HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 MUSA 10, 11
Musa bilen Harun batyrgaýdylar
Batyrgaý Musa we Harun şol döwür dünýä boýunça iň güýçli hökümdar hasaplanýan faraon bilen ýüzbe-ýüz gepleşdi. Olar nädip faraon bilen gorkman gürleşip bildiler? Mukaddes Kitapda Musa pygamber hakda şeýle diýilýär: «Ol patyşadan gorkýandygy üçin däl-de, Hudaýa iman edendigi üçin Müsürden çykyp gaýtdy, sebäbi ol göze görünmeýän Hudaýy görýän ýaly, imany berkdi» (Ýew 11:27). Musa bilen Harunyň Ýehowa bolan imany güýçlüdi we oňa bil baglaýardylar.
Siz haýsy ýagdaýlarda batyrgaýlyk bilen ygtyýarly adamlara imanyňyz hakda gürrüň berip bilersiňiz?