23-NJI MAKALA
«Söýgiň ody — Ýahyň ýalny»
«Söýgiň ody — Ýahyň ýalny» (Aýd. 8:6).
131-NJI AÝDYM «Hudaýyň goşanyny ynsan aýyrmasyn»
MAZMUNYa
1. Mukaddes Kitapda hakyky söýgi nähili suratlandyrylýar?
«SÖÝGIŇ ODY — Ýahyň ýalny. Söýgini suw söndürmez, derýa-deňiz gark etmez»b (Aýd. 8:6, 7). Nähili jaýdar aýdylan sözler! Şu sözler sizi ruhlandyran bolsa gerek! Hakyky söýgini hiç bir zat söndürip bilmez. Är-aýallar, sizem bütin ömrüňize bir-biriňizi janyňyz-teniňiz bilen söýüp bilersiňiz.
2. Är-aýalyň biri-birine söýgüsi sowamaz ýaly näme etmeli?
2 Är-aýal biri-birini jany-teni bilen söýse, maşgala ojagynda söýgi hiç haçan sowamaz. Eger oda odun taşlap dursaň, ot ýanar durar, emma odun taşlamasaň derrew söner. Är-aýal hemişe biri-biriniň aladasyny etse, olaryň söýgüsi hiç haçan sowamaz. Käte maşgalada pul ýetmezçiligi, keselçilik we çaga terbiýelemek ýaly kynçylyklar döreýär. Şeýle ýagdaýda är-aýallar nädip biri-birini jany-teni bilen söýüp biler? Geliň, makalada maşgala ojagynda söýginiň sowamazlygyna kömek etjek üç maslahat hakda gürrüň edeliňc.
HUDAÝA ÝÜREKDEN IMAN EDIŇ
Är-aýallar Merýem bilen Ýusubyň göreldesine eýerip, Ýehowa ýürekden iman etmeli (3-nji abzasa serediň).
3. Ýehowa ýürekden iman etmek är-aýala biri-birini söýmäge nädip kömek edýär? (Nesihat 4:12; surata serediň).
3 Maşgala ojagynda söýginiň tutaşmagy üçin «Ýahyň ýalny» gerek. Eger är-aýal Ýehowa ýürekden iman etse, biri-birini jany-teni bilen söýer. Ýehowa ýürekden iman edýän är-aýal Mukaddes Kitabyň maslahatyna höwes bilen eýerer. Şonda olar biri-birini söýüp, maşgalada döreýän kynçylyklaryň öňüni alyp biler (Nesihat 4:12-ni okaň). Şeýle-de olar gökdäki Atasy Ýehowanyň göreldesine eýerip, Onuň mähribanlyk, sabyrlylyk we geçirimlilik ýaly häsiýetlerini ösdürer (Efes. 4:32—5:1). Şeýle häsiýetler maşgala ojagynda söýginiň tutaşmagyna kömek edýär. Toý edenine 25 ýyl bolan Lena uýa şeýle diýýär: «Ýehowa ýürekden iman edýän adamy söýmek hem, hormat goýmak hem aňsat bolýan ekeni».
4. Ýehowa wada edilen Mesihiň ene-atasy hökmünde näme üçin Ýusup bilen Merýemi saýlady?
4 Geliň, geçmişe ser salalyň. Ýehowa wada edilen Mesihiň ene-atasy hökmünde Ýusup bilen Merýemi saýlady. Şol döwür Dawut patyşanyň neberesinden bolan başga-da erkekdir aýallar köpdi. Ýehowa näme üçin Ýusup bilen Merýemi saýlady? Sebäbi olar Ýehowa ýürekden iman edýärdi. Ýehowa olaryň maşgala ojagynda hakyky seždäni birinji orunda goýjagyny bilýärdi. Är-aýallar, siz Ýusup bilen Merýemiň göreldesine nädip eýerip bilersiňiz?
5. Ärler Ýusubyň göreldesine nädip eýerip biler?
