Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • wp21 No. 3 sah. 4—5
  • Adamyň gelejegi nämä bagly?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Adamyň gelejegi nämä bagly?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2021
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ADAMLAR NÄMÄ YNANÝAR?
  • PEÝDASY BARMY?
  • Gowy durmuş — her bir adamyň arzuwy
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2021
  • Halal ýaşaýanlar bagtly bolup bilýärmi?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2021
  • Mukaddes Kitapda reinkarnasiýa taglymaty barmy?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Ýokary bilim we baýlyk bagtly edýärmi?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2021
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2021
wp21 No. 3 sah. 4—5
Surat: 1) palçy aýal kart arkaly birine gelejegini aýdýar. 2) Fenşuý kompasy we jaýlaryň çyzgysy. 3) Aýal ýakymly ysly tütetgi ýakýar, iýip-içgini, gülleri merhumyň suratynyň öňünde goýýar.

Adamyň gelejegi nämä bagly?

Adamlaryň köpüsi gelejeginiň adatdan daşary güýçleriň elindedigine ynanýarlar. Şol sebäpli gowy ýaşamak üçin her dürli däp-dessurlary berjaý edýärler.

ADAMLAR NÄMÄ YNANÝAR?

ASMAN JISIMLERI. Käbirleri gelejegini ýyldyzlaryň kesgitleýändigine ynanýarlar. Olar ýyldyzlara seredip pal atýan adamlara ýüz tutýarlar we täleýnama seredýärler. Olar gelejegini bilip, howp-hatardan goranmak we üstünlik gazanmak isleýärler.

PAL ATDYRMAK. Käbir adamlar gelejeginiň gowy bolmagy üçin palçylara ýüz tutýarlar. Olar palçynyň aýdyşy ýaly etse, bela-beteriň sowlup geçjekdigine we ähli zadyň gülala-güllük boljakdygyna ynanýarlar.

ATA-BABALARYŇ RUHYNY ŞAT ETMEK. Käbir adamlar ata-babalarynyň ruhuny şat etse, olaryň gorajakdygyna we bereket berjekdigine ynanýarlar. Wýetnamda ýaşaýan bir aýal şeýle gürrüň berýär: «Men öň maşgalamyň aladasyny edip, olary bela-beterden goramak we gowy durmuşda ýaşatmak üçin ata-babalarymyň ýoluna sadaka berýärdim».

REINKARNASIÝA. Köpler adam ölensoň täzeden dünýä inýändigine we ölüp gaýtadan dogulmagyň tükeniksiz dowam edýändigine ynanýarlar. Olar adamyň gowy ýa-da kösenip ýaşajakdygy öňki durmuşynda eden işlerine baglydyr öýdýärler.

Köp adamlar ýokarda agzalan zatlara ynanmasa-da, palçylara, tersokanlara ýüz tutýarlar, eliniň aýasyna ýa-da karta seretdirip pal atdyrýarlar we täleýnama seredýärler. Olar şu zatlary gelejegini bilmek üçin edýärler.

PEÝDASY BARMY?

Ýokarda agzalan zatlara ynanýan adamlar gowy ýaşaýarmy?

Geliň, Wýetnamda ýaşaýan Hao hakda gürrüň edeliň. Ol ýyldyzlara, täleýnama ynanýardy we ata-babalarynyň ruhuny şat etmek üçin elinde baryny edýärdi. Bu zatlar onuň durmuşyny gowulaşdyrdymy? Hao şeýle gürrüň berýär: «Meniň biznesim çökdi, bergä-borja batdym. Üstesine-de, maşgalamda düşünişmezlik döredi we göwnüçökgünlige düşdüm».

Taýwanda ýaşaýan Sumin ýyldyzlara, täleýnama we reinkarnasiýa ynanýardy. Ata-babalarynyň ruhuny şat etmek üçin jan edýärdi. Ol şu zatlar barada gözleg-barlag geçirip, şeýle netijä gelýär: «Men şu taglymatlaryň, däp-dessurlaryň biri-birine garşy gelýändigine we adamlaryň başyny çaşyrýandygyna göz ýetirdim. Täleýnamada ýazylan zatlar köplenç nädogry bolup çykýar. Reinkarnasiýa barada aýtsam, adam öňki durmuşyny ýadyna salyp bilmeýän bolsa, geljekki durmuşyny nädip üýtgedip ýa-da gowulandyryp bilsin?!»

«Men şu taglymatlaryň, däp-dessurlaryň biri-birine garşy gelýändigine we adamlaryň başyny çaşyrýandygyna göz ýetirdim» (SUMIN, TAÝWAN).

Hao bilen Sumin ýaly ençeme adamlar ýyldyzlaryň, täleýnamanyň, ata-babalarynyň ruhunyň we gaýtadan dogulmagyň adamyň gelejegine täsir etmeýändigine göz ýetirdiler. Onda adamyň gelejegi nämä bagly?

GELEJEGIMIZ ÖZ ELIMIZDE

Biz käte durmuşda bolýan kynçylyklardan ýaňa ejizleýäris we hiç zady üýtgedip bilmeýäris. Ýöne biziň etsem-petsemlerimiz, goýan maksadymyz we edýän işlerimiz gelejegimize täsir edýär. Meselem, koronawirus keseliniň (COVID-19) ýaýran döwri ýygy-ýygydan elimizi ýuwardyk we agyz-burun örtügini dakynardyk. Şeýdip, biz janymyzy goradyk. Diýmek, gelejegimiz öz elimizde ekeni.

Görşümiz ýaly, dogry saýlaw etsek, gowy netije gazanarys. Takmynan 2 000 ýyl mundan öň ýaşan bir dana adam: «Adam näme ekse, şony-da orar» diýdia.

Köp adamlar bagtly ýaşamak üçin baý we ýokary bilimli bolmaly diýýärler. Şeýle pikir edýän adamlar gowy durmuşda ýaşaýarmy?

a Şu dana sözler Mukaddes Kitabyň Galatýalylar 6:7-nji aýadyndan alyndy. Şuňa meňzeş pikir il arasynda: «Ýakma bişersiň, gazma düşersiň» diýip ulanylýar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş