MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Ýaşlar, Ýehowa bilen dostlaşyň!
Siz dostuňyzyň nähili häsiýetli bolmagyny isleýärsiňiz? Belki, onuň wepaly, mähirli, jomart bolmagyny isleýänsiňiz. Hawa, Ýehowada şu häsiýetleriň ählisi bar (2Ms 34:6; Res 14:17). Ol siziň dogalaryňyzy diňleýär, kyn günüňizde goldaýar (Zb 18:19, 35). Hudaý siziň ýalňyşlyklaryňyzy bagyşlaýar (1Ýh 1:9). Ýehowa taý geljek dost ýokdur!
Ýehowa bilen dostlaşmak üçin näme etmeli? Mukaddes Kitaby okap, Ýehowany tanaň we oňa bil baglaň (Zb 62:8; 142:2). Ýehowanyň gymmat saýýan zatlarynyň, ýagny Oglunyň, Hudaýyň Patyşalygynyň we wada beren zatlarynyň gadyryny biliň. Ýehowa hakda adamlara gürrüň beriň (5Ms 32:3). Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşsaňyz, ol hem siziň ebedilik dostuňyz bolar (Zb 73:25, 26, 28).
«ÝAŞLAR, ÝEHOWANY SYNAŇ WE GOLDAW BERIŞINI GÖRÜŇ» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
Hudaýa özüňi bagyş etmek we suwa çümdürilmek üçin nähili taýýarlyk görmeli?
Ýehowa köpräk gulluk etmäge dogan-uýalar nädip kömek edýär?
Wagyz işi Ýehowa bilen dostlugyňy berkitmäge nädip kömek edýär?
Ýehowa biziň ebedilik dostumyz bolar!
Siz gullugyň haýsy görnüşlerine gatnaşyp bilersiňiz?
Ýehowa Hudaýy näme üçin gowy görýärsiňiz?