Wagyz üçin teklip
◼ «Biz Mukaddes Ýazgylar barada nädogry pikirde bolan adamlar bilen gysgaça pikir alyşýarys. Adamlaryň köpüsi Mukaddes Ýazgylara hormat goýsalar-da, oňa düşünmek kyndyr öýdýärler. Siz Mukaddes Ýazgylar barada nähili pikir edýärsiňiz? (Jogap bersin). Şu aýatda Mukaddes Ýazgylar bilen gyzyklanmagyň näme üçin wajypdygy aýdylýar». Rimliler 15:4-i okap, pikir alşyň. Soňra «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabynyň 2-nji babyna esaslanyp, gürrüňdeşligi dowam ediň.
◼ «Biz maşgalalara kömek etmek üçin gysgaça pikir alyşýarys. Her bir adam maşgalasynda parahatlygyň we agzybirligiň bolmagyny isleýär. Siziň pikiriňizçe, maşgalalara agzalalykdan gaça durmak kynmy ýa-da agzalalygyň öňüni almagy öwrenmek? (Jogap bersin). Geliň, Mukaddes Ýazgylardan bir mysala seredeliň». Süleýmanyň tymsallary 26:20-ni okap, pikir alşyň. «Şu kitapda maşgalamyzy nädip agzybir we bagtly edip bolýandygy aýdylýar». Soňra «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabynyň 14-nji babyna esaslanyp, gürrüňdeşligi dowam ediň.