MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Ýagdaýyňyz üýtgände ruhy taýdan hüşgär we yhlasly boluň
Aýratyn-da, şu soňky günlerde özgerişiklerden gaça durup bolmaýar (1Kr 7:31). Gowy ýa erbet özgerişlikler duýdansyz bolsun, bolmasyn Ýehowa gullugymyza zyýan ýetirip hem-de onuň bilen dostlugymyzy bozup biler. Ýagdaýymyz üýtgände ruhy taýdan hüşgär we yhlasly bolmaga näme kömek eder? «Göçeniňizde ruhy taýdan berk boluň» diýen wideony görüp, aşakdaky soraglara jogap beriň:
Bir dogan maşgalabaşa nähili maslahat berdi?
Maşgalabaşy Matta 7:25-den maşgalasynyň ýagdaýyna degişli nähili prinsipi tapdy?
Maşgala göçmäge nädip taýýarlanýar we bu olara nädip kömek edýär?
Bu maşgala ýygnakdaky we ýygnagyň territoriýasyndaky özgerişiklere öwrenişmäge näme kömek etdi?
Ýaňy-ýakynda meniň durmuşymda nähili uly özgerişikler boldy?
Men şu wideodaky prinsipi öz ýagdaýymda nädip ulanyp bilerin?