HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 MUSA 37, 38
Mukaddes çadyrdaky ojaklaryň arassa seždedäki orny
Mukaddes çadyrdaky ojaklar Ýehowanyň görkezmesi boýunça ýasalypdyr. Olaryň göçme manysy hem bar.
Gowy garylyp ýasalan hoşboý ysly tütetgi ýaly, ýürekden edilýän doga-dilegler hem Ýehowanyň göwnüne ýaraýar
Ýehowa gurbanlyk ojagynda berlen gurbanlyklary kabul edýärdi. Ojak mukaddes çadyryň öňünde durýardy. Şu günler ojak Isa pygamberiň töleg gurbanyna iman etmegiň wajypdygyny ýatladýar. Eger iman etsek, Hudaýyň göwnünden turarys (Ýah 3:16—18; Ýew 10:5—10).
Doga-dileglerimiz Hudaýyň huzurynda ýakylýan tütetgi ýaly bolmagy üçin näme etmeli? (Zb 141:2)