Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w24 Dekabr sah. 30
  • Okyjylaryň sowallary

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Okyjylaryň sowallary
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Meňzeş maglumat
  • Perişdeler — «hyzmatkär ruhlar»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Perişdeler kim?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Perişde — kömek eder her işde
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Hudaýyň perişdeleri bize kömek edýär
    Beýik Mugallymdan öwreniň
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
w24 Dekabr sah. 30

Okyjylaryň sowallary

1 Timoteos 5:21-däki «mukaddes perişdeler» kim?

Pawlus resul ýaşuly dogan Timoteosa şeýle maslahat berdi: «Men Hudaýyň, Isa Mesihiň we mukaddes perişdeleriň öňünde şeýle tabşyryklary berýärin. Ýöne adalatly bol, hiç kimi ala tutma» (1 Tim. 5:21).

Mukaddes perişdeler diýlende, 144 000 saýlanan mesihçiler göz öňünde tutulmaýar. Sebäbi Pawlus resul Timoteosa hat ýazanda entek saýlanan mesihçiler göge alnyp başlanmandy. Resullar bilen beýleki saýlananlar heniz gökdäki ýaşaýyş üçin ruhy şahsyýet bolup direlmändiler. Şonuň üçinem «mukaddes perişdeler» olary aňlatmaýar (1 Kor. 15:50—54; 1 Sel. 4:13—17; 1 Ýah. 3:2).

«Mukaddes perişdeler» diýlende, Nuhuň tupanynda Hudaýa garşy giden perişdelerem göz öňünde tutulmaýar. Olar Şeýtanyň tarapyna geçip, jyn boldular. Olar Isa-da garşy çykdylar (1 Mus. 6:2; Luka 8:30, 31; 2 Pet. 2:4). Gelejekde Isa olary 1 000 ýyl baglar, soňra Iblis bilen bile ýok eder (Ýahd. 6; Ylh. 20:1—3, 10).

Pawlus resul «mukaddes perişdeler» diýende, Hudaýy we Isa Mesihi goldaýan wepaly perişdeleri göz öňünde tutan bolmaly.

Gökde on müňlerçe wepaly perişdeler bar (Ýew. 12:22, 23). Olaryň her biriniň edýän işleri bar (Ylh. 14:17, 18). Meselem, Ýehowa bir perişdä assiriýalylaryň 185 000 esgerini gyrmagy tabşyrdy (2 Pat. 19:35). Birnäçe perişdä bolsa, Isanyň «Patyşalygynda adamlaryň günä etmegine sebäp bolýan ähli zady we kanuny bozýan adamlary üýşürmek» tabşyryldy (Mat. 13:39—41). Gökdäki perişdeleriň käbirlerine saýlanan mesihçileri «ýygnamak» tabşyryldy (Mat. 24:31). Beýleki perişdeler bolsa, Hudaýyň emri bilen bizi, ýagny, Hudaýyň halkyny dürli ýagdaýlarda «goraýar» (Zeb. 91:11; Mat. 18:10; Matta 4:11-i we Luka 22:43-i deňeşdiriň).

Perişde är-aýaly bir gapyny kakmaga höweslendirýär. Öýde bir adam Hudaýa dileg edip otyr.

1 Timoteos 5:21-däki «mukaddes perişdelere» ýygnagyň aladasyny etmek tabşyrylan bolmaly. Ýokarky aýatlarda Pawlus ýaşululara ýygnagyň gowy aladasyny etmegi maslahat berýär. Şonda olar dogan-uýalaryň hormatyny gazanyp bilýärler. Ýaşulular «adalatly bolmaly, hiç kimi ala tutmaly däl» we howlukmaç karara gelmeli däl. Sebäbi Pawlus olara Hudaýyň, Isa Mesihiň we mukaddes perişdeleriň seredip durandygyny aýdýar. Hawa, Ýehowa käbir perişdelere ýygnak bilen bagly ýumuşlary tabşyran bolmaly. Olaryň käbiri Hudaýyň halkyny goraýar, wagyz işine gözegçilik edýär we ýygnagyň ýagdaýy hakda Ýehowa habar berýär (Mat. 18:10; Ylh. 14:6).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş