Hödürleriň nusgasy
Iýun aýynyň ilkinji şenbe güni Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamak
«Dünýäde ähli adamlar diýen ýaly parahatlygyň bolmagyny isleýär. Emma şu çaka çenli-de uruşlar gidip dur? Siziň pikiriňizçe, näme üçin bütin dünýäde parahatlygy döredip bolanok?» (Jogap bersin). «Garawul diňi» (rus.) žurnalynyň 1-nji iýun aýynda çykan sanynyň soňky sahypasyndaky birinji soragyň aşagyndaky maglumata we getirilen aýatlaryň azyndan birine serediň. Žurnaly hödürläp, ikilenç ideg etmek üçin sorag beriň.
Bellik: Şu hödüri 1-nji iýunda wagyz duşuşygynda sahnalaşdyrmaly.
«Garawul diňi», 1-nji iýun
«Biz adamlar bilen giňden ýaýran kynçylyk barada gysgaça gürrüň edýäris. Adamlaryň köpüsi käte öňden galan ters pikirde bolýarlar. Siziň pikiriňizçe, ýer ýüzünde şeýle pikir etmeýän adam barmyka? (Jogap bersin). Hudaýyň ähli adamlara nähili garaýandygyna üns beriň (Resullaryň işleri 10:34-i oka). Bu žurnalda Hudaýyň nädip öňden galan ters pikirleriň hemişelik soňuna çykjakdygy barada aýdylýar».
«Oýanyň!», iýun
«Her bir adam gowy ýaşamak isleýär. Siziň pikiriňizçe, köpräk zat satyn alyp, gowy ýaşap bolarmyka? (Jogap bersin). Bu barada Isa pygamberiň näme diýenine üns beriň (Luka 12:15-i oka). Bu žurnalda baýlyga dogry garamak we puly tygşytly harçlamak hakynda peýdaly maslahatlar berilýär».