Wagyzçylar elmydama doga etmeli
1. Wagyz işini ýerine ýetirmekde näme wajyp?
1 Biz wagyz işini öz güýjümiz bilen däl-de, Ýehowanyň kömegi bilen ýerine ýetirýäris (Flp. 4:13). Ol perişdelerini ugradyp, ýumşak adamlary gözlemäge kömek edýär (Ylh. 14:6, 7). Ýehowanyň patasy bilen biz hakykat tohumyny ekýäris we suwarýarys (1 Kor. 3:6, 9). Şonuň üçin wagyz işinde gökdäki Atamyza doga etmek, gör, nähili wajyp!
2. Näme hakynda doga etse bolar?
2 Özüň üçin doga et. Wagyz edenimizde hemişe dogada bolmaly (Efes. 6:18). Dogada näme dilese bolar? Batyrgaýlygy hem-de wagyz meýdançamyza dogry garaýyşda bolmagy diläp bileris (Res. iş. 4:29). Şeýle-de, ak ýürekli adamlar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlar ýaly, Ýehowadan görkezme sorap bileris. Eger gyzyklanýan adam sorag berse, dogry jogap bermek üçin içimizden Ýehowa gysgaça doga edip bileris (Neh. 2:4). Şeýle-de wagyz işini ilkinji orunda goýar ýaly, akyldarlyk diläp bileris (Ýakup 1:5). Eger bize ynanylan iş üçin dogamyzda minnetdardygymyzy bildirsek, Ýehowanyň ýüregini şatlandyrarys (Kol. 3:15).
3. Başgalar üçin doga etseň, wagyz işine nähili ýardam edýär?
3 Başgalar üçin doga et. Şeýle-de biz «biri-birimiz üçin doga etmeli» (Ýakup 5:16; Res. iş. 12:5). Syrkaw bolsaň-da, beýleki wagyzçylar üçin hem doga edip bilersiň. Seniň dogalaryň olara kömek edip bilejekdigine şübhelenme. Hatda başga ýurtlardaky doganlarymyz «aram we gep-gürrüňsiz ýaşar ýaly» döwlet ýolbaşçylarynyň hoşamaý bolmagy üçin hem doga etse bolar (1 Tim. 2:1, 2).
4. Näme üçin biz erjellik bilen doga etmeli?
4 Biz hoş habary öz güýjümiz bilen wagyz edip bilmeris. Eger «dogada erjellik etsek», onda Ýehowanyň kömegi bilen wagyz işini ýerine ýetirip bileris (Rim. 12:12).