Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 12/09 sah. 1
  • Gaýragoýmasyz wagyz ediň!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Gaýragoýmasyz wagyz ediň!
  • Hudaýa gullugymyz — 2009
  • Meňzeş maglumat
  • Wagtyň az galandygyny unutmaň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Hoş habary gaýragoýulmasyz wagyz ediň
    Hudaýa gullugymyz — 2014
  • «Ýehowanyň beýik güni ýakyndyr»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Täsirli öwüt-ündew bermek
    Wagyz mekdebi
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2009
km 12/09 sah. 1

Gaýragoýmasyz wagyz ediň!

1. Pawlusyň sözleri bizi şu günler nämä höweslendirýär?

1 Pawlus resul: «Hudaýyň sözüni gaýragoýmasyz wagyz et» diýdi (2 Tim. 4:2, TD). Näme üçin bu sözler şu günler wajyp? Onuň sözleri bize we başga adamlara nähili täsir edýär?

2. Näme üçin hoş habary eşitmedik adamlary erjellik bilen gözlemeli?

2 Adamlaryň jany howp astynda. Bütin dünýäde millionlarça adamlar halas edýän hoş habary eşitdiler (Rim. 10:13—15; 1 Tim. 4:16). Emma ýygy-ýygydan wagyz edilýän meýdançalarda köp ak ýürekli adamlary tapyp bolýar. Eger biz meýdançamyzda her hili wagtda we hepdäniň her hili günlerinde wagyz etsek, dürli adamlara duşarys. Eger biz erjellik bilen wagyz etsek, ynsabymyz arassa bolar we adamlaryň ganyna galmarys (Res. iş. 20:26).

3. Gullukda wagtymyzy nädip paýhasly sarp edip bileris?

3 I asyrda mesihçiler güýçli yzarlamalara garamazdan, «öz taglymaty bilen Iýerusalimi doldurdylar» (Res. iş. 5:28). Biz hem köp adamlara wagyz etmäge tagalla edýärismi? (Res. iş. 10:42). Gullukda wagtymyzy paýhasly ulanýarysmy? Bir meýdançadan başga meýdança gidenimizde, ýolda wagyz etmäge jan edýärismi?

4. Gaýragoýulmasyz wagyz etmek oýa bolmaga nädip kömek edýär?

4 Öňküden-de has oýa bolalyň. Zalym dünýäniň soňy ýetip gelýändigi sebäpli, biz hüşgär we oýa bolmaly (1 Sel. 5:1—6). Hudaýyň Patyşalygyna bolan umydymyzy yzygiderli wagyz etsek, zalym dünýäniň aladalary bize ýük bolmaz (Luka 21:34—36). Gaýtam, Ýehowanyň gününi unutman, halas ediji wagyz işine has yhlasly gatnaşarys (2 Pet. 3:11, 12).

5. Adamyň janyny gymmat saýsak, nädip wagyz ederis?

5 Biz gaýragoýulmasyz wagyz edip, Ýehowanyň ýaşaýşa bolan garaýşyny görkezýäris. «Ol hiç kim heläk bolman, hemmeleriň toba gelmegini isleýär» (2 Pet. 3:9; Ezek. 33:11). Biz meýdançalarymyzda her bir mümkinçilikden peýdalanyp, köp adamlara wagyz etsek, Ýehowany şöhratlandyrarys! (Zeb. 109:30).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş