HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | RESULLARYŇ IŞLERI 27, 28
Pawlus gämide Rime äkidilýär
Pawlus tussag bolsa-da, wagyz etmegini bes etmeýärdi. Ol gämide barýarka, onuň işçilerine we ýolagçylara wagyz edýär. Maltada gämi heläkçiliginden soň, Pawlus mümkinçilikden peýdalanyp, halas bolan adamlara wagyz edýär. Rime baranyna üç gün geçende bolsa, Pawlus wagyz etmek üçin ýehudylaryň abraýly adamlaryny ýanyna çagyrýar. Ol iki ýyl öý tussaglygyndaka ýanyna gelýänleriň ählisine wagyz edýär.
Ýagdaýyňyz çäkli bolaýanda-da, hoş habary wagyz etmek üçin näme edip bilersiňiz?