Wagyz üçin teklip
Mart aýynyň ilkinji şenbe güni Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlamak
◼ «Biz adamlar bilen Isa pygamberiň ölümi barada gürrüň edýäris. Käbir adamlar onuň ölümini wajyp hasaplap, onuň ölen gününi belleýärler. Käbir adamlar bolsa, onuň ölümi ähmiýetlidir öýtmeýärler. Siziň pikiriňizçe, Isa pygamberiň ölendiginiň bize peýdasy barmyka?» (Jogap bersin). («Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabynyň 5-nji babynyň 14—17-nji abzaslaryna we ondaky aýatlaryň iň bolmanda birine serediň). Soňra indiki sözbaşa ýa-da şu baba seretmek üçin ikilenç idege gepleşiň.
◼ «Köp adamlar: „Hudaý adalatsyzlyklary we horluklary näme üçin aýyrmaýarka?“ diýýärler. Ol biziň aladamyzy edýärmikä ýa-da ol: „Adamlar horluk çekse gowy bolar“ diýýärmikä? (Jogap bersin, soňra Ýahýa 3:16-ny oka). Adamlaryň köpüsi Hudaý biziň aladamyzy edýändigine ynansa-da, Isa pygamberiň ölümi arkaly bereket aljakdygyna ynanmaýarlar. Şu kitapda Isanyň ölümi arkaly ýer ýüzündäki adalatsyzlygyň we horluklaryň nädip aýyryljakdygy düşündirilýär». («Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabyň 5-nji babynyň 14—17-nji abzaslaryna serediň). Ikilenç idege gepleşiň.
◼ «Biz käbir adamlaryň şu aýatdaky sözlere ýalňyş düşünýändigi barada biraz gürrüň edýäris (Ylham 4:11-i oka). Käbir adamlar Älemiň Hudaý tarapyn ýaradylandygyna ynanýar, käbiri bolsa ynanmaýar. Siz nähili pikir edýärsiňiz? (Jogap bersiň). Adamlaryň köpüsine mekdepde ewolýusiýa taglymaty öwredilýändigi sebäpli, ýaradylyşa ynanmak kyn bolýar. Mukaddes Ýazgylarda Älemiň ýaradylyşy barada logika we hakykata laýyk düşündirilýär» (Ýewreýler 3:4-i oka). Ikilenç idege gepleşiň.