Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwb21 Maý sah. 13
  • Maşgalaňyzy söýüň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Maşgalaňyzy söýüň
  • Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2021
  • Meňzeş maglumat
  • Maşgalany nädip bagtly etmeli?
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Hudaýa ýaraýan maşgala durmuşy
    Hudaý bizden näme talap edýär?
  • Ömürlik nikanyň iki açary
    Maşgala bagtynyň syry
  • Maşgalada parahatlygy saklaň
    Maşgala bagtynyň syry
Başgalary
Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2021
mwb21 Maý sah. 13
Bir maşgala ýygnak duşuşygynda aýdym aýdýar.

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Maşgalaňyzy söýüň

Söýgi maşgalany agzybir edýär. Maşgala agzalary bir-birini söýmese, eginme-egin işleşip, birek-biregini goldap bilmeýär. Är-aýallar we ene-atalar nädip maşgalasyny söýüp biler?

Maşgalasyny söýýän erkek adam aýalynyň duýgusyny, pikirini göz öňünde tutýar we gerek-ýarak zatlaryny ýetirip durýar (Efs 5:28, 29). Ol maşgalasyny iýdirip-geýdirip, yzygider maşgala okuwyny geçirip, ruhy taýdan sagdyn bolmagynyň aladasyny edýär (1Tm 5:8). Maşgalasyny söýýän aýal ärine tabyn bolýar we «çuňňur hormat» goýýar (Efs 5:22, 33; 1Pe 3:1—6). Är-aýalyň ikisem bir-birini ýürekden bagyşlamaly (Efs 4:32). Maşgalasyny söýýän ene-atalar çagalarynyň her biriniň aladasyny edip, Ýehowany söýmegi öwredýärler (5Ms 6:6, 7; Efs 6:4). Olar çagalarynyň mekdepde nähili kynçylyklara duşýandygy we deň-duşlarynyň täsirine nädip garşy durýandygy barada gyzyklanyp durmaly. Maşgala ojagynda söýgi bolsa, hemmeler özüni rahat hem-de arkaýyn duýarlar.

«MAŞGALADA SÖÝGIMIZI BILDIRÝÄRIS» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • «Maşgalada söýgimizi bildirýäris» diýen wideodan bir parça. Är-aýal ýygnak duşuşygyndan gelensoň bir aýady okap, pikir alyşýar.

    Maşgalabaşy aýalyny söýýändigini we aladasyny edýändigini nädip görkezýär?

  • «Maşgalada söýgimizi bildirýäris» diýen wideodan bir parça. Ýygnakdan gelensoň, uýa Ýehowa iman etmeýän äri bilen sabyrly gürleşip, ony köşeşdirýär.

    Maşgalasyny söýýän aýal ärine nädip çuňňur hormat goýýar?

  • «Maşgalada söýgimizi bildirýäris» diýen wideodan bir parça. Bir maşgala saçak başynda ýygnakda eşiden zatlary hakda pikir alyşýarlar.

    Mähirli ene-atalar çagalarynyň aňyna hem ýüregine Hudaýyň Sözüni nädip guýýar?

ELEKTRON ENJAMLARY BILEN BAGLY DUÝDURYŞLAR

Elektron enjamlary köp wagtyňy alýar we maşgala agzalaryň bir-birine bolan söýgüsini sowadýar. Şol sebäpli ene-atalar elektron enjamlaryny ulanmakda özleri üçinem, çagalary üçinem wagt goýup bilerler. Şeýle-de ene-atalar çagalarynyň internetde näçe wagt oturýandygyna we kimler bilen hat ýazyşýandygyna gözegçilik edip durmaly.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş