Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 3/13 sah. 1
  • Ýatlama agşamyna şatlyk bilen taýýarlanyň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýatlama agşamyna şatlyk bilen taýýarlanyň
  • Hudaýa gullugymyz — 2013
  • Meňzeş maglumat
  • «Muny berjaý ediň»
    Hudaýa gullugymyz — 2012
  • «Muny meni ýada salmak üçin ediň»
    Hudaýa gullugymyz — 2007
  • Biz näme üçin Ýatlama agşamyny belleýäris?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • Siz Ýatlama agşamyna taýýarlyk görýäňizmi?
    Hudaýa gullugymyz — 2015
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2013
km 3/13 sah. 1

Ýatlama agşamyna şatlyk bilen taýýarlanyň

1. Ýatlama agşamy döwri nämäniň ýörite wagty?

1 Sişenbe güni 26-njy martda Ýatlama agşamynda Hudaýyň gutulyş berendigine şatlanmaga gowy mümkinçilik bar (Iş. 61:10). Şadyýan bolsak, baýramçylyga öňünden gowy taýýarlyk görmäge kömek eder. Nädip?

2. Biz näme üçin Ýatlama agşamyna taýýarlyk görmeli?

2 Baýramçylyga taýýarlanyň. Rebbiň agşamy wajyp, emma ýönekeý baýramçylyk. Wajyp zatlary unutmaz ýaly öňünden planlaşdyrmaly (Sül. tym. 21:5). Baýramçylygyň geçiriljek wagtyny belläp, ýerini tapmaly we nyşanlary taýýarlamaly. Baýramçylygyň geçiriljek ýerini arassalamaly we taýýarlamaly. Doklad bilen çykyş etjek dogan gowy taýýarlyk görmeli, nyşanlary geçirýän we hyzmat edýän doganlara anyk görkezme berilmeli. Elbetde, bu zatlaryň köpüsi eýýäm edilendir. Şeýle taýýarlyk işlerini ýöne borçly bolanymyz üçin däl-de, eýsem töleg gurbanyna minnetdar bolanymyz üçin edýäris (1 Pet. 1:8, 9).

3. Biz Ýatlama agşamyna ýüregimizi nädip taýýarlap bileris?

3 Ýüregiňizi taýýarlaň. Ýatlama agşamynyň ähmiýetine düşünmek üçin ýüregimizi taýýarlamak hem wajyp (Ezra 7:10). Maşgalamyz bilen Ýatlama agşamy üçin berilýän aýatlary okamaga wagt bellemeli we her birimiz Isanyň ýer ýüzündäki soňky günleri barada oýlanmaly. Bu Ýehowanyň adamlara görkezen söýgüsine minnetdarlygymyzy artdyrar we Isa ýaly janymyzy aýamazlyga kömek eder (Gal. 2:20).

4. Töleg gurbanynyň haýsy bereketleri seni has hem begendirýär?

4 Baýramçylykdan öň we soň töleg gurbanynyň peýdasy barada oýlansak, ýüregimiz şatlykdan dolar. Isanyň ölümi Ýehowanyň hökümdarlygyny aklady. Ol bizi günäden we ölümden halas etdi (1 Ýahýa 2:2). Şeýle-de Hudaý bilen dostluga we ebedi ýaşaýşa ýol açdy (Kol. 1:21, 22). Isanyň ölümi Ýehowa özümizi bagyş etmegimize görä, ýaşamagy berk ýüregimize düwmäge we Isanyň şägirdi hökmünde galmaga kömek edýär (Mat. 16:24). Sen Ýatlama agşamyna taýýarlyk görüp gatnaşsaň, has hem begenersiň!

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş