MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Pesgöwünli boluň. Öz-özüňizi öwmäň
Öz-özüňi öwüp, arşa çykarmaklyk ulumsylygyň alamaty bolup, başgalaryň göwnüne ýaramaýar. Şol sebäpli Mukaddes Kitapda şeýle maslahat berilýär: «Özüňi öwme, goý, seni il-gün öwsün» (Nak 27:2).
«ÝEHOWANYŇ DOSTY BOL. KIÇIGÖWÜNLI BOL» DIÝEN MULTFILMY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
Adamlar köplenç nämesine öwünýärler?
Aman dostunyň ýanynda näme diýip öwünýär?
Kakasy Amana pesgöwünli bolmalydygyny nädip düşündirýär?
1 Petrus 5:5-nji aýat kiçigöwünli bolmaga nädip kömek edýär?