Siz «Ruhda gezermisiňiz?»
«Ruhda geziň, şonda teniň höweslerini ýerine ýetirmersiňiz» (GALATÝALYLAR 5:16).
1. Mukaddes ruha garşy günä edendirin diýen biynjalygy nädip ýeňip bolýar?
ÝEHOWANYŇ mukaddes ruhuna garşy günä edendirin diýen biynjalygy nädip ýeňip bolýar? Munuň üçin Pawlus resulyň: «Ruhda geziň, şonda teniň höweslerini ýerine ýetirmersiňiz» diýen maslahatyna eýermeli (Galatýalylar 5:16). Eger biz Hudaýyň ruhunyň görkezmesine eýersek, nädogry ten höwesini ýeňip bileris (Rimliler 8:2—10).
2, 3. Ruhda gezsek, bize nähili täsir eder?
2 Eger biz «ruhda gezsek», Hudaýyň hereket edýän güýji Ýehowa gulak asmaga höweslendirer. Biz Hudaýa ýaraýan häsiýetleri gullukda, ýygnakda, öýde we ähli ýerlerde görkezeris. Şonda ýanýoldaşymyz, çagalarymyz, dogan-uýalar we başga adamlar bilen gatnaşyk edende mukaddes ruhuň miwesi aýdyň görner.
3 «Ruhda Hudaýa görä ýaşamak» günä etmekden saklaýar (1 Petrus 4:1—6). Eger biz ruhuň täsirine ýol bersek, bagyşlanmaýan günä etmeris. Hawa, mukaddes ruh gowy täsir edýär. Biz ruhda gezsek, durmuşymyza ýene-de nähili täsir eder?
Hudaý we Mesih bilen ýakyn gatnaşygy saklaň
4, 5. Ruhda gezsek, Isa bolan garaýşymyza nähili täsir eder?
4 Ruhda gezsek, Hudaý we onuň Ogly bilen ýakyn gatnaşygymyzy saklap bileris. Pawlus resul Korintosdaky mesihçilere ýazan hatynda ruhy sylaglar barada aýdýar. Öň butparaz bolan imandaşlaryna ol şeýle diýdi: «Şonuň üçin size aýdýaryn, Hudaýyň Ruhy bilen gepleýän kişi: «Isa lagnat!» diýmez, hiç kim hem Mukaddes Ruh bilen bolmasa: «Isa Rebdir!» diýip bilmez» (1 Korintoslylar 12:1—3). Isany lagnatlamaga iterýän ruh Şeýtan Iblisdendir. Biz ruhda gezýän mesihçiler hökmünde, Ýehowanyň Isa Mesihi ölümden direldip, ähli zatdan beýgeldendigine ynanýarys (Filipililer 2:5—11). Biz Mesihiň töleg gurbanyna iman edip, Hudaýyň ony Reb hökmünde belländigini kabul edýäris.
5 I asyrda käbir imandan dänen mesihçiler Isanyň bedende gelenini ykrar etmediler (2 Ýahýa 7—11). Käbir adamlar şeýle ýalan garaýşy kabul edip, Isa Mesih baradaky hakyky taglymaty inkär etdiler (Markus 1:9—11; Ýahýa 1:1, 14). Eger ruhda gezsek, ol bizi imandan dänmekden gorar. Biz ruhy taýdan oýa bolmaly, diňe şonda Ýehowanyň merhemetini gazanyp, «hakykatda gezmegimizi» dowam ederis (3 Ýahýa 3, 4). Şol sebäpli, geliň, imandan dändirýän ähli zatlardan ýüz öwrüp, gökdäki Atamyz bilen ýakyn gatnaşygymyzy saklalyň.
