51-NJI MAKALA
3-NJI AÝDYM Umydym, güýjüm, daýanjym
Ýehowa gözýaş dökenimizde göwünlik berýär
«Ýalbarýaryn, gözýaşlarymy meşigiňde sakla. Olaryň ählisini kitabyňa ýazansyň» (Zeb. 56:8).
ESASY PIKIR
Ýehowa çekýän derdimizi görýär we göwünlik berýär.
1, 2. Biz haýsy ýagdaýlarda gözýaş dökýäris?
GÖZÝAŞ dökmedik adam ýok bolsa gerek?! Durmuşda bolan ýakymly pursatlaryny ýatlap her kimem gözüne ýaş aýlaýandyr. Meselem, ene-ata perzendi dünýä inende begenjinden ýaňa gözýaşyny saklap bilýän däldir. Ýa-da şatlykly günleri ýatlanyňyzda, köp ýyl bäri görmedik dostuňyzy ýa joraňyzy göreniňizde gözüňizden ýaş gaýdanyny duýman galýansyňyz.
2 Ýöne biz köplenç begenip däl-de, gynanyp gözýaş dökýäris. Meselem, ýakynlarymyz biwepalyk edende, tamamyzy ödemese ýa-da taşlap gidende aglaýarys. Agyr keselläp endam-janymyz agyranda ýa-da dogan-garyndaşlarymyz aradan çykanda janymyza jaý tapman gözýaş dökýäris. Şeýle ýagdaýda özümizi Ýermeýa pygamber ýaly duýýarys. Wawilonlylar Iýerusalimi basyp alanda pygamberiň ýüregi dilim-dilim bolupdy. Ol aglap: «Boýur-boýur ýaş dökýärin. Gözýaşlarym sil bolup akar, asla diňmez» diýdi (Agy 3:48, 49).
3. Agyr dert çekenimizde Ýehowa özüni nähili duýýar? (Işaýa 63:9).
3 Ýehowa biziň her bir gözýaşymyzy görýär. Mukaddes Kitapda hak Allanyň biziň çekýän agyr derdimizi görýändigi we aglap edýän dogalarymyzy eşidýändigi barada ýazylan (Zeb. 34:15). Emma Ýehowa diňe agyr halymyzy görüp, gol gowşuryp oturýarmy? Elbetde, ýok! Ol balajygynyň agysyny eşiden badyna ylgap barýan ene-ata ýaly, derrew dadymyza ýetişýär (Işaýa 63:9-y okaň).
4. Makalada kimler hakda gürrüň ederis we Ýehowa barada näme öwreneris?
4 Mukaddes Kitapda Ýehowanyň gözýaş dökýän wepaly bendelerine nädip kömek edýändigi ýazylan. Makalada Hanna, Dawut, Hizkiýa hakda gürrüň ederis we şu soraglaryň jogabyny bileris: olar näme üçin gözýaş dökdüler? Ýehowa olaryň aglap eden dogasyna nädip jogap berdi? Biz gaýgy-gama batanymyzda, dönüklik edenlerinde we özümizi alaçsyz duýanymyzda Ýehowa nädip göwünlik berýär?
GAÝGY-GAMA BATANYMYZDA
5. Hanna näme üçin gözýaş dökýärdi?
5 Ysraýylda Hanna atly aýal ýaşaýardy. Ol her gün diýen ýaly aglap gözýaş dökýärdi. Sebäbi äriniň Peninna atly ýene bir aýaly bardy. Peninna Hannany halamaýardy. Üstesine-de, Hannanyň çagasy hem bolmaýardy, Peninnanyň bolsa çagalary bardy (1 Şam. 1:1, 2). Ol Hannany çagasynyň bolmaýandygy üçin kemsiderdi. Hannanyň ýerine siz bolan bolsaňyz özüňizi nähili duýardyňyz? «Ol aglap, çöregem iýmeýärdi... Gaýgy-hasratdan ýaňa gözünden boýur-boýur ýaş dökýärdi» (1 Şam. 1:6, 7, 10).
6. Hanna nädip derdine derman tapdy?
6 Hanna nädip derdine derman tapdy? Ol Ýehowa sežde edilýän çadyra bardy. Ol çadyryň howlusynda aglap Ýehowa doga etdi. Hanna Ýehowa: «Çekýän hasratymy görüp, meni ýatla. Ýehowa, gyrnagyňy unutma» diýip ýalbardy (1 Şam. 1:10b, 11). Hanna Ýehowa ýüregini dökdi, duýgularyny birin-birin aýtdy. Ýehowa mähriban gyzynyň çekýän jebrini görüp örän gynanandyr.
7. Hanna Ýehowa ýüregini dökensoň özüni nähili duýdy?
7 Hanna içini döküp doga edensoň, Aly ruhany Ýehowanyň onuň dogalaryna jogap berjegini aýtdy. Şondan soň Hanna gözýaş dökdümi? Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Hanna gidip, iýip içdi. Şondan soň ol gamgyn bolmady» (1 Şam. 1:17, 18). Hannanyň ýagdaýy üýtgemese-de, onuň derdi ýeňledi. Ol agyr ýüküni Ýehowa tabşyrdy. Sebäbi Ýehowanyň ýagdaýyna düşünýändigini, kömek etjekdigini bilýärdi. Ýehowa Hannanyň agyr halyny gördi, aglap eden dogasyny eşitdi we Hannanyň birnäçe çagasy boldy (1 Şam. 1:19, 20; 2:21).
8, 9. Biz näme üçin ýygnaga barmak üçin tagalla etmeli? (Ýewreýler 10:24, 25; surata serediň).
8 Biziň üçin sapak. Sizem gaýgy-gama batyp, gözýaş dökýärsiňizmi? Belki, dogan-garyndaşlaryňyz ýa-da dost-ýarlaryňyz aradan çykandyr. Siziň hiç kimi göresiňiz gelýän däldir. Emma ýadyňyzda bolsa, Hanna Ýehowanyň çadyryna baransoň ruhlandy, göwünlik tapdy. Şonuň ýaly aňsat bolmasa-da, ýygnak duşuşyklaryna barsaňyz derdiňiz ýeňlär (Ýewreýler 10:24, 25-nji aýatlary okaň). Ýehowa ýygnak duşuşyklarynda aýatlar we aýdylýan pikirler arkaly güýjüňize güýç goşar hem-de ruhdan düşürýän pikirleri aýryp, gowy zatlar barada oýlanmaga kömek eder. Elbetde, biziň ýürek ýaramyz derrew bitmese-de, gaýgy-gama batyp ýörmeris.
9 Ýygnak duşuşyklaryna baranymyzda ýürekdeş, syrdaş, duýgudaş dogan-uýalar göwünlik berýär, ruhlandyrýar (1 Sel. 5:11, 14). Ýörite pioner bolup gulluk edýän doganyň aýaly aradan çykýar. Ol başdan geçirýän duýgularyny şeýle gürrüň berýär: «Men häzirem hasrat çekýärin. Käte öýüň burçuna geçip, başymy aşak egip aglaýaryn. Emma ýygnak duşuşyklaryna baranymda örän ruhlanýaryn. Dogan-uýalaryň mähirli sözleri, berýän jogaplary edil agyryny aýyrýan derman ýaly derdime melhem bolýar. Her gezek ýygnaga baranymda gaýgy-hasratdan çöken göwnüm galkynýar». Biz ýygnakdan başga hiç ýerde özümizi rahat duýmasak gerek. Ýehowa ol ýerde dogan-uýalar arkaly bizi berkidýär.
Ýürekdeş dogan-uýalar göwünlik berýär (8, 9-njy abzaslara serediň).
10. Hannanyň göreldesine nädip eýerip bileris?
10 Hanna Ýehowa doga-dileg edensoň derdi ýeňledi. Sizem gaýgy-aladaňyzy Ýehowa gürrüň beriň (1 Pet. 5:7). Onuň dogaňyzy eşidýändigine we kömek etjekdigine şübhelenmäň. Talaňçylar bir uýanyň ärini öldürýärler. Uýa çekýän hasratyny şeýle gürrüň berýär: «Meniň ýüregim bölek-bölek bolan küýze ýaly param-parça boldy. Men hiç haçan özüme gelmejek ýalydym. Emma eziz Atam dogalaryma jogap berip, kalbyma giňlik berdi. Käte duýgularymy nädip aýtjagymy bilmeýärdim, ýöne Ýehowa maňa düşünýärdi. Käbir günler özümi şeýle bir ýeke duýýaryn welin, hiç zada elim barmaýardy. Şonda Ýehowadan kömek sorap doga edýärdim. Ol kalbyma rahatlyk berýärdi we öňe gitmäge güýç berýärdi». Biz Ýehowa doga edip, gam-gussamyzy gürrüň berenimizde, Ol ýagdaýymyza düşünýär we derdimizi deň çekişýär. Gaýgy-aladamyz zym-zyýat bolmasa-da, Ýehowa tä köşeşýänçäk bize göwünlik berýär (Zeb. 94:19; Flp. 4:6, 7). Ýehowa biziň kyn ýagdaýlarda wepaly bolýandygymyzy görüp örän begenýär we Ol bizi sylagsyz goýmaz (Ýew. 11:6).
