbi men öz üstümde işläp, tekepbirlik häsiýetimi goýdum. Biz mähribanlygy iş ýüzünde görkezip başlanymyzda, öýke-kine etmek ýa özüňi aklamak pikirimize-de gelmedi. Biziň egnimizden agyr ýük aýrylan ýaly boldy». Siz hem maşgalaňyz bilen ruhuň miwesini ösdürmek islärmisiňiz?
Ýeke wagtyňyz imanyňyz gowşamasyn
13. Biz Hudaý bilen dostlugymyza abanýan haýsy howpdan ägä bolmaly?
13 Mesihçiler köpçülikde-de, ýeke wagtlary-da Hudaýyň ruhunyň görkezýän ýoly bilen ýöremeli. Şeýtanyň dünýäsinde ahlaksyz suratlar we azgyn göwün açmalar gitdigiçe ýaýraýar. Şeýle zatlar biziň Hudaý bilen dostlugymyza howp salyp biler. Biz näme edip bileris? Hudaýyň Sözi şeýle maslahat berýär: «Her hili hapalygy, her hili ýamanlygyň galyndysyny taşlap, özüňizde ekilen, janyňyzy gutarmaklygy başarýan sözi ýumşaklyk bilen kabul ediň» (Ýakup 1:21). Geliň, häzir Ýehowanyň öňünde sap galmaga kömek edýän ruhuň ýene bir häsiýeti, ýagny iman barada gürrüň edeliň.
14. Imanyň gowşamagy nämä eltip biler?
14 Iman, aslynda, Ýehowa Hudaýyň bardygyna berk ynanmagy aňladýar. Eger biz Hudaýyň bardygyna berk ynanmasak, onda aňsatlyk bilen nädogry ýola düşüp bileris. Geliň, häzir geçmişde Hudaýyň halky bilen bolan bir waka seredeliň. Ýehowa Ezekiýel pygambere halkyň edýän ýaramaz işlerini görkezip, şeýle diýdi: «Ynsan ogly, sen Ysraýyl ýaşulularynyň hersiniň garaňkylykda, oýulyp nagyşlanan heýkelleri bilen içki otaglarynda nämeler edýändigini gördüňmi? Olar: “Ýehowa bizi görmeýär, Ýehowa bu ýurdy terk etdi“ diýýärler» (Ezek. 8:12). Siz nämäniň kynçylyk döredýändigine üns berdiňizmi? Olar Ýehowanyň ähli zady görýändigine ynanmaýardylar. Sebäbi olaryň imany ýokdy.
15. Ýehowa bolan berk iman bizi nämeden goraýar?
15 Indi bolsa, Ýusup bilen bolan waka seredeliň. Ýusup maşgalasyndan we halkyndan uzakda ýaşasa-da, Potifaryň aýalynyň ahlaksyz teklibini inkär edýär. Näme üçin? Ol şeýle diýdi: «Men bu uly ýamanlygy nähili edeýin we Hudaý ýanynda günäkär bolaýyn?» (Gel. çyk. 39:7—9). Hawa, Ýusup Ýehowanyň bardygyna berk ynanýardy. Eger biz hem Hudaýyň bardygyna berk ynansak, onda ýeke wagtymyz-da ahlaksyz göwün açmalary ýa-da işleri etmeris, çünki Hudaýyň şeýle işleri halamaýandygyny bilýäris. Biz mezmurçy ýaly hereket etmäge çalşarys: «Men öýümde aýypsyz ýürek bilen gezerin. Erbet zady gözümiň öňünde tutmaryn; azaşanlaryň işini ýigrenýärin, ol maňa ýapyşmaz» (Zeb. 101:2, 3).
Özüňize erk edip, ýüregiňizi goraň
16, 17. a) Süleýmanyň tymsallaryna görä, «düşünjesi kemlik edýän ýaş ýigit» günäniň toruna nädip düşdi? b) Şu günler mesihçileriň şeýle tora nädip düşmegi mümkin?
