Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w25 Fewral sah. 28—29
  • Hak dost boluň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hak dost boluň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • HAK DOST BOLMAK ÜÇIN NÄME ETMELI?
  • ÖÝÜNDEN ÇYKYP BILMEÝÄNLERIŇ HAK DOSTY BOLUŇ
  • YZARLANÝAN DOGAN-UÝALARYŇ HAK DOSTY BOLUŇ
  • Söýgüsiz dünýäde dostlukly gatnaşygy saklaň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Ýehowa size güýç-kuwwat berer
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Kimi wagza çagyryp bilersiň?
    Hudaýa gullugymyz — 2013
  • Ýehowanyň dosty bolup bilersiň!
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
w25 Fewral sah. 28—29

Hak dost boluň

BIZ «soňky günleriň juda kyn döwründe» ýaşaýarys (2 Tim. 3:1). Şonuň üçin kynçylyk başymyza düşende näme edip, näme goýjagymyzy, kimden kömek sorajagymyzy bilmeýäris. Ýöne biz kynçylyklary ýeke başymyza ýeňip geçmelidiris öýtmeli däl. Biz dostlarymyzdan kömek soramaly. Mukaddes Kitapda «hak dostuň... aladaly günüňde dadyňa ýetişýändigi» aýdylýar (Nak. 17:17).

HAK DOST BOLMAK ÜÇIN NÄME ETMELI?

Tussaglykda oturan Pawlus Tihikusa hat berýär.

Pawlus resul öý tussaglygynda oturan hem bolsa, dostlarynyň kömegi bilen gullugyny birkemsiz ýerine ýetirdi.

Pawlus resul köp ýerlere aýlanyp hoş habary wagyz edýärdi, ýöne ol ýeke däldi. Onuň ýanynda goldaw berýän dostlary bardy (Kol. 4:7—11). Pawlusy Rimde tussag edýärler. Indi ol öňküsi ýaly aýlanyp, dogan-uýalary berkidip bilmeýärdi. Ýöne dostlary oňa gullugyny ýerine ýetirmäge kömek etdi. Meselem, Epafrodit Filipidäki dogan-uýalaryň Pawlusa iberen zatlaryny getirip berdi (Flp. 4:18). Tihikus bolsa Pawlusyň ýazan hatlaryny ýygnaklara eltip berýärdi (Kol. 4:7). Pawlus öý tussaglygynda bolsa-da, türmede otursa-da, dostlarynyň kömegi bilen gullugyny birkemsiz ýerine ýetirdi. Şu günler biz nädip hak dost bolup bileris?

Şu günler dogan-uýalaryň arasynda biri-birini goldaýan dostlar az däl. Ispaniýada ýaşaýan Elizabet uýa pioner bolup gulluk edýärdi. Lukmanlar onuň ejesinde rak keseliniň bardygyny anykladylar. Şonda dogan-uýalar Elizabet uýa ruhlandyryjy hatlary we aýatlary ýazdylar. Elizabet şeýle ýatlaýar: «Dogan-uýalaryň ýazan hatlary kyn günümde güýjüme-güýç goşdy we özümiň ýeke däldigimi ýatlatdy» (Nak. 18:24).

Eger biz dogan-uýalar bilen eginme-egin işleşsek, olar bilen dost, jora bolarys. Eger ulagymyz bar bolsa, garry dogan-uýany ýygnaga ýa-da wagza äkidip bileris. Şonda hem özümiz ruhlanarys, hem olary ruhlandyryp bileris (Rim. 1:12). Käbir dogan-uýalar ýarawsyzlyk ýa-da garrylyk sebäpli öýünden çykyp bilmeýär. Biz olary nädip goldap bileris?

ÖÝÜNDEN ÇYKYP BILMEÝÄNLERIŇ HAK DOSTY BOLUŇ

Käbir dogan-uýalar garrylyk, ýarawsyzlyk we başga sebäplere görä Ýygnak jaýyna baryp bilmeýär. Şol sebäpli olar ýygnaklara internet arkaly gatnaşmaly bolýar. Lukmanlar Deýwid doganda rak keseliniň bardygyny anykladylar. Ol alty aýlap himioterapiýa alýar. Şol döwür Deýwid bilen aýaly Lidiýa ýygnaklara internet arkaly gatnaşýar.