6. Hudaýyň hereket edýän güýji ruhda gezýänlere nähili häsiýetleri ösdürmäge kömek edýär?
6 Pawlus resul imandan dändirýän butparazlygy we sektantlygy ahlaksyzlyk, zynahorlyk ýaly «ten işlerine» deňedi. Soňra ol: «Mesih Isa degişli bolanlar bedeni hyjuw hem höwesleri bilen birlikde haça [pürse, TD] çüýländir. Ruha görä ýaşaýan bolsak, onda Ruha görä-de gezeliň» diýip düşündirdi (Galatýalylar 5:19—21, 24, 25). Hudaýyň hereket edýän güýji ruhda ýaşaýan we gezýän adamlara nähili häsiýetleri ösdürmäge kömek edýär? Pawlus resul şeýle diýdi: «Ruhuň miwesi bolsa söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyr, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk, ýumşaklyk we nebsiňe buýurmaklykdyr» (Galatýalylar 5:22, 23). Geliň, ruhuň miwesiniň aýratynlyklaryna seredeliň.
«Biri-biriňizi söýüň»
7. Söýgi näme we onuň nähili käbir aýratynlyklary bar?
7 Söýgi — mukaddes ruhuň miwesi bolup, gowy görmegi we öz nebsiňe çapman, mähirli gatnaşykda bolmagy aňladýar. Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaý söýgüdir» diýilýär. Sebäbi ol söýginiň nusgasydyr. Isa Mesihiň töleg gurbany Hudaýyň we Oglunyň adamlara bolan beýik söýgüsini görkezýär (1 Ýahýa 4:8; Ýahýa 3:16; 15:13; Rimliler 5:8). Isanyň şägirtleri hökmünde bizi biri-birimize bildirýän söýgimizden tanaýarlar (Ýahýa 13:34, 35). Hakykatdan-da, bize «biri-birimizi söýmek» tabşyryldy (1 Ýahýa 3:23). Pawlus resul söýgi sabyrly we mähirlidir diýdi. Söýgi öwünmeýär, göripçilik we biabraý iş etmeýär, öz nepini gözlemeýär. Ol gaharlanmaýar we içinde hylt saklamaýar. Ol adalatsyzlyga şatlanman, hakykata şatlanýar. Söýgi her zada döz gelýändir, ynanýandyr, umyt baglaýandyr we çydaýandyr. Şeýle-de söýgi asla tükenmez (1 Korintoslylar 13:4—8).
8. Biz näme üçin imandaşlarymyzy söýmeli?
8 Eger biz mukaddes ruha söýgini ösdürmäge ýol bersek, bu Hudaý we goňşy bilen gatnaşygymyza täsir eder (Matta 22:37—39). Ýahýa resul: «Doganyny söýmeýän ölümde galýandyr. Doganyny ýigrenýän kişi ganhordyr, siz hiç bir ganhorda ebedi ýaşaýşyň galmaýanyny bilýänsiňiz» diýdi (1 Ýahýa 3:14, 15). Gadymy Ysraýylda kim adama duşman bolman öldürse, ýagny ony ýigrenmedik bolsa, ol gaçybatalga şäherinde gizlenip bilýärdi (Kanunyň gaýtalanyşy 19:4, 11—13). Eger biz mukaddes ruhuň görkezmesine eýersek, Hudaýy, imandaşlarymyzy we başga adamlary söýeris.
«Ýehowanyň şatlygy biziň kuwwatymyzdyr»
9, 10. Şatlanmak näme we şatlanmaga nähili sebäpler bar?
9 Şatlyk bu uly bagt. Ýehowa «mübärek Hudaýdyr» (1 Timoteos 1:11; Zebur 104:31). Isa Atasynyň islegini berjaý etmekden keýp alýardy (Zebur 40:8; Ýewreýler 10:7—9). Şeýle-de «Ýehowanyň şatlygy biziň kuwwatymyzdyr» (Nehemýa 8:10).
10 Hudaýyň berýän şatlygy onuň islegini berjaý edip, kynçylyga, betbagtçylyga we yzarlamalara uçranda-da, kalbymyza rahatlyk berýär. «Hudaýy tanamak» biziň üçin uly bagtdyr! (Süleýmanyň tymsallary 2:1—5). Biz Hudaý barada dogry bilim alyp, oňa we Isa Mesihiň töleg gurbanyna iman edip, Ýehowa bilen gatnaşykdan şatlanýarys (1 Ýahýa 2:1, 2). Şatlanmagyň ýene bir sebäbi halkara hakyky doganlygyň agzasy bolmakdyr (Sefanýa 3:9; Haggaý 2:7). Hudaýyň Patyşalygyna bolan umyt we hoş habary wagyz etmek ýaly hormata mynasyp iş hem bizi begendirýär (Matta 6:9, 10; 24:14). Biz ebedi ýaşaýşa bolan umyda hem guwanýarys (Ýahýa 17:3). Şeýle ajaýyp geljegiň garaşýandygy üçin biz «diňe şatlanmaly» (Kanunyň gaýtalanyşy 16:15).