16 Ruhuň ösdürýän ýene bir häsiýeti — özüňe erk etmek. Bu häsiýetiň kömegi bilen biz Hudaýyň ýazgarýan zatlaryndan gaça durup, ýüregimizi gorarys (Sül. tym. 4:23). Geliň, Süleýmanyň tymsallary 7:6—23-nji aýatlarda gürrüň berilýän bir waka seredeliň. Onda «düşünjesi kemlik edýän bir ýaş ýigidiň» ahlaksyz aýalyň toruna düşendigi barada aýdylýar. Ýigit şol «aýalyň öýüniň burçuna ýakyn köçeden geçip barýardy». Ýaş ýigit bilesigelijilik bilen onuň öýüniň golaýyna barýar. Şeýdip, ol akmaklyk edip, öz «janyna kast» edenini bilmän galýar.
17 Bu ýaş ýigit «onuň ýodalarynda azaşma» diýen maslahata gulak asan bolsa, şeýle heläkçilige düşmezdi (Sül. tym. 7:25). Eger biz Hudaýyň ruhunyň görkezýän ýoly bilen ýöremekçi bolsak, onda günäniň üstünden eltjek ýagdaýlardan gaça durmaly. Eger mesihçi belli bir maksatsyz telewizory bir kanaldan beýleki kanala geçirip ýa-da Internete biderek güýmenip otursa, onda ol «düşünjesi kemlik edýän ýaş ýigidiň» ýoluna düşüp biler. Şeýle ýagdaýda, ol islese-islemese-de, jynsy höwesi oýarýan şekilleriň ýa suratlaryň üstünden baryp, kem-kemden pornografiýanyň toruna düşmegi mümkin. Bu zatlar onuň ynsabyny hapalar we Hudaý bilen dostlugyny bozar, hatda gelejegine-de täsir eder (Rimliler 8:5—8-nji aýatlary okaň).
18. Mesihçi ýüregini goramak üçin nähili çäreler görüp biler we olar nädip özüne erk edýärler?
18 Eger nazarymyz ahlaksyz şekile düşse, onda biz özümize erk edip, dessine gözümizi sowmaly. Emma şeýle ýagdaýlaryň öňüni alsak, has gowy bolar (Sül. tym. 22:3). Munuň üçin ätiýaçlyk çärelerini görüp, özüňe erk etmeli. Meselem, kompýuteri hemmelere görünýän ýerde goýup, özümizi gorap bileris. Käbir mesihçiler kompýuteri we telewizory diňe öýde adam barka ulanýarlar. Başgalar bolsa Internet edinmeýärler (Mat. 5:27—30). Geliň, özümizi we maşgalamyzy goramak üçin gerekli çäreleri görüp, Ýehowa «sap ýürekden, dogry ynsapdan, hilesiz imandan ugur alan söýgi» bilen gulluk edeliň (1 Tim. 1:5).
19. Ruhuň görkezýän ýoly bilen ýöremegiň nähili peýdasy bar?
19 Mukaddes ruhuň ösdürýän häsiýetleri bize ençeme bereketler berer. Ýumşaklyk we sabyr ýygnagyň agzybir bolmagyna ýardam edýär. Mähribanlyk we ýagşylyk maşgalamyzy bagtly eder. Iman we özüňe erk etmeklik bolsa, bize Ýehowanyň dosty bolup, päk ynsaby saklamaga kömek eder. Galatýalylar 6:8-de: «Ruhda eken bolsa Ruhdan ebedi ýaşaýyş orar» diýilýär (Gal. 6:8). Hawa, Ýehowa mukaddes ruhuny ulanyp, ruhuň görkezýän ýoly bilen ýöreýän adamlara Mesihiň töleg gurbany esasynda ebedi ýaşaýyş berer.
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Ýumşaklyk we sabyr ýygnagyň agzybir bolmagyna nädip ýardam edýär?
• Maşgalada mähribanlyk we ýagşylyk häsiýetlerini bildirmäge mesihçilere näme kömek eder?
• Iman we özüňe erk etmeklik mesihçä ýüregini goramaga nädip ýardam berer?