Dogan-uýalar olary nädip goldadylar? Ýygnak gutaransoň, dogan-uýalar Ýygnak jaýyndan gitmän, Deýwid we Lidiýa bilen internet arkaly gürrüňdeş bolýardylar. Dogan-uýalaryň käbiri Deýwid bilen aýalyna ýygnakda beren jogaplary üçin ruhlandyryjy hatlary ýazýardylar. Şeýlelikde, Deýwid we Lidiýa özüni ýeke duýmadylar.

Bir uýa garry uýa bilen telefon arkaly wagyz edýär we ony öwýär.

Öýünden çykyp bilmeýänler bilen gulluk ediň.

Biz öýünden çykyp bilmeýän dogan-uýalary ýene nädip goldap bileris? Olar bilen wagyz eder ýaly gün tertibimizi üýtgedip bileris (Nak. 3:27). Belki, biz olaryň öýüne baryp hat ýazyp ýa-da telefon arkaly wagyz edip bileris. Ýaşulular olary internet arkaly wagyz duşuşygyna goşup biler. Deýwid bilen Lidiýanyň ýaşululary şeýle etdiler. Deýwid şeýle diýýär: «Wagyz duşuşygyna goşulmak, aýdylýan pikirleri we dogany diňlemek bizi örän ruhlandyrýardy». Belki, siz ýarawsyz dogan-uýalaryň öýüne okuw geçýänleriňizi eltip bilersiňiz. Ýöne ilki bilen olaryň özünden: «Barsak bolarmy?» diýip sorasaňyz gowy bolar.

Biz şeýle dogan-uýalar bilen eginme-egin işleşsek, olaryň ajaýyp häsiýetlerini görüp dostlaşasymyz geler. Biz olaryň wagyzda Hudaýyň Sözüni ökdelik bilen düşündirişini, akýürekli adamlara Hudaýy tanamaga kömek edişini görenimizde, olara bolan hormatymyz has-da artar. Biz şeýle dogan-uýalar bilen ruhy işlere yhlasly gatnaşsak, dostlarymyzyň sany gün-günden köpeler (2 Kor. 6:13).

Pawlus resul dosty Titusyň ýanynda bolup göwünlik berýändigine begenýärdi (2 Kor. 7:5—7). Bizem dostlarymyza diňe bir hoş sözleri aýtmak bilen çäklenmän, olaryň ýanynda bolup gerekli kömegi bersek hak dost bolup bileris (1 Ýah. 3:18).

YZARLANÝAN DOGAN-UÝALARYŇ HAK DOSTY BOLUŇ

Russiýadaky dogan-uýalar biri-birini goldamakda gowy görelde görkezýär. Är-aýal Sergeý bilen Tatýananyň wakasyna seredeliň. Polisiýa işgärleri olaryň öýüni dökýärler, olary bölüme äkidip soraga tutýarlar. Biraz wagtdan Tatýanany öýüne goýberýärler. Sergeý şeýle ýatlaýar: «Aýalym öýe gelen dessine bir batyrgaý uýa oňa kömek etmäge gelipdir. Soňra beýleki dogan-uýalar gelip, öýi tertibe salmaga kömek edipdirler».

Sergeý sözüni şeýle dowam edýär: «Meniň iň gowy görýän aýadym Nakyllar 17:17. Ol ýerde: „Hak dost elmydama söýýär, ol aladaly günüňde dadyňa ýetişýän dogandyr“ diýilýär. Yzarlama döwri men bu sözleriň dogrudygyna hasam göz ýetirdim. Şeýle agyr synaga bir özüm döz gelip bilmezdim. Ýehowa gaýduwsyz dostlarym arkaly maňa kömek etdi»a.

Kyn günlerde bize dostlarymyzyň kömegi gerek. Uly betbagtçylykda olaryň kömegine has-da mätäç bolarys. Şonuň üçin, geliň, häzirden dogan-uýalar bilen dost, jora bolalyň (1 Pet. 4:7, 8).

a JW.ORG saýtyndan «Ýehowa olara mert dostlary berdi» diýen makalany okap bilersiňiz.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş