Ýehowa bütin maşgalaňyz bilen gulluk ediň
1 Mukaddes Ýazgylaryň ýazylan döwründe maşgala agzalary köp işleri bile edýärdiler. Olar öý hojalygyny bütin maşgalasy bilen dolandyrýardylar, iň esasy zat bolsa, Ýehowa bilelikde sežde edýärdiler (Lew. 10:12—14; Kanun. 31:12). Şu günler köp döwletlerde maşgala agzalary bile az zat edýärler. Emma mesihçiler maşgala bolup bile bir zat etmegiň, esasanam, Hudaýa bile sežde etmegiň wajypdygyna düşünýärler. Maşgalany Döreden Ýehowa maşgala agzalaryň agzybirlikde sežde edýänini görüp örän begenýär!
2 Bile wagyz ediň. Hoş habary bile wagyz etmek maşgalanyň agzybirligini berkidýär. Şol sebäpli ýaşulular dogan-uýalar bilen wagyz edende, aýaly we çagalary bilen hem wagyz etmegi unutmaýarlar (1 Tim. 3:4, 5). Hatda aýlanýan gözegçiler hem işlidigine garamazdan, aýaly bilen gulluk etmäge ýörite wagt sarp edýärler.
3 Ata-eneler çagalary bilen wagyz edip, olara ukyply hoş habarçy bolmaga kömek edip bilerler. Şonuň netijesinde çagalar ata-enesiniň gullukdan alýan şatlygyny, lezzetini we olaryň Ýehowa hem-de goňşusyna bolan söýgüsini görüp bilerler (Kanun. 6:5—7). Çagalar ulalanda-da, olar bilen wagyz etmegiň ähmiýetine kembaha garamaly däl. Ogullary 15 ýaşdan 21 ýaşa ýeten üç çagaly bir ata-ene, çagalary bilen yzygiderli wagyz edýärler. Kakasy şeýle diýýär: «Biz olara her gezek bir zady öwredýäris we gullukdan lezzet alyp, ruhlanar ýaly jan edýäris».
4 Bile taýynlanyň. Maşgala agzalary wagyz gullugyna bile taýynlanmagyň peýdalydygyna göz ýetirdiler. Çagalar bile taýýarlanmagy halaýarlar: olar gysgaça hödür edip ýa-da söhbetdeş bolup bilerler. Käbir maşgalalar wagyz gullugyna taýynlanmak üçin maşgala okuwyndan soň biraz wagt sarp edýärler.
5 Biz dogan-garyndaşlarymyz bilen wajyp we lezzet getirýän işi bile etsek şatlygymyz artar. Maşgala agzalaryň ählisi bolup öýden-öýe wagyz edip, ikilenç ideg etmek we Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmek nähili ýakymly! Bütin maşgalaňyz bilen Ýehowa sežde edýäniňiz üçin, siz: «Men we meniň öýüm Ýehowa gulluk eder» diýip, ynam bilen aýdyp bilersiňiz (Ýeş. 24:15).