DÖNÜKLIK EDENLERINDE
11. Dostlary dönüklik edende Dawut özüni nähili duýdy?
11 Dawut pygamber ajy günleri başdan geçirdi. Şonuň üçin ol köp gözýaş dökdi. Oňa dost-ýarlary, ýakynlary dönüklik etdi (1 Şam. 19:10, 11; 2 Şam. 15:10—14, 30). Dawut şeýle diýdi: «Ahy-nala çekip, gurbatym gaçdy, bütin gije aglaý-aglaý ýassygym myžžyk boldy, gözýaşlarym sil deý akyp, ýatan ýerim köle döndi... Duşmanlardan ýaňa gözümiň nury öçdi» (Zeb. 6:6, 7). Garaşmaýan adamlarynyň ýamanlyk etmegi Dawuda agyr degdi. Şonuň üçinem ol suw-sil bolup aglady.
12. Dawut nämä şübhelenmeýärdi? (Zebur 56:8).
12 Dostlary arkasyndan pyçak soksa-da, Dawut Ýehowanyň ony gowy görýändigine şübhelenmeýärdi. Ol: «Ýehowa ahy-nalamy eşider» diýdi (Zeb. 6:8). Dawut Zebur 56:8-de (okaň) Ýehowanyň mähir bilen edýän aladasyny şahyrana sözler bilen beýan edýär. Ol Ýehowanyň «gözýaşlaryny meşigine salýandygyny... kitabyna ýazýandygyny» aýdýar. Dawut çekýän jebir-jepasyny Ýehowanyň görýändigini bilýärdi. Hawa, Ýehowa diňe bir Dawuda edilen dönükligi däl-de, eýsem onuň kalbynda, ýüreginde gopýan harasady hem görýärdi.
13. Ýakynlarymyz dönüklik edende bize näme göwünlik berip biler? (Surata serediň).
13 Biziň üçin sapak. Ýakynlaryň biwepalyk ýa-da dönüklik edende ýüregiňe pyçak sanjylan ýaly bolýar. Belki, siz biri bilen duşuşansyňyz, hatda toý etmegiň ugruna çykansyňyz, emma ol sizi taşlap gidendir. Ýa-da ýanýoldaşyňyz ikilik edendir. Belki-de, ýakynyňyz Ýehowadan ýüz öwrendir. Bir doganyň aýaly ikilik edip, ony taşlap gidýär. Dogan şeýle diýýär: «Aýalym ikilik eder diýip ýatsam-tursam kelläme gelmeýärdi. Men hiç ynanyp bilmedim, özümi hiç kime gerekmejek ýaly duýdum, gam-gussadan ýaňa saralyp soldum. Käte gaharym hem gelýärdi». Eger ýakynlaryňyz biwepalyk, dönüklik eden bolsa, Ýehowanyň sizi hiç wagt taşlamajakdygyna ynanyp bilersiňiz. Dogan şeýle gürrüň berýär: «Seni kim taşlasa-da, Ýehowa taşlamaz, Ol Arkadagymyz. Hemişe ýanymyzda bolup, bizi goldaýar. Ol wepaly adamlara wepalydyr. Hiç bir adam Ýehowa ýaly güýçli söýmeýär» (Zeb. 37:28). Elbetde, ýakynlaryň dönüklik, biwepalyk etse agyr degýär. Ýöne olar taşlady diýip, Ýehowa-da sizden ýüz öwrer öýtmäň (Rim. 8:38, 39). Adamlaryň söýgüsi sowap, biwepalyk edip biler, emma Ýehowanyň söýgüsi hiç haçan sowamaz.
Zebur kitabynda Ýehowanyň göwnüçökgün adama ýakyndygy aýdylýar (13-nji abzasa serediň).
14. Zebur 34:18 nädip göwünlik berýär?
14 Bize biwepalyk we dönüklik edenlerinde Zebur 34:18-däki (okaň) Dawudyň sözleri göwünlik berip biler. Bir ylmy kitapda aýdylmagyna görä, «göwnüçökgün» diýlende gelejege umydy bolmadyk adamlar göz öňünde tutulýar. Ýehowa ýüregi ýaraly adamlara nädip kömek edýär? Çagasy aglanda gujaklap köşeşdirýän ene-ata ýaly, Ýehowa-da derrew dadymyza ýetişýär. Bize dönüklik, biwepalyk edenlerinde Ýehowa özümizden beter gynanýar, derdimizi deň çekişýär. Ýehowa bizi mähri bilen çoýup derdimize derman bolýar we çöken göwnümizi galkyndyrýar. Şeýle-de onuň gowy durmuşyň boljagy hakda beren wadalary ýagty gelejege umyt edip ýaşamaga kömek edýär (Işa. 65:17).