5 Ýusup Allanyň her bir tabşyrygyny höwes bilen ýerine ýetirip, gowy maşgalabaşy boldy. Ýehowa Ýusuba maşgalasy babatda üç tabşyryk berdi. Ýusup durmuşyny düýpgöter özgertmeli bolsa-da, Ýehowanyň tabşyrygyny derrew ýerine ýetirdi (Mat. 1:20, 24; 2:13—15, 19—21). Şeýdip, ol Merýemi goldady, gorady we aladasyny etdi. Merýem äriniň Ýehowanyň tabşyrygyny gyşarnyksyz ýerine ýetirýändigini görende, ony ýürekden söýdi we uly hormat goýdy. Ärler, Ýusubyň göreldesine eýeriň we maşgalaňyz bilen bagly karara geleniňizde, Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna eýeriňd. Şonda siz aýalyňyzy ýürekden söýýändigiňizi we aladasyny edýändigiňizi görkezersiňiz. Durmuş guranyna 20 ýyl bolan wanuatuly uýa şeýle gürrüň berýär: «Men ärimiň Ýehowanyň görkezmesine eýerip karara gelýändigini görenimde, oňa has-da hormat goýýaryn. Men özümi arkaýyn duýýaryn, sebäbi ärimiň hemişe dogry karara geljekdigine ynanýaryn».
6. Aýallar Merýemiň göreldesine nädip eýerip biler?
6 Merýem: «Meniň imanymy ärim berkider» diýip, gol gowşuryp oturmady. Ol Mukaddes Kitaby gowy bilýärdie. Şeýle-de ol Ýehowa hakda köp oýlanýardy (Luka 2:19, 51). Şu günlerem köp uýalar Merýemiň göreldesine eýerýär. Emika uýa şeýle gürrüň berýär: «Men durmuşa çykmankam imanymy berkitmek üçin Ýehowa doga edýärdim, Mukaddes Kitaby okaýardym we oýlanýardym. Durmuşa çykanymdan soňra bularyň hemmesini ärim edýärdi. Men özüme bir zat ýetmeýän ýaly duýdum. Soňra Ýehowa bilen dostlugymy berkitmek üçin özbaşdak doga etdim, Mukaddes Kitaby okadym we oýlandym» (Gal. 6:5). Mähriban gelinler, Ýehowa bolan imanyňyzy berkitmek üçin jan etseňiz, äriňiz sizi ýürekden söýer we başyna täç eder (Nak. 31:30).
7. Är-aýallar Ýusup bilen Merýemiň göreldesine nädip eýerip biler?
7 Ýusup bilen Merýem Ýehowa ýürekden iman etmek üçin bilelikde tagalla etdiler. Olar Ýehowa sežde etmegi birinji ýerde goýmalydygyna düşünýärdiler (Luka 2:22—24, 41; 4:16). Olaryň çagalary köp bolsa-da, Ýehowa sežde etmek üçin wagt tapýardylar. Ýusup bilen Merýem ene-atalara gowy görelde galdyrdy. Şu günlerem köp çagaly ene-atalar ýygnak duşuşyklaryna barmak we maşgala okuwyny geçirmek üçin tagalla edýär. Emma ar-aýala bilelikde Mukaddes Kitaby okamak we Ýehowa doga etmek üçin wagt tapmak kyn bolýar. Är-aýallar, Hudaýa sežde etmegi birinji ýerde goýuň! Şonda Ýehowa imanyňyz berkär we birek-biregi ýürekden söýersiňiz.
8. Maşgaladaky dartgynlygy çözmäge näme kömek edýär?
8 Är-aýalyň arasynda käte dartgynlyk döreýär. Şonda maşgala okuwyny geçirmek beýlede dursun, olaryň biri-biri bilen gürrüňdeş bolasy-da gelmeýär. Ýöne olar ikisine-de gyzykly boljak temany saýlap maşgala okuwyny geçirmeli we az wagtlyk bolsa-da gürrüňdeş bolmaly. Şonda är-aýallar biri-birini ýürekden söýer we Ýehowa sežde etmegi birinji ýerde goýar.
WAGTYŇYZY BILE GEÇIRIŇ
9. Är-aýallar näme üçin wagtyny bile geçirmeli?
