«Dogalary eşidýäne» nädip ýakynlaşmaly
«Ähli adamzat dogalary eşidýän Saňa gelýär» (ZEBUR 65:2).
1. Ähli jandarlardan tapawutlykda adamda nähili isleg bar we bu näme etmäge mümkinçilik berýär?
MÜŇLERÇE jandarlaryň içinde diňe adam Ýaradyja sežde edip bilýär. Sebäbi diňe adamda ruhy zerurlyk bar we ol ony kanagatlandyrmak isleýär. Bu bize gökdäki Atamyza ýakynlaşmaga mümkinçilik berýär.
2. Ynsanyň günä etmegi onuň Ýaradyjy bilen ýakyn gatnaşygyna nähili täsir etdi?
2 Hudaý ynsany ýaradanda, Ýaradyja ýakynlaşyp biler ýaly edip ýaratdy. Adam ata bilen How ene günäsiz ýaradyldy. Şol sebäpli çaganyň atasyna arkaýyn ýakynlaşyp bilşi ýaly, olaram Hudaýa ýakynlaşyp bilýärdi. Emma şeýle hormatly gatnaşygy Adam ata bilen How ene günä edip bozdular. Olar Hudaýa gulak asmandyklary üçin, onuň bilen ýakyn gatnaşygyny ýitirdiler (Barlyk 3:8—13, 17—24). Adam ata bilen How enäniň nesli indi Hudaýa ýakynlaşyp bilermi? Hawa, eger-de olar Ýehowanyň aýratyn talaplaryny berjaý etseler ýakynlaşyp bilerler. Nähili talaplaryny?
Hudaýa ýakynlaşmak üçin talaplar
3. Günäli adamlar Hudaýa nädip ýakynlaşyp biler? Mysal getiriň.
3 Biz Adam atanyň ogullary bilen bolan wakadan, Hudaýa ýakynlaşmak isleýän bikämil adamlardan Onuň näme talap edýändigini bilýäris. Kabyl bilen Habyl Hudaýa ýakynlaşmak üçin oňa gurban berdiler. Habylyň gurbanyny Hudaý kabul etdi, Kabylyňkyny bolsa kabul etmedi (Barlyk 4:3—5). Näme üçin? Ýewreýler 11:4-de şeýle diýilýär: «Ol [Habyl] iman bilen dogry adam bolup, Hudaýyň berekellasyny gazandy». Bu sözler Hudaýa ýakynlaşmak üçin oňa iman etmelidigini görkezýär. Hudaýyň beýleki talabyny bolsa, Onuň Kabyla aýdan sözlerinden görse bolýar. Ýehowa oňa: «Eger ýagşylyk etseň, ol beýgelmejekmi?» diýdi. Hawa, Kabyl ýagşylyk eden bolsady, Hudaý ony özüne ýakynlaşdyrardy. Emma Kabyl Hudaýyň maslahatyna gulak asman Habyly öldürdi we gaçgak bolup ýaşamaly boldy (Barlyk 4:7—12). Diýmek, adamzadyň taryhyndan bilşimiz ýaly, Hudaýa ýakynlaşmak üçin oňa iman we ýagşylyk etmeli.
4. Hudaýa ýakynlaşmak üçin biz nämäni boýun almaly?
4 Hudaýa ýakynlaşmak üçin biz günälidigimizi boýun almaly. Ähli adamlar günäli, günä bolsa Hudaýa ýakynlaşmaga päsgel berýär. Ýeremiýa pygamber ysraýyllylar barada: «Biz günä edip, özdiýenlilik etdik. . . Dogalarymyz eşidilmez ýaly, sen özüňi bulutlar bilen örtdüň» diýdi (Ýeremiýanyň agysy 3:42, 44). Taryhdan görşümiz ýaly, adamlaryň günälidigine garamazdan, iman bilen ak ýürekden ýakynlaşýanlaryň hem-de onuň tabşyryklaryny berjaý edýänleriň dogasyny Hudaý kabul edýär (Zebur 119:145). Şeýle adamlar kimler we olaryň eden dogasyndan biz näme öwrenip bileris?
5, 6. Ybraýymyň Hudaýa dogada ýüzlenişinden biz näme öwrenip bileris?
5 Şeýle adamlaryň biri Ybraýymdy. Ol Hudaý bilen dogry gatnaşykdady; şonuň üçin Hudaý oňa «meniň dostum» diýdi (Işaýa 41:8). Biz Ybraýymyň Hudaýa dogada ýüzlenişinden nämä öwrenip bileris? Ybraýym pygamber Ýehowa nesil barada sorag berip şeýle diýdi: «Maňa näme berjek? Men çagasyz barýaryn» (Barlyk 15:2, 3; 17:18). Şeýle-de Hudaý Sodom we Gomoranyň erbet adamlaryna höküm çykaranda, Ybraýym kimiň halas boljakdygy barada ynjalyksyzlanyp doga etdi (Barlyk 18:23—33). Ybraýym başga adamlar üçin hem doga edýärdi (Barlyk 20:7, 17). Ol Habyl ýaly Ýehowa gurban berýärdi (Barlyk 22:9—14).
6 Ybraýym ähli ýagdaýlarda-da Ýehowa bilen arkaýyn gürleşýärdi, ýöne ol Ýaradyjynyň öňünde özüni pesgöwünli tutýardy. Onuň Hudaýa hormat bilen ýüzlenişi Barlyk 18:27-de görünýär. Ol: «Ine, men şindi Reb bilen gepleşmegi öz üstüme aldym we men gum hem küldirin» diýdi. Bu biziň üçin gowy görelde, şeýle dälmi?
7. Pygamberler näme barada Ýehowa doga edýärdiler?
7 Pygamberler hem dürli ýagdaýlarda doga edende, Ýehowa olary eşidýärdi. Ýakup kasam edip, Hudaýa doga etdi. Ol Hudaýdan kömek diländen soň, dabaraly söz berip: «Maňa beren her zadyňdan ondan birini Saňa bererin» diýdi (Barlyk 28:20—22). Soňra Ýakup dogany bilen duşuşanda, Ýehowadan: «Dileg edýärin, meni doganymyň elinden, Esawyň elinden gutar, çünki... gorkýaryn» diýip, goramagyny diledi (Barlyk 32:9—12). Eýýup hem maşgalasy üçin Ýehowa gurban berip, oňa ýakynlaşýardy. Onuň üç sany dosty gepinde günä edende, Eýýup olar üçin doga etdi, «Ýehowa Eýýubyň ýüzüni kabul etdi» (Eýýup 1:5; 42:7—9). Bize bu wakalar Ýehowa näme barada doga etmelidigini öwredýär. Şeýle-de Ýehowanyň dogry adamlaryň dogasyny eşitmäge taýyndygyna göz ýetirdik.
Musanyň kanunynyň talaplary
8. Musanyň kanuny boýunça Ýehowa halkyň adyndan kim doga edýärdi?
8 Ýehowa Ysraýyl halkyny Müsürden azat edenden soň, olara Musa arkaly kanun berdi. Bu kanun boýunça bellenilen ruhanylar arkaly Hudaýa ýakynlaşyp bolýardy. Käbir lewililer ruhany hökmünde halkyň adyndan gulluk edýärdiler. Haçan-da bütin halka degişli mesele ýüze çykanda, bir wekil ýa patyşa, ýa-da pygamber halkyň adyndan Hudaýa doga edýärdi (1 Patyşalar 8:21, 22; 14:36—41; Ýeremiýa 42:1—3). Mysal üçin, Süleýman patyşa ybadathatananyň açylyşynda, Ýehowa ýürekden doga edip ýakynlaşdy. Ýehowa ybadathanany öz şöhraty bilen dolduryp: «Meniň gulagym şu ýerde edilýän dogalara ünsli bolar» diýip, dogasyny kabul edendigini görkezdi (2 Taryhlar 6:12—7:3, 15).
9. Ybadathanadaky Mukaddes Jaýda Ýehowa ýakynlaşmak üçin näme talap edilýärdi?
9 Ysraýyllylara berlen kanuna görä, ybadathanadaky Mukaddes Jaýda Ýehowa ýakynlaşmak üçin talaplar bardy. Nähili talaplar? Baş ruhany her gün irden we agşam diňe bir mallary gurban bermän, eýsem, Ýehowanyň öňünde buhur hem ýakmalydy. Şeýle-de bu ruhanylyk hyzmatyny ruhanylar Günäden Tämizlenilýän günden başga wagty ýerine ýetirýärdiler. Eger-de ruhanylar bu düzgüne hormat goýmasalar, Ýehowa olaryň gullugyny kabul etmeýärdi (Çykyş 30:7, 8; 2 Taryhlar 13:11).
10, 11. Her kesiň dogalaryny Ýehowanyň eşidýändigini nireden bilýäris?
10 Gadymy Ysraýylda Hudaýa diňe bellenen wekiller arkaly ýakynlaşyp bolýarmydy? Ýok, Mukaddes Ýazgylarda aýratynlykda edilýän dogalaryň hem Ýehowa ýaraýandygy aýdylýar. Ybadathananyň açylyşynda Süleýman patyşa Ýehowa: «Her kesiň ýa-da tutuş Ysraýyl halkyň edýän ähli dogalaryny, dileglerini... şu ybadathana tarap elini uzadyp aýdanda, Sen gökden eşit» diýip ýalbardy (2 Taryhlar 6:29, 30). Luka bize şeýle habar berýär; Çokundyryjy Ýahýanyň atasy Zakarýa buhur ýakmak üçin ybadathana girende, ähli jemagat Ýehowa «daşarda doga edip durdy». Altyndan gurbanlyk edilýän ýerde buhur ýakylýan wagty, ybadathananyň daşynda ýygnanyşyp doga etmek jemagata adat bolupdy (Luka 1:8—10).
11 Diýmek, dogry ýol bilen ýakynlaşanlarynda, Ýehowa bütin halk üçin doga edýän wekilleriňem, ýekelikde ýüz tutýanlaryňam dogasyny höwes bilen kabul edýär. Şu günler biz Musanyň kanuny boýunça ýaşamaýarys. Ýöne şonda-da, geçmişde ysraýyllylaryň Hudaýa doga arkaly ýakynlaşmagyndan wajyp zatlary öwrenip bileris.
Mesihçiler Hudaýa nädip ýakynlaşýarlar
12. Mesihçiler Ýehowa nädip ýakynlaşyp bilýärler?
12 Biz şu günler Isanyň tabşyrygy boýunça ýaşaýarys. Indi Hudaýyň halkynyň adyndan ruhanylaryň gulluk edýän we biziňem şoňa tarap öwrülip, Hudaýa doga eder ýaly ybadathanamyz ýok. Muňa garamazdan, Ýehowa ýakynlaşmak üçin henizem gurluş bar. Nähili gurluş? B. e. 29-njy ýylynda Isa pygamber mesh edilende we baş ruhany bolup bellenilende, ruhy ybadathana açyldy.a Ruhy ybadathana — Isa Mesihiň töleg gurbany arkaly Hudaýa ýakynlaşyp bolýan Ýehowanyň täze gurluşy (Ýewreýler 9:11, 12).
13. Doga babatda Iýerusalimdäki ybadathana bilen ruhy ybadathananyň näme meňzeşligi bar?
13 Iýerusalimdäki ybadathananyň gurluşynyň köpüsi ruhy ybadathananyň aýratynlyklaryna we dogalara degişli zatlara gowy düşünmäge kömek edýär (Ýewreýler 9:1—10). Mysal üçin, ybadathananyň Mukaddes Jaýynda gurbanlyk edilýän ýerde irden we agşam ýakylýan buhur nämäni aňladýar? Ylham kitaby buhury «mukaddesleriň dogalary» diýip düşündirýär (Ylham 5:8; 8:3, 4). Dawut pygamber: «Dogam huzuryňda tüsse kimin» diýip ýazdy (Zebur 141:2). Şonuň üçin doganlaryň dogasy we olaryň Ýehowa aýdýan öwgi sözleri ýakylýan buhuryň ýakymly ysy kimindir (1 Selanikliler 3:10).
14, 15. a) Mesh edilen mesihçileriň b) «başga goýunlaryň» Hudaýa ýakynlaşmagy babatda näme diýse bolar?
14 Bu ruhy ybadathanada kim Hudaýa ýakynlaşyp bilýär? Iýerusalimdäki ybadathananyň içki howlusynda ruhanylaram, lewililerem gulluk edip bilýärdi, ýöne Mukaddes Jaýa diňe ruhanylar girip bilýärdi. Gökde ýaşamaga umyt edýän mesh edilen mesihçiler içki howluda we Mukaddes Jaýda gulluk edip bilýändigi üçin, ruhy taýdan aýratyn ýagdaýda bolup, bu olara Hudaýa doga etmäge we ony şöhratlandyrmaga mümkinçilik berýär.
15 Ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän «başga goýunlar» barada näme diýse bolar? (Ýahýa 10:16). Işaýa pygamber «ahyrky günler» Ýehowa sežde etmek üçin köp halkdan adamlar geler diýdi (Işaýa 2:2, 3). Şeýle-de ol «kesekileriň» hem Ýehowa ýakynlaşjakdygyny aýtdy. Ýehowa olaryň ýakynlaşmaga taýyndygyny görüp, şeýle diýdi: «Men olary doga edilýän öýümde begendirerin» (Işaýa 56:6, 7). Ylham 7:9—15-nji aýatlarda «her milletden... uly märekäniň» ruhy ybadathananyň daşky howlusynda durup, Hudaýa sežde we doga edýändigi barada jikme-jik düşündirilýär. Şu günler Hudaýyň gullukçylarynyň ählisi Hudaýa arkaýyn ýakynlaşyp bilýändigini we Ýehowanyň olary eşidýändigini bilmek, bize teselli berýär!
Hudaý nähili dogalary kabul edýär?
16. Doga etmek babatda I asyrdaky mesihçilerden näme öwrenip bileris?
16 I asyrdaky mesihçiler köp doga edýärdiler. Olar näme barada doga etdiler? Ýygnagyň ýaşululary jogapkärli borja doganlary bellemek üçin, görkezme diläp doga etdiler (Resullaryň işleri 1:24, 25; 6:5, 6). Epafra imandaşlary üçin doga edipdi (Koloseliler 4:12). Petrusy türmä basanlarynda, Iýerusalimdäki ýygnagam onuň üçin doga edipdi (Resullaryň işleri 12:5). I asyrdaky mesihçiler yzarlanan mahaly: «Ýa Reb, indi, olaryň howp salyşlaryna seret, gullaryňa bütin batyrlyk bilen Öz sözüňi sözlemäge gaýrat ber» diýip, Hudaýdan batyrgaý bolmagy dilediler (Resullaryň işleri 4:23—30). Ýakup resul bolsa, synaga düşen mesihçilere Hudaýdan akyldarlygy dilemegi maslahat berdi (Ýakup 1:5). Senem şeýle zatlar barada doga edýärmiň?
17. Ýehowa kimleriň dogasyny kabul edýär?
17 Hudaý ähli dogalary kabul etmeýär. Onda Hudaý biziň dogalarymyzy eşider ýaly näme etmeli? Gadym döwürlerde Hudaýa gulak asýan wepaly adamlar ak ýürekden we dogry niýet bilen oňa doga edip ýakynlaşýardylar. Şeýle-de olar imanyny oňat işleri bilen görkezýärdiler. Bizem olardan görelde alsak, Ýehowanyň dogalarymyzy eşitjekdigine ynanyp bileris.
18. Hudaý dogalarymyzy eşider ýaly, bizden näme talap edilýär?
18 Hudaýa ýakynlaşmak üçin ýene-de bir talap bar. Bu barada Pawlus resul: «Ol arkaly Atanyň huzuryna çykara ýolumyz açykdyr» diýdi (Efesliler 2:13, 18). Pawlus «Ol arkaly» diýip ýazanda, kimi göz öňünde tutduka? Elbetde, Isa Mesihi (Efesliler 2:13, 18). Hawa, Isa arkaly biz gökdäki Atamyza arkaýyn ýüzlenip bileris (Ýahýa 14:6; 15:16; 16:23, 24).
19. a) Ýehowa ysraýyllylaryň buhur ysly gurbanyny haçan ýigrendi? b) Biziň dogalarymyz Ýehowa üçin ýakymly ysly buhur kimin bolar ýaly näme etmeli?
19 Ýokarda agzalşy ýaly, ysraýylly ruhanylaryň ýakýan buhury Hudaýa wepaly adamlaryň Oňa ýaraýan dogalaryny aňladýardy. Ýöne käwagtlar Ýehowa buhurlaryň ysyny ýigrenýärdi. Sebäbi ysraýyllylar ybadathanada buhur ýakyp, şol bir wagtyň özünde butlara sežde edýärdiler (Ezekiýel 8:10, 11). Şu günlerem kimdir biri men Ýehowanyň gullukçysy diýip, onuň kanunyny bozsa, olaryň dogalary Hudaý üçin ýakymsyz ysly buhur kimindir (Süleýmanyň tymsallary 15:8). Şol sebäpli dogalarymyz Hudaý üçin ýakymly ysly buhur kimin bolar ýaly, halal we arassa ýaşalyň. Ýehowa diňe dogry ýol bilen ýöreýän adamlaryň dogasy ýaraýar (Ýahýa 9:31). Ýöne şonda-da käbir soraglar ýüze çykýar. Biz nädip doga etmeli? Näme barada doga edip bileris? Hudaý biziň dogalarymyza nädip jogap berýär? Indiki makalada şu we beýleki soraglara serederis.
a 2001-nji ýylynyň Magtymguly aýynyň 15-ine çykan sanynyň 27-nji sah. seret.
Siz nähili düşündirersiňiz?
• Bikämil adamlar Hudaýa nädip dogry ýol bilen ýakynlaşyp biler?
• Doga etmek babatda pygamberlerden nähili görelde alyp bileris?
• I asyrdaky mesihçileriň dogasyndan näme öwrenip bileris?
• Biziň dogalarymyz Ýehowa üçin haçan ýakymly ysly buhur kimin bolar?