ÖZÜMIZI ALAÇSYZ DUÝANYMYZDA
15. Hizkiýa patyşa näme üçin aglady?
15 Ýahudanyň patyşasy Hizkiýa 39 ýaşynda agyr keselleýär. Işaýa pygamber onuň keselinden gutulman aradan çykjakdygyny aýdýar (2 Pat. 20:1). Hizkiýa patyşa üçin hiç hili umyt ýok ýalydy. Şonda ol «möňňürip aglaýar» we Ýehowa ýalbaryp doga edýär (2 Pat. 20:2, 3).
16. Hizkiýanyň gözýaş dökýänini görende Ýehowa näme etdi?
16 Ýehowa Hizkiýanyň gözýaş dökýändigini görende ýüregi awady we oňa: «Dilegiňi eşitdim, gözýaşyňy gördüm, seni sagaldaryn» diýdi. Ýehowa Işaýa pygamber arkaly Hizkiýanyň ömrüni uzaltjakdygyny we Iýerusalimi assiriýalylardan halas etjekdigini wada berdi (2 Pat. 20:4—6).
17. Agyr keselden ejir çekýänlere Ýehowa nädip göwünlik berýär? (Zebur 41:3; surata serediň).
17 Biziň üçin sapak. Belki, siz agyr keselden ejir çekýän bolsaňyz, agyryňyza çydaman aglaýansyňyz. Şonda Ýehowa ýalbaryp kömek soraň. Mukaddes Kitapda: «(Ýehowa) rehimdar Atadyr we her dürli ýagdaýda göwünlik berýän Hudaýdyr» diýilýär (2 Kor. 1:3, 4). Elbetde, ol gudrat bilen sizi sagaltmaz, emma çydamaga güýç berer (Zebur 41:3-i okaň). Ýehowa mukaddes ruhy bilen akyldarlyk we kalbymyza parahatlyk berer (Nak. 18:14; Flp. 4:13). Şeýle-de ol tizden ähli keseli aýyrjakdygyny wada berýär. Ýehowanyň berjek şol ajaýyp durmuşy hakda oýlansaňyz, kalbyňyz aram tapar (Işa. 33:24).
Ýehowa dilegimize jogap berip, güýç, akyldarlyk we parahatlyk berer (17-nji abzasa serediň).
18. Kyn ýagdaýda haýsy aýat siziň kalbyňyza giňlik berýär? («Gözýaş dökenimizde göwünlik berjek aýatlar» diýen çarçuwa serediň).
18 Hizkiýa patyşa Hudaýyň sözüniň göwünlik berişi ýaly, bize-de Mukaddes Kitap göwünlik berýär. Ýehowa Mukaddes Kitaby biziň günlerimize çenli ýöne-ýere gorap saklamady, sebäbi ol kyn güne düşenimizde öz sözi arkaly derdimize derman bolmak isleýär (Rim. 15:4). Günbatar Afrikada ýaşaýan uýa rak keselinden ejir çekýär. Ol agyrysyna çydaman köp aglaýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Işaýa 26:3 meniň iň gowy görýän aýadym. Ýehowa aýatda wada berişi ýaly ýüregime parahatlyk berýär. Elbetde, men keselimden gutulyp bilemok, bu meniň elimde däl. Ýöne Ýehowanyň kömegi bilen erbet pikirleri aýryp bilýärin, bu meniň öz elimde». Dogan-uýalar, siziň hem agyr günde derdiňize derman boljak, ýüregiňize giňlik berjek gowy görýän aýadyňyz barmy?
19. Bize nähili gelejek garaşýar?
19 Dünýäniň soňy barha golaýlaşýar. Şonuň üçin bize gözýaş dökdürjek ýagdaýlar hasam köpeler. Emma Hannanyň, Dawudyň we Hizkiýanyň wakasyndan görşümiz ýaly, Ýehowa biziň dökýän gözýaşlarymyzy görýär we gynanýar. Ol kyn ýagdaýlara garamazdan wepaly bolýandygymyzy görüp begenýär. Şonuň üçin dertli günümizde Ýehowa ýüregimizi döküp doga edeliň, dogan-uýalardan daşlaşmalyň, gaýtam ýygnaklara baryp güýç alalyň. Şeýle-de Mukaddes Kitapdaky wadalary okap göwünlik tapalyň. Eger biz soňuna çenli wepaly bolsak, Ýehowa sylagsyz goýmaz. Ýehowa ýakynlarymyzyň aradan çykmagy, biwepalyk, dönüklik edilmegi we keselçilik sebäpli dökýän gözýaşymyzy süpürer (Ylh. 21:4). Elbetde, biz gelejekde-de gözýaş dökeris, emma gynançdan däl-de, begençden aglarys.
4-NJI AÝDYM «Ýehowa meniň Çopanym»