9 Maşgala ojagynda söýginiň sowamazlygy üçin är-aýallar wagtyny bile geçirmeli. Şonda olar biri-biriniň pikirine we duýgusyna gowy düşüner (1 Mus. 2:24). Liliýa bilen Ruslanyň toý edenine 15 ýyl bolupdy. Liliýa şeýle gürrüň berýär: «Biz toý edenimizden soň köp wagtymyzy bile geçireris öýtdük. Emma gazanç etmek, çaga terbiýelemek we hojalygyň hysyrdylary ýaly zatlar bar wagtymyzy alýardy, ikiçäk bolmaga wagtymyz hem galmaýardy. Biz biri-birimize wagt sarp etmesek söýgimiziň sowajakdygyna düşündik».
10. Är-aýallar Efesliler 5:15, 16-njy aýatlardaky maslahata nädip eýerip biler?
10 Är-aýallar wagtyny bile geçirmek üçin näme etmeli? Olar gün tertibine ýanýoldaşy bilen bile geçirjek wagtyny ýazmaly (Efesliler 5:15, 16-njy aýatlary okaň). Nigeriýaly Uzondu dogan şeýle gürrüň berýär: «Men gün tertibime aýalym bilen geçirjek wagtymy ýazýaryn. Nähili wajyp iş çyksa-da, gün tertibimi üýtgetmeýärin» (Flp. 1:10). Anastasiýa uýa Moldowada ýaşaýar. Ol etrap gözegçisiniň aýaly. Anastasiýa wagtyny paýhasly ulanýandygy barada şeýle gürrüň berýär: «Ärim ýygnagyň işlerini edende, men öz işlerimi edýärin. Şonda ikimiz hem boşanymyzdan soňra bile wagt geçirip bilýäris». Är-aýallar, ýanýoldaşyňyz bilen wagt geçirmäge mümkinçiligiňiz bolmasa näme edip bilersiňiz?
Siz ýanýoldaşyňyz bilen haýsy işleri bile edip bilersiňiz? (11, 12-nji abzaslara serediň).
11. Akila bilen Priskilla är-aýallara nähili görelde galdyrdy?
11 Är-aýallar I asyrda dogan-uýalaryň hormatyny gazanan Akila bilen Priskilladan köp zatlary öwrenip biler (Rim. 16:3, 4). Mukaddes Kitapda olaryň durmuşy barada köp zat aýdylmaýar. Ýöne Akila bilen Priskilla bilelikde çadyr tikipdir, wagyz edipdir we adamlara kömek edipdir (Res. 18:2, 3, 24—26). Şol sebäpli Mukaddes Kitapda olaryň ady hemişe bilelikde agzalýar.
12. Är-aýallar wagtyny bile geçirmek üçin näme edip biler? (Surata serediň).
12 Är-aýallar, Akila bilen Priskillanyň göreldesine nädip eýerip bilersiňiz? Siz ýanýoldaşyňyz bilen haçan wagt geçirjekdigiňiz barada oýlanyň. Meselem, Akila bilen Priskilla bilelikde wagyz edýärdi. Sizem ýygy-ýygydan ýanýoldaşyňyz bilen wagyz edip bilersiňizmi? Akila bilen Priskila bile işleýärdi. Siziň käriňiz aýry-aýry bolsa-da, hojalyk işlerini bileje edip bilersiňizmi? (Nes. 4:9). Eger siz şeýle etseňiz, onda biri-biriňiz bilen gürrüňdeş bolmaga wagtyňyz bolar we agzybir topar bolarsyňyz. Robert bilen Linda 50 ýyl bäri agzybir ýaşaýar. Robert şeýle gürrüň berýär: «Dogrymy aýtsam, biziň gezelenç etmäge wagtymyz bolmaýar. Ýöne men öýde gap-gaç ýuwanymda, aýalym olary süpürýär, bagda işlänimde, aýalym maňa kömek edýär. Şeýdip, biz gürrüňdeş bolmaga wagt tapýarys we maşgala ojagymyz gün-günden berkeýär».
