Minnetdar boluň
1 Isa on sany heýwere keselli adamy sagaldanda, olardan diňe biri yzyna öwrülip, minnetdarlygyny bildirdi. Isa: «Tämizlenenler on dälmidi? Galan dokuzy hany?» diýdi (Luka 17:11—19). Jomart we söýgüden doly gökdäki Atamyz Ýehowa Hudaýyň ähli oňat, kämil sowgadyna minnetdar bolmak örän wajypdyr (Kol. 3:15; Ýakup 1:17).
2 Biz nähili sowgatlara minnetdar bolmaly? Adamlar Hudaýyň beren uly sowgady bolan töleg gurbanyna minnetdar bolmaly (Ýahýa 3:16). Şeýle-de biz Ýehowanyň özüne ýakynlaşmaga mümkinçilik döredendigine minnetdarlyk bildirmeli (Ýahýa 6:44). Minnetdarlygymyzyň ýene-de bir sebäbi, bütin dünýäde dogan-uýalarymyzyň agzybir bolmagydyr (Zeb. 133:1—3). Ýehowanyň beren başga-da ençeme sowgatlaryny sanasa bolar. Ýehowanyň işlerini unudan we gadyryny bilmedik ysraýyllylara, geliň, hiç haçan meňzemäliň! (Zeb. 106:12, 13).
3 Minnetdarlyk bildiriň. Heýwere keselli adamlaryň onusy hem Isadan minnetdardy, emma olardan diňe biri minnetdarlyk bildirdi (Luka 17:15). Biz hoş habary yhlasly wagyz edip, minnetdarlygymyzy bildirýäris. Biz söýgüden doly Atamyzyň ähli eden zatlary üçin minnetdar bolandygymyz sebäpli, onuň söýgüsine eýerip, adamlara ol barada gürrüň berýäris (Luka 6:45). Biz adamlara Ýehowanyň «ajaýyp işlerini» hem-de adamlar babatda ençeme pikirlerini gürrüň berdigimiz saýyn, Ýehowa bolan söýgimiz we minnetdarlygymyz artar (Zeb. 40:5).
4 Minnetdar bolmagy adamlara öwrediň. Biz çagalarymyza we Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlara minnetdar bolmagy öwretmäge mümkinçilik gözlemeli. Mysal üçin, ata-eneler çagalary bilen Ýehowanyň ýaradan zatlaryna syn edip, şatlananlarynda, minnetdar bolmagy öwredip bilerler (Rim. 1:20). Biz Mukaddes Ýazgylar okuwynda öwrenýän adama şeýle sorag berip bileris: «Bu Ýehowanyň haýsy häsiýetini görkezýär?» Okuw geçýän adam minnetdar bolmagy öwrendigi saýyn, Hudaýa bolan söýgüsi we oňa ýaramly bolmak islegi artar.
5 Bu soňky günlerde adamlaryň köpüsi gadyr bilmezdir (2 Tim. 3:1, 2). Wepaly gullukçylarynyň hoş habary yhlasly wagyz edip, minnetdarlyk bildirmegi, gör, nähili Ýehowany şatlandyrýar! (Ýakup 1:22—25).