Parahat we köp sabyrly bolmak
11, 12. a) Parahatlyk näme? b) Hudaýyň parahatçylygy bize nähili täsir edýär?
11 Ruhuň ýene-de bir miwesi parahatlyk bolup, ol rahatlygy hem-de biynjalyksyzlygy aňladýar. Gökdäki Atamyz parahatlyk Hudaýydyr we onuň Sözi bizi: «Öz halkyna parahatlyk berekedini berer» diýip ynandyrýar (Zebur 29:11; 1 Korintoslylar 14:33). Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Men size parahatlyk goýup barýaryn, Öz parahatlygymy size berýärin» (Ýahýa 14:27). Bu onuň şägirtlerine nädip kömek etdi?
12 Isanyň beren parahatlygy şägirtleriniň ýüregine, pikirine rahatlyk berip, gorkyny aýyrdy. Esasanam, olar mukaddes ruh alanlarynda kalbynda parahatlyk duýdular (Ýahýa 14:26). Şu günlerem mukaddes ruhuň täsiri arkaly dogalarymyza jogap alyp, deňi-taýy bolmadyk «Hudaýyň parahatçylygy» ýüregimizi hem pikirimizi rahatlandyrýar (Filipililer 4:6, 7). Şeýle-de Ýehowanyň ruhy bize imandaşlar hem-de başga adamlar bilen oňşukly we parahat ýaşamaga kömek edýär (Rimliler 12:18; 1 Selanikliler 5:13).
13, 14. Köp sabyrly bolmaklyk näme we biz näme üçin köp sabyrly bolmaly?
13 Parahatçylyk köp sabyrly bolmak bilen bagly. Köp sabyrly bolmak bize erbetlik edenlerinde çydamagy we ýagdaýyň gowulanmagyna umyt etmegi aňladýar. Hudaý sabyr-takatlydyr (Rimliler 9:22—24). Bu häsiýet Isada-da bar. Pawlus resul Isanyň sabyr-takaty bize peýda getirjekdigi barada şeýle diýýär: «Mesih Isa özüne iman edip, ebedi ýaşaýşa gowuşjaklara görelde hökmünde Öz çäksiz sabryny günäkärleriň iň erbedi bolan mende görkezsin diýip, maňa rehim edildi» (1 Timoteos 1:16).
14 Adamlar oýlanyşyksyz sözleri we edýän işleri bilen göwnümize degende, köp sabyrly bolmaklyk çydamaga kömek edýär. Pawlus resul mesihçilere: «Hemmeler barada sabyrly boluň» diýip maslahat berdi (1 Selanikliler 5:14). Ähli adamlar bikämil bolandygy üçin ýalňyşýarlar. Elbetde, adamlaryň göwnüne degenimizde olaryň bize köp sabyrly bolmagyny isleýäris. Şonuň üçin, geliň, biz hem höwes bilen köp sabyrly bolmaga çalşalyň (Koloseliler 1:9—12).
Mähribanlyk we ýagşylyk ediň
15. Mähribanlyk näme we ony görkezenleriň mysalyny getiriň.
15 Biz adamlar bilen gyzyklanýandygymyzy sözde we iş ýüzünde bildirip, olaryň aladysyny etsek hem-de dostlukly gatnaşsak, mähribanlygymyzy görkezeris. Ýehowa we onuň Ogly mähribandyr (Rimliler 2:4; 2 Korintoslylar 10:1). Hudaýyň we Isanyň gullukçylaryndan mähriban bolmaklyk talap edilýär (Mika 6:8; Koloseliler 3:12). Hatda Hudaý bilen ýakyn gatnaşygy bolmadyk käbir adamlar hem adatdan daşary «ynsanperwerlik görkezýärler» (Resullaryň işleri 27:3; 28:2). Şonuň üçin biz ruhda gezsek, mähriban bolup bileris.