13. Maşgalanyň bagtly bolmagy üçin är-aýalyň ikisi hem näme etmeli?
13 Är-aýalyň agzybir bolmagy üçin, olaryň bir gapydan girip-çykmagy ýeterlikli däl. Braziliýaly gelin şeýle gürrüň berýär: «Är-aýallaryň köpüsi öýde bile bolsalar, wagtyny bile geçirýändir öýdýärler. Aslynda, beýle däl ekeni. Şu günler ünsüňi sowýan zatlar köp. Är-aýalyň ikisi bir öýde bolsa-da, pikirleri başga ýerde bolup biler. Men maşgalamyň bagtly bolmagy üçin ärim bilen ýürekden gyzyklanyp, onuň bilen gürrüňdeş bolmalydygyma düşündim». Är-aýal Bruna bilen Teýs hem biri-biri bilen ýürekden gyzyklanmagyň wajypdygyna düşünýär. Bruno: «Biz wagtymyzy bile geçirenimizde telefonymyzy aýyrýarys» diýýär.
14. Är-aýallar wagtyny bile geçirmegi halamaýan bolsa näme etmeli?
14 Är-aýallar biri-biri bilen wagt geçirmegi halamaýan bolsa näme? Belki-de, olaryň gyzyklanýan zady tapawutlanýandyr ýa-da gürrüňe başlasalar-da, soňy dawa-jenjel bilen gutarýandyr. Şeýle ýagdaýda olar näme edip biler? Ýokarda gürrüň edişimiz ýaly, ot derrew lowlap ýanmaýar. Oňa az-azdan odun taşlap durulsa, ot tutaşar we lowlap ýanar. Edil şonuň ýaly, är-aýallar her gün birnäçe minut gürrüňdeş bolsalar gowy bolar. Ýöne olar biri-biriniň gaharyny getirýän zatlar hakda däl-de, ikisini hem gyzyklandyrjak tema hakda gürrüň etmeli (Ýak. 3:18). «Dama-dama köl bolar» diýlişi ýaly, birnäçe minutlyk gürrüňdeşlik maşgala ojagyndaky söýgini lowladar.
BIRI-BIRIŇIZE HORMAT GOÝUŇ
15. Är-aýallar näme üçin biri-birine hormat goýmaly?
15 Är-aýallar biri-birine hormat goýsa, biri-birini ýürekden söýer. Oduň ýanmagy üçin kislorod gerek bolýar. Kislorod bolmasa, oduň sönüşi ýaly, är-aýal biri-birine hormat goýmasa, olaryň söýgüsi sowar. Emma olar biri-birine hormat goýsa, maşgalada agzybirlik höküm sürer. Är-aýallar, siz ýene bir zat hakda oýlansaňyz gowy bolar. Siz ýanýoldaşyňyza hormat goýýaryn diýip pikir edýänsiňiz, ýöne ýanýoldaşyňyz siziň hormat goýýandygyňyzy duýýarmy? Penni bilen Aret 25 ýyl bäri agzybir ýaşaýar. Penni şeýle gürrüň berýär: «Biz biri-birimize uly hormat goýýarys. Biz öz pikirimizi arkaýyn aýdyp bilýäris we biri-birimizi hemişe ünsli diňleýäris. Şol sebäpli biziň maşgala ojagymyzda söýgi lowlap ýanýar». Är-aýallar, siz biri-biriňize hormat goýmak üçin näme edip bilersiňiz? Geliň, häzir Ybraýym pygamber bilen Bibisara hakda gürrüň edeliň.
Är aýalyny ünsli diňlese, hormat goýýandygyny görkezer (16-njy abzasa serediň).
16. Ärler Ybraýym pygamberden näme öwrenip biler? (1 Petrus 3:7; surata serediň).
16 Ybraýym pygamber aýalyna uly hormat goýýardy. Ol Bibisarany ünsli diňleýärdi. Karara gelmezden öň onuň garaýşyny göz öňünde tutýardy. Bir güni Bibisarany bir mesele biynjalyk edýär. Hatda ol gaharlanyp, Ybraýymy günäkärleýär. Ybraýym näme etdi? Ol gaharlanman, gaty-gaýrym söz aýtman, aýalyny ünsli diňledi. Ybraýym Bibisaranyň hemişe goldaýandygyny we ýürekden tabyn bolýandygyny bilýärdi. Şol sebäpli ol aýalynyň sözüni bölmän diňleýär we meseläni çözmek üçin elinde baryny edýär (1 Mus. 16:5, 6). Ärler, Ybraýym pygamberden näme öwrenip bilersiňiz? Siz maşgalanyň başy (1 Kor. 11:3). Siz wajyp karara gelmezden öň, aýalyňyzyň pikirini diňläň. Esasanam, mesele aýalyňyz bilen bagly bolanda, onuň garaýşyny göz öňünde tutuň (1 Kor. 13:4, 5). Käte aýalyňyz size biynjalyk edýän zadyny jikme-jik gürrüň bermek islär. Şonda aýalyňyzyň sözüni bölmän ünsli diňlärsiňizmi? (1 Petrus 3:7-ni okaň). Anžela bilen Dmitriý takmynan 30 ýyl bäri bagtly ýaşaýarlar. Anžela äriniň uly hormat goýýandygy barada şeýle gürrüň berýär: «Keýpim gaçanda Dmitriý meniň bilen ýürekden gyzyklanýar. Oňa ýönekeýje zatlar hakda gürrüň bersem-de, meni ünsli diňleýär. Käte bir zady gaharlanyp gürrüň bersem-de, ol sabyr-takat bilen diňleýär».
