TERJIMEHAL
Şu ýaşyma çenli Ýehowadan öwrenýärin
ÝEHOWA bütin ömrüme «Beýik Mugallymym» boldy (Işa. 30:20). Men Oňa örän minnetdar. Ol maňa Mukaddes Kitap, ýaradylan zatlar, guramasy we dogan-uýalar arkaly köp zatlary öwredýär. Men 97 ýaşymda bolsam-da, häzirem Ýehowadan öwrenýärin. Ýehowanyň maňa nädip tälim berenini birin-birin gürrüň bereýin.
Maşgalam (1948)
Men 1927-nji ýylda Çikagonyň (Illinoýs ştaty) golaýyndaky şäherçede doguldym. Biz bäş dogandyk: Jeta, Don, men, Karl we Joý. Biziň ählimiz Ýehowa janymyz-tenimiz bilen gulluk edesimiz gelýärdi. Jeta 1943-nji ýylda Gilead mekdebiniň ikinji klasynda okady. Don, Karl we Joý bolsa, Bruklindäki Beýtelde gulluk etdi. Dony 1944-nji ýylda, Karly 1947-nji ýylda, Joýy bolsa 1951-nji ýylda Beýtele gulluk etmäge çagyrdylar. Doganlarym, jigilerim we ene-atam maňa gowy görelde görkezdiler.
HAKYKATY TAPDYK
Ene-atam Mukaddes Kitaby okamagy gowy görýärdi. Olar hudaýhon adamdy. Şonuň üçin bize-de ýaşlykdan Hudaýy gowy görmegi öwretdi. Birinji jahan urşy döwri Ýewropa urşa gidip gelensoň, kakamyň buthanalara ynamy gaçdy. Ejem kakamyň uruşdan sag-aman gelenine begenip: «Karl, öňkimiz ýaly ýene buthana gatnaýaly!» diýdi. Kakamam: «Seniň bilen gideýin, ýöne buthananyň içine girmerin» diýdi. Ejem: «Näme üçin?» diýip sorady. Şonda kakam şeýle jogap berdi: «Men uruşda şol bir dindäki ruhanylaryň esgerlere bir-birini öldürer ýaly ak pata berýändigini gördüm. Şonda Hudaý olaryň ikisine-de kömek etdimikä?»
Bir gezek ejem buthana gidipdi. Şonda iki sany Ýehowanyň Şaýady gapymyzy kakdy. Olar kakama «Ýagtylyk» diýen iki tomly kitaby berdi. Onda Ylham kitabyndaky sözler düşündirilýärdi. Kakam hem gyzyklanyp kitaplary alyp galdy. Öýe gelensoň ejem gyzyklanyp kitaplary okap başlady. Bir gezek ol gazetde: «Sizi „Ýagtylyk“ diýen kitapdan okuw geçmäge çagyrýarys» diýen bildirişi okaýar. Ejem okuw geçmek üçin salgy berlen ýere barýar. Şonda gapyny bir garryja aýal açýar. Ejem oňa elindäki kitaby görkezip: «Okuw şu ýerde geçilýärmikä?» diýip soraýar. Aýalam oňa: «Hawa, köşegim. Gel, geç» diýýär. Indiki gezek ejem şol ýere bizem alyp gitdi. Şeýdip, biz her hepde Mukaddes Kitaby öwrenmäge gidýärdik.
Bir gezek Mukaddes Kitaby öwredýän dogan maňa Zebur 144:15-i okatdy. Ol ýerde Ýehowa gulluk edýän adamlaryň bagtlydygy aýdylýardy. Şol aýatdaky sözler ýüregime jüňk boldy. Şeýle-de men 1 Timoteos 1:11 we Efesliler 5:1-nji aýatlary hem haladym. 1 Timoteos 1:11-de Ýehowa «bagtly Hudaý» diýilýär. Efeslilerde bolsa, «Hudaýdan görelde alyň» diýilýär. Şol sözlerden men Ýaradana şatlyk bilen gulluk etmelidigini we maňa şeýle mümkinçiligi bereni üçin minnetdar bolmalydygyna düşündim. Men bütin ömrüme şu sözlere eýerip ýaşamaga jan edýärin.
Bize iň ýakyn ýygnak Çikagodan 32 kilometr uzaklykda ýerleşýärdi. Ýöne biz şonda-da ýygnaklardan galmaýardyk. Men ol ýere gidip, Mukaddes Kitaba gowy düşünip, öwrenip başladym. Bir gezek Jeta ýygnakda jogap berdi. Şonda men içimden: «Muny menem bilýän-ä, elimi galdyryp jogap bersem boljak eken-ä» diýdim. Şondan soň men ýygnaklara öňünden taýýarlanyp, jogap berip başladym. Doganlarym ýaly ruhy taýdan ösüp, meniňem Ýehowa bilen dostlugym berkedi. Şeýdip, men 1941-nji ýylda suwa çümdürildim.
ÝEHOWA KONGRESLER ARKALY ÖWRETDI
1942-nji ýylda Kliwlendde (Ogaýo ştaty) geçirilen kongres hiç haçan ýadymdan çykmaýar. ABŞ-nyň takmynan 50 şäherinden dogan-uýalar kongresi telefon arkaly diňlediler. Kongres geçirilýän ýeriň golaýynda doganlar çadyr dikdiler we biz maşgalamyz bilen şol ýerde ýaşadyk. Şol wagtlar Ikinji jahan urşunyň möwç alyp duran wagtydy. Ýehowanyň Şaýatlaryna-da dürli tarapdan topulýardylar. Kongres döwri doganlar maşynlarynyň çyralaryny çadyra bakdyryp goýýardylar. Gije her maşynyň ýanynda bir dogan garawul durýardy. Birden hüjüm edäýseler, doganlar derrew maşynynyň çyralaryny ýakyp, signalyna basmalydylar. Şonda duşmanlaryň gözi gamaşyp aljyrardy. Oňa çenli bolsa, dogan-uýalar kömege ýetişip bilýärdi. Şonda men Ýehowanyň halkynyň hemme zada öňünden taýýarlyk görüp, ätiýaçly bolýandygyna haýran galdym. Bagtymyza, hiç hili erbet ýagdaý bolmady. Menem çadyrda hiç zady alada etmän, rahat ýatdym.
Ýyllar geçensoňam şol kongres barada oýlananymda, ejemiň şonda hiç zatdan gorkmandygy, alada etmändigi ýadyma düşýär. Ol Ýehowa we onuň guramasyna doly bil baglaýardy. Ejemiň göreldesi hiç wagt ýadymdan çykmaz.
Kongresiň öň ýanynda ejem pioner gullugyna başlady. Şonuň üçin ol kongresde uzak wagtly gullukçylar üçin taýýarlanan nutuklary ünsli diňläp, köp zatlary belläp aldy. Kongres gutaransoň öýe gelýärkäk ejem: «Men pioner gullugymy dowam edesim gelýär. Ýöne öýüň hem işlerini etmeli. Siz kömek etmeseňiz ýetişmerin» diýdi. Biz ejeme: «Bolýar, kömek ederis» diýdik. Ertirlik edinmänkäk ejem herimize bir ýa iki otagy syryp-süpürmegi tabşyrýardy. Mekdebe gidenimizden soň özem syryp-süpürilen ýerlere göz aýlap, soňam gulluga gidýärdi. Ejem näçe başagaý bolsa-da, bize-de üns berýärdi. Günortan okuwdan gelenimizden soň ejem hemişe öýde bolýardy. Käte biz okuwdan soň öýlän ejem bilen gulluga-da gidýärdik. Şeýdip, biz pioner bolup gulluk etmegiň wajypdygyna düşündik.