16. Biz nähili ýagdaýlarda mähribanlyk görkezmeli?
16 Bize kimdir biri erbet söz aýdanda ýa-da oýlanyşyksyz hereket edende ýerlikli gaharlansak-da, mähriban bolup bileris. Pawlus resul şeýle diýdi: «Gaharlanyň, ýöne günä etmäň. Gaharyňyzyň üstüne gün ýaşmasyn. Iblise ýol bermäň. Biri-biriňize mähriban, gamhor boluň, Hudaýyň sizi Mesihde bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi bagyşlaň» (Efesliler 4:26, 27, 32). Esasanam, synaga uçranlara mähriban bolmaly. Ýygnak ýaşulysy «ýagşylygyň, dogrulygyň we hakykatyň» ýolundan çykan adamyň göwnüne degmejek bolup, Mukaddes Ýazgylaryň esasynda maslahat bermese, mähribanlygyny görkezmeýär (Efesliler 5:9).
17, 18. Ýagşylyk näme we durmuşymyzda onuň nähili ähmiýeti bar?
17 Ýagşylyk etmek ýokary ahlak häsiýet bolup, ýagşy zat etmäge çalyşmakdyr. Ýehowa sözüň doly manysynda ýagşylyk edýär (Zebur 25:8; Zakarýa 9:17). Isa hem şeýle häsiýeti görkezdi. Ýöne oňa bir adam «ýagşy mugallym» diýende, ol «ýagşy» derejäni kabul etmedi (Markus 10:17, 18). Sebäbi Isa ýagşylyk etmekde iň gowy göreldäni Ýehowanyň görkezýändigini bilýärdi.
18 Günäni miras alanymyz üçin, biz hemişe ýagşylyk edip bilmeýäris (Rimliler 5:12). Muňa garamazdan, biz Hudaýdan «sagdyn paýhasy... öwretmegi» dilesek, bu häsiýeti bildirip bileris (Zebur 119:66). Pawlus resul rimdäki imandaşlaryna: «Eý doganlar, men siziň ýagşylykdan doludygyňyza, bütin bilim bilen dolandygyňyza... ynanýaryn» diýdi (Rimliler 15:14). Mesihçi gözegçiler «ýagşylygy söýýän» bolmaly (Titus 1:7, 8). Eger Hudaýyň ruhunyň görkezmesine eýersek, ýagşylyk edýänler hökmünde tanalarys we Ýehowa «eden ýagşylygymyzy unutmaz» (Nehemýa 5:19; 13:31).
«Hilesiz iman»
19. Ýewreýler 11:1-de iman barada näme diýilýär?
19 Iman hem mukaddes ruhuň miwesidir. Ýewreýler 11:1-de: «Iman bolsa, umyt edilen zatlara bil baglamak, görünmeýän zatlara ynamdyr» diýilýär. Eger biz iman etsek, Ýehowanyň beren ähli wadalaryny ýerine ýetirjekdegine ynanarys. Görünmeýäniň subutnamasy şeýle aýdyň welin, muňa iman etmegiň özi subutnama bolýar. Meselem, ýaradylan zatlar Ýaradyjynyň bardygyny subut edýär. Ruhda gezsek, biz şeýle iman edýändigimizi görkezeris.
20. «Aňsatlyk bilen günä bürelmek» näme, biz bu günäden we ten işlerinden nädip gaça durup bileris?
20 Iman etmezlik «aňsatlyk bilen günä bürelmekdir» (Ýewreýler 12:1). Biz imandan dändirýän ten işlerinden, baýamakdan, ýalan taglymatlardan gaça durmak üçin Hudaýyň ruhuna bil baglamaly (Koloseliler 2:8; 1 Timoteos 6:9, 10; 2 Timoteos 4:3—5). Hudaýyň ruhy I asyrdaky mesihçilere we Mukaddes Ýazgylarda aýdylan beýleki gullukçylara kömek edişi ýaly, Ýehowanyň häzirki Güwäçilerine-de imanyny artdyrmaga kömek edýär (Ýewreýler 11:2—40). Biz «hilesiz imanda» bolsak, adamlaryň imanyny berkitmäge ýardam ederis (1 Timoteos 1:5; Ýewreýler 13:7).
Ýumşaklyk we nebsiňe buýurmak
21, 22. Ýumşaklyk näme we biz ony näme üçin görkezmeli?
21 Ýumşaklyk adamlar bilen özüňi mylaýym alyp barmagy aňladýar. Ýehowanyň häsiýetini gowy görkezen Isa ýumşak adamdy. Diýmek, ýumşaklyk Hudaýa mahsus häsiýetleriniň biridir (Matta 11:28—30; Ýahýa 1:18; 5:19). Şonuň üçin Hudaýyň gullukçylaryndan näme talap edilýär?
22 Mesihçilerden «ähli adamlara ýumşaklyk görkezmek» talap edilýär (Titus 3:2). Biz wagyzda ýumşaklygy görkezýäris. Mukaddes Ýazgylar ruhy taýdan ýetişen mesihçilere, ýalňyşanlary «ýumşaklyk ruhy bilen» dogry ýola getirmäge maslahat berýär (Galatýalylar 6:1). Biziň her birimiz «pes göwünlilik, ýumşaklyk bilen» mesihçileriň agzybirligini we parahatlygyny goldap bileris (Efesliler 4:1—3). Eger biz ruhda gezsek we nebsimize buýursak, ýumşak bolup bileris.
23, 24. Nebsiňe buýurmaklyk näme we ol bize nädip kömek edýär?
23 Nebsiňe buýurmaklyk pikirimize, gepleýşimize we edýän hereketimize gözegçilik etmegi aňladýar. Gadymy döwürde babyllylar Iýerusalimi weýran edende, Ýehowa «nebsine buýrupdy» (Işaýa 42:14). Isa-da horluk çeken wagty nebsine buýrup, bize görelde galdyrdy. Petrus resul hem mesihçilere «bilimde nebsiňe buýurmagy... köpeltmegi» maslahat berdi (2 Petrus 1:5—8; 1 Petrus 2:21—23).
24 Mesihçi ýaşululardan nebsine buýurmaklyk talap edilýär (Titus 1:7, 8). Hakykatdan-da, mukaddes ruhuň görkezmesine eýerýän ähli adamlar nebsine buýrup, ahlaksyzlykdan, paýyş sözlerden ýa-da Ýehowa ýaramaýan islendik zatlardan gaça durup biler. Eger biz Hudaýyň ruhuna nebsimize buýurmaklygy ösdürmäge ýol bersek, adamlar muny gepleýşimizden we özümizi alyp barşymyzdan görerler.
Ruhda geziň
25, 26. Ruhda gezsek, adamlar bilen häzirki gatnaşygymyza we geljegimize nähili täsir eder?
25 Biz ruhda gezsek, Patyşalygyň yhlasly wagyzçylary bolarys (Resullaryň işleri 18:24—26). Şonda adamlara, aýratynam, Hudaýyň wepaly gullukçylaryna biziň bilen gatnaşmak ýakymly bolar. Mukaddes ruhuň görkezmesine eýersek, ruhy dogan-uýalary galkyndyrarys (Filipililer 2:1—4). Muny ähli mesihçiler islemeýärlermi?
26 Şeýtanyň gol astyndaky dünýäde ruhda gezmeklik aňsat däl (1 Ýahýa 5:19). Muňa garamazdan, şu günler millionlarça adamlar ruhda gezýärler. Biz bütin ýüregimiz bilen Ýehowa bil baglasak, şu wagtdan bagtly bolarys we mukaddes ruhy söýgi bilen berýän Hudaýyň dogry ýolundan ebedi ýöräp bileris (Zebur 128:1; Süleýmanyň tymsallary 3:5, 6).
Siz nähili jogap berersiňiz?
• «Ruhda gezsek», Hudaý we onuň Ogly bilen gatnaşygymyza nähili täsir eder?
• Mukaddes ruhuň miwesine nähili häsiýetler girýär?
• Hudaýyň ruhunyň miwesini nädip görkezip bileris?
• Ruhda gezsek, häzirki durmuşymyza we geljegimize nähili täsir eder?