Okuw geçýän adam üçin «janyňyzy beriň»
1. Okuw geçýän adama kömek etmek üçin näme etmeli?
1 Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adama özüni Hudaýa bagyş etmäge kömek etmek üçin, onuň bilen ýöne yzygiderli okuw geçmek ýeterlikli däl. Pawlus resul öwredýän adamlary bilen gatnaşygyny çagasyny bagryna basýan enäniň mährine meňzedýär. Biz hem okuw geçýän adama ruhy taýdan ösmäge kömek eder ýaly, «janymyzy-da bermäge» razy bolmaly (1 Sel. 2:7—9).
2. Okuw geçýän adam bilen näme üçin ýürekden gyzyklanmaly we muny nädip edip bileris?
2 Ýürekden gyzyklanyň. Okuw geçýän adam öwrenýän zatlaryny ulanyp başlanda, ynsabyna görä, Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýermeýän adamlar bilen gatnaşygyny kesýär (1 Pet. 4:4). Şeýle-de dogan-garyndaşlary ondan ýüz öwürýär (Mat. 10:34—36). Okuw geçýän adamyň ýüregi giňär ýaly, biz onuň bilen içgin gyzyklanmaly. Bir missioner şeýle maslahat berýär: «Okuw geçeniňizden soň, derrew gitmek bilen bolmaň. Ýerlikli bolsa, okuw geçensoň, biraz wagt galyp, gürrüňdeşlik ediň». Okuw geçýän adama gerekli kömek ediň. Meselem, ol kesellän wagty jaň edip ýa-da öýüne baryp habaryny tutup bilersiňiz. Onuň bilen ýygnak duşuşyklarynda bile otursaňyz, gerek bolanda çagalaryna seretmäge kömek etseňiz gowy bolar.
3. Okuw geçýän adam ýygnaga baryp ruhlanar ýaly, biz näme edip bileris?
3 Ýygnagyň kömegi. Siz okuw geçýän adamyň öýüniň golaýynda wagyz edýän bolsaňyz, öýüne degip geçip, bile wagyz edýän dogan ýa-da uýa bilen tanyşdyryň. Käwagt ýerlikli bolsa, okuw geçmäge dürli dogan-uýalary we ýaşululary çagyryň. Gyzyklanýan adam bilen yzygiderli okuw geçip başlansoň, ony ýygnak duşuşyklaryna barmaga höweslendiriň. Şonda ol ruhy dogan-uýalar bilen tanşyp, gatnaşyp başlar (Mar. 10:29, 30; Ýew. 10:24, 25).
4. Biziň edýän tagallalarymyz nädip sylaglanar?
4 Çagalaryna ruhy taýdan kömek edýän ata-eneler, olar Ýehowanyň ýoluny saýlap, hakykatda ýöränlerinde örän begenýärler (3 Ýahýa 4). Biz hem okuw geçýän adamlara janymyzy bermäge razy bolsak, şonuň ýaly şatlanarys.