PIONER GULLUGYNA BAŞLADYM
Men 16 ýaşymda pioner gullugyna başladym. Kakam Ýehowanyň Şaýady bolmasa-da, gullugym barada sorap durýardy. Bir gün agşam men oňa näçe gözlesem-de, okuw geçmek üçin adam tapyp bilmeýändigimi aýtdym. Biraz durdum-da: «Seniň okuw geçesiň gelenokmy?» diýdim. Olam oýlanyp: «Geçse-de bolýar» diýdi. Şeýdip, kakam bilen okuw geçip başladym. Meniň ilkinji okuw geçýänim kakam bolar diýip, ýatsam-tursam kelläme gelmeýärdi.
Men kakama «Hakykat sizi azat eder» diýen kitapdan okuw geçýärdim. Kakamyň berýän soraglary gowy gözleg geçirmäge we ökdelik bilen düşündirmäge kömek etdi. Bir gün agşam kakam abzasy okap bolansoň: «Ýazylan zatlar-a düşnükli, ýöne olaryň dogrudygyny nireden bilýärsiň?» diýdi. Men oňa näme jogap berjegimi bilmedim, sebäbi taýyn däldim. Şonuň üçin oňa: «Men häzir muny düşündirip bilemok. Ýöne indiki gezek şu soragyň jogabyny hökman aýdaryn» diýdim. Men sözümde-de durdum. Men şol abzasdaky pikirlere degişli aýatlary tapyp, ony kakama düşündirdim. Şondan soň men gözleg geçirmegi öwrendim we her sapaga gowy taýýarlanýardym. Şeýdip, kakamam, menem ruhy taýdan ösýärdik. Kakam Mukaddes Kitapdan öwrenen zatlary boýunça ýaşap, 1952-nji ýylda suwa çümdürildi.
ÝEHOWA BEÝTELDE TÄLIM BERDI
Men 17 ýaşymda öýden gidip, başga ýerde ýaşap başladym. Jetaa missioner bolup gulluk edýärdi, Don bolsa Beýtelde gulluk edýärdi. Olaryň ikisi hem gullugyny gowy görýärdiler. Menem olar ýaly Ýehowa uzak wagtly gulluk edesim geldi. Şonuň üçin Beýtelde gulluk etmek üçin we Gilead mekdebinde okamak üçin arza ýazdym, nirede gulluk etjegimi Ýehowa çözsün diýdim. Şeýdip, 1946-njy ýylda meni Beýtele gulluk etmäge çagyrdylar.
Beýtelde birnäçe ýyl gulluk edenimde dürli işleri etdim we köp zatlary öwrendim. Men Beýtelde 75 ýyl gulluk etdim. Men çaphanada, hasap-hesip bölüminde gulluk etdim. Şeýle-de Beýtel üçin gerek zatlary satyn alýardym we olary başga ýerlere iberýärdim. Men her gün Beýtelde geçirilýän irdenki seždä gatnaşmagy we Mukaddes Kitaba esaslanan nutuklary diňlemegi gowy görýärdim.
Ýaşulular mekdebini geçirýärin
Inim Karl hem 1947-nji ýylda Beýtele gulluk etmäge geldi. Men ondanam köp zatlary öwrendim. Ol Mukaddes Kitaby gowy bilýärdi we ökdelik bilen öwredýärdi. Bir gezek nutuk berlende, inimden kömek soradym. Men inime: «Nutuk üçin maglumat şeýle bir kän welin, nädip başlajagymy bilemok» diýdim. Ol: «Joel nutugyň temasy näme?» diýdi. Şonda men nutugyň temasyna degişli maglumatlary alyp, galanlaryny aýyrmalydygyma düşündim. Şol gün öwrenen zadym maňa häzirem kömek edýär.
