Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 7/10 sah. 1
  • Biz nämäni birinji orunda goýmaly?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Biz nämäni birinji orunda goýmaly?
  • Hudaýa gullugymyz — 2010
  • Meňzeş maglumat
  • Sen gullugyňy birkemsiz ýerine ýetirýärsiňmi?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Onuň «yzyny alyp göteriň»
    Hudaýa gullugymyz — 2008
  • Wagyz işini gymmat saýyň!
    Hudaýa gullugymyz — 2011
  • Wagyzda Isanyň göreldesine eýeriň
    Hudaýa gullugymyz — 2007
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2010
km 7/10 sah. 1

Biz nämäni birinji orunda goýmaly?

1. Isa wagyz işini wajyp saýýandygyny nädip görkezdi?

1 Isa wagyz işini birinji orunda goýýardy. Ol hoş habary has köp adama eşitdirmek üçin, Palestina topragynda ýüzlerçe kilometr ýol söküp, güýjüni gaýgyrmaýardy. Isa ünsüni we wagtynyň köp bölegini wagza sarp etmek üçin ýönekeý dürmuşy alyp barýardy (Mat. 8:20). Haçan-da adamlar keselden gutulmak üçin Isany başga şähere goýbermejek bolanlarynda, ol: «Hudaýyň Patyşalygynyň Hoş Habaryny Men beýleki şäherlere-de bildirmeli. Çünki Men munuň üçin wagyz etdim» diýdi. (Luka 4:43).

2. Isa wagyz işini näme üçin örän wajyp hasaplaýardy?

2 Isa wagyz işini näme üçin örän wajyp hasaplaýardy? Onuň esasy maksady — Ýehowanyň adyny şöhratlandyrmakdy (Mat. 6:9). Isa gökdäki Atasyny söýýändigi sebäpli onuň islegini doly berjaý edip, ähli buýruklaryna tabyn bolmak isleýärdi (Ýahýa 14:31). Şeýle-de, ol tüýs ýürekden adamlaryň aladasyny edip, olara kömek edesi gelýärdi (Mat. 9:36, 37).

3. Wagzy esasy orunda goýýandygymyzy nädip görkezip bileris?

3 Isanyň göreldesine eýer. Isanyň göreldesine eýerip, wagzy birinji orunda goýmak bize kyn bolmagy ähtimal. Sebäbi, bu dünýä köp wagtymyzy alyp, ünsümizi başga zatlara sowdurjak bolýar (Mat. 24:37—39; Luka 21:34). Şonuň üçin, biz nämäniň has wajypdygyna göz ýetirip, wagza taýýarlanyp, oňa yzygiderli gatnaşmagy planlaşdyrmaly (Flp. 1:10, 11). Biz dünýäden doly peýdalanman, ýönekeý durmuşy alyp barmaga jan edýäris (1 Kor. 7:31).

4. Näme üçin şu gün wagzy birinji orunda goýmaly?

4 Paýhasly adam wagtyň çäklidigini bilip, wajyp işleri birinji orunda goýýar. Meselem, eger-de ol güýçli tupanyň ýetip gelýändigini bilse, bar güýjüni we wagtyny ilki bilen öz maşgalasyny halas etmäge hem-de goňşularyny duýdurmaga gönükdirer. Onçakly möhüm däl işleri soň etse hem bolar. Armageddon tupany hem ýetip gelýär (Sef. 1:14—16; 1 Kor. 7:29). Özümizi hem-de bize gulak asýanlary halas etmek üçin diňe bir ýygnaklarda däl-de, eýsem başga ýerlerde hem özümize we öwredişimize dykgat etmeli (1 Tim. 4:16). Hawa, wagzy birinji orunda goýsak, halas bolarys!

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş