Sen mümkinçilikden peýdalanarmyň?
Ýatlama agşamy minnetdarlygymyzy bildirmäge mümkinçilik berýär
1. Ýatlama agşamynda biziň nähili ajaýyp mümkinçiligimiz bar?
1 Ýatlama agşamynda Ýehowanyň ýagşylyklaryna minnetdarlygymyzy bildirmäge we artdyrmaga ajaýyp mümkinçilik bolýar. Luka 17:11—18-nji aýatlardaky wakalar Ýehowanyň we Isanyň minnetdarlyga nähili garaýandygyny görkezýär. Gynansak-da, heýwere keselinden sagalan on adamyň diňe biri minnetdarlyk bildirdi. Gelejekde adamlar töleg gurbany arkaly ähli keselçiliklerden doly sagalyp, ebedi ýaşarlar! Elbetde, biz şonda Ýehowanyň berýän bereketlerine her gün minnetdar bolarys. Emma biz öňümizdäki hepdelerde Ýehowa minnetdarlygymyzy nädip görkezip bileris?
2. Biz töleg gurbanyna minnetdarlygymyzy nädip artdyryp bileris?
2 Minnetdarlygyňyzy artdyryň. Minnetdarlyk duýgusyny döretmek üçin oýlanmak örän wajypdyr. Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar bize töleg gurbanyna minnetdar bolmaga kömek edýär. Ýatlama agşamyna degişli aýatlary «Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň» atly broşýuradan tapyp bilersiňiz. Şol aýatlar barada maşgalaňyz bilen bile pikir alyşsaňyz gowy bolmazmy? Şeýtsek, töleg gurbanyna minnetdarlygymyzy artdyrarys. Bu biziň özümizi alyp barşymyza-da gowy täsir eder (2 Kor. 5:14, 15; 1 Ýahýa 4:11).
3. Biz Ýatlama agşamy döwri Ýehowa minnetdarlygymyzy nädip görkezip bileris?
3 Minnetdarlygyňyzy görkeziň. Minnetdarlyk iş ýüzünde görkezilýär (Kol. 3:15). Heýwere keselli adam minnetdarlygyny bildirmek üçin Isany tapmaga jan etdi. Elbetde, ol Isanyň gudrat arkaly sagaldandygy barada başgalara joşgunly gürrüň berendir (Luka 6:45). Biziň töleg gurbanyna minnetdarlygymyz Ýatlama agşamy mynasybetli geçirilýän kompaniýa yhlasly gatnaşmaga höweslendirer. Şeýle-de biz Ýatlama agşamy döwründe kömekçi pioner bolup gulluk edip ýa-da wagyz gullugyna yhlasly gatnaşyp, Hudaýa minnetdarlygymyzy görkezip bileris. Galyberse-de, Ýatlama agşamyna gelen adamlary ýürekden garşy alyp we olaryň soraglaryna jogap berip hem minnetdarlygymyzy görkezip bileris.
4. Biz Ýatlama agşamyndan soň ökünmez ýaly näme edip bileris?
4 Ýakynda boljak Ýatlama agşamy biziň üçin soňky gezek bolarmy? (1 Kor. 11:26). Biz muny bilmeýäris. Emma bu Ýatlama agşamy soňky gezek geçirilýän bolsa, onda biz minnetdarlygymyzy bildirmäge soň mümkinçiligimiziň bolmajakdygyna düşünýäris. Siz şol mümkinçilikden peýdalanarsyňyzmy? Goý, biziň ýüregimizdäki oý-pikirlerimiz we minnetdarlyk sözlerimiz töleg gurbanyny beren jomart Hudaýymyzyň göwnünden tursun! (Zeb. 19:14).