Beýtelde şadyýan gulluk etmek üçin wagza yhlasly gatnaşmaly. Wagza çykanyňda köp gyzykly wakalar bolýar. Bir gün öýlän biz Nýu-Ýork şäherinde wagyz edip ýörkäk, öň «Garawul diňi» we «Oýanyň!» žurnalyny alyp galan aýaly idemäge bardyk. Biz özümiz bilen tanyş etdik we Mukaddes Kitapdaky hoş habary aýtmaga geldik diýdik. Şonda aýal: «Mukaddes Kitap barada gürrüň etmäge gelen bolsaňyz geliň, geçiň» diýdi. Biz oňa Hudaýyň Patyşalygy, ýer ýüzünde boljak Jennet barada birnäçe aýatlary okap berdik we düşündirdik. Okan aýatlarymyz aýalyň ýüregine jüňk boldy welin, indiki hepde baranymyzda ol ýakynlaryny hem çagyrypdyr. Şeýdip, aýalyň özi hem, äri hem Ýehowanyň Şaýady boldy.
AÝALYMDAN KÖP ZATLARY ÖWRENDIM
Men 10 ýyllap göwnüme laýyk gyz gözledim. Men şu barada Ýehowa doga edýärdim. Men hemişe şu soraglar hakda oýlanýardym: «Öýlenemden soň durmuşymy nähili göz öňüme getirýän? Meniň nähili planlarym bar?»
Meri bilen etrap gullugynda
1953-nji ýylda Ýanki stadionynda geçirilen kongresde men Meri Aniol bilen tanyşdym. Ol doganym Jeta bilen Gilead mekdebiniň ikinji klasynda okapdy we bileje missioner bolup gulluk edipdiler. Meri maňa birnäçe ýyllap Karib adalarynda gulluk edendigini we Mukaddes Kitap okuwyny geçirende bolan gyzykly wakalary joşup, hyjuw bilen gürrüň berdi. Men Merini näçe gowy tanadygymça, maksatlarymyzyň deň gelýändigine üns berdim. Biz bir-birimizi söýdük we 1955-nji ýylyň aprelinde toý tutduk. Meni Merä duşurany üçin Ýehowa minnetdarlygymyň çägi ýok. Men aýalymdan köp zady öwrendim. Ol tabşyrylan islendik işe ýürekden ýapyşardy, zähmetsöýerdi, adamlaryň ak ýürekden aladasyny ederdi we Patyşalygy hemişe birinji orunda goýardy (Mat. 6:33). Biz üç ýyllap etrap gözegçisi bolup gulluk etdik. 1958-nji ýylda bolsa, bizi Beýtele gulluk etmäge çagyrdylar.
Biz durmuş guranymyzdan soň, Meri bilen Mukaddes Kitaby bile okaýardyk. Biz her gün 15 aýady okap, onuň manysy hakda pikir alyşýardyk we öwrenen zatlarymyzy durmuşda nädip ulanyp biljekdigimizi gürrüň edýärdik. Meri köplenç Gilead mekdebinde ýa-da missioner gullugynda öwrenen zatlaryny gürrüň berýärdi. Şeýdip, men Meriniň kömegi bilen nutuklarymy has gowy taýýarlap başladym we uýalary ruhlandyrmagy öwrendim (Nak. 25:11).
2013-nji ýylda söwer ýarym Meri aradan çykdy. Men ony täze dünýäde ýene-de görmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Häzir bolsa, men Ýehowa bütin ýüregim bilen bil baglap, Ondan öwrenýärin (Nak. 3:5, 6). Ýer ýüzünde boljak Jennetde Ýehowanyň halkyna berjek bereketleri hakda oýlananymda, göwnüm giňeýär, şatlykdan ýaňa guş bolup uçaýjak bolýaryn. Şonda Beýik Mugallym Ýehowadan has köp zatlary öwrenerin. Şeýle köp zatlary öwredeni üçin Ýehowa minnetdar. Onuň jomartlyk bilen beren bereketleriniň hiç wagt öwezini dolup bilmerin!
a Jeta Sunalyň terjimehalyny «Garawul diňi» žurnalyndan okap bilersiňiz (w03-U 1/3 sah. 23—29).