17. Aýallar Bibisaranyň göreldesine nädip eýerip biler? (1 Petrus 3:5, 6).
17 Bibisara Ybraýyma hormat goýýardy we gelen kararyny goldaýardy (1 Mus. 12:5). Bir gün Ybraýym ýat adamlary myhman alýar. Şonda ol aýalyna: «Derrew iň gowy undan üç kersen hamyr ýugrup, çörek bişir» diýýär (1 Mus. 18:6). Bibisara ýeňini çermäp işe girişýär. Aýallar, siz äriňiziň gelýän kararlaryny goldap, Bibisaranyň göreldesine eýerip bilersiňizmi? Eger şeýtseňiz, maşgalaňyzyň bagtly bolmagyna goşant goşarsyňyz (1 Petrus 3:5, 6-njy aýatlary okaň). Dmitriý dogan aýalynyň özüne hormat goýýandygy barada şeýle gürrüň berýär: «Käte biziň pikirlerimiz düýbünden tapawutlanýar, emma aýalym gelen kararymy goldaýar. Käte gelen kararymyň netijesi gowy bolmasa-da, aýalym meni tankytlap oturmaýar». Hawa, hormat goýýan adamy ýürekden söýmek aňsat bolýar.
18. Är-aýallar maşgala ojagynda söýginiň lowlap ýanmagy üçin näme etmeli?
18 Şeýtan mesihçileriň maşgalasyndaky söýgi oduny öçürjek bolýar. Ol är-aýalyň arasyndaky söýgi sowasa, olaryň Ýehowa bolan imanynyň gowşajakdygyny bilýär. Hakyky söýgi hiç-haçan sönmez! Är-aýallar, goý, siziň maşgala ojagyňyzda «söýgiň ody — Ýahyň ýalny» lowlap ýansyn! Siz maşgalaňyzda Ýehowa sežde etmegi birinji ýerde goýuň, biri-biriňize wagt tapyň, hormat goýuň, ýanýoldaşyňyzyň garaýşyna we duýgusyna düşünjek boluň. Şonda hakyky söýginiň Gözbaşy Ýehowany şöhratlandyrarsyňyz we maşgala ojagyňyzdaky söýgi ebedilik ýanyp durar.
132-NJI AÝDYM Biz bir beden
a Hak Alla är-aýalyň biri-birini söýüp, bagtly ýaşamagy üçin maşgala ojagyny döretdi. Gynansak-da, şu günler maşgala ojagynda söýgi sowap başlady. Makaladaky pikirler är-aýala biri-birini soňky demine çenli söýmäge, agzybir we bagtly ýaşamaga kömek eder.
b Hakyky söýgi hiç haçan sowamaýar. Oňa «Ýahyň ýalny» diýilýär, sebäbi Ýehowa söýginiň Gözbaşy.
c Siziň ýanýoldaşyňyz Ýehowa iman etmeýän bolsa-da, makaladaky maslahatlar biri-biriňizi ýürekden söýüp, agzybir ýaşamaga kömek eder (1 Kor. 7:12—14; 1 Pet. 3:1, 2).
d JW.ORG saýtyndan we JW Library® programmasyndan «Maşgalalara kömek» diýen internet makalany okap bilersiňiz.
e «Garawul diňi» žurnalyny okap bilersiňiz (w16.02 sah. 17, abz. 17).