Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w25 Iýun sah. 2—7
  • Ýakubyň ölüm ýassygynda dört ogluna eden wesýeti

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýakubyň ölüm ýassygynda dört ogluna eden wesýeti
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • RUBEN
  • ŞIMGON WE LEWI
  • ÝAHUDA
  • Ýakubyň ölüm ýassygynda sekiz ogluna eden wesýeti
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Ýakup bilen Ysaw ýaraşýar
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Ýakubyň uly maşgalasy
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Karara geleniňizde Ýehowa bil baglaň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2023
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
w25 Iýun sah. 2—7

24-NJI MAKALA

98-NJI AÝDYM Mukaddes Kitap Hudaýyň ylhamy bilen ýazyldy

Ýakubyň ölüm ýassygynda dört ogluna eden wesýeti

«Hemmäňiz ýygnanyň, size gelejekde nämeleriň garaşýanyny aýdaýyn» (1 Mus. 49:1).

ESASY PIKIR

Ýakubyň ölüm ýassygynda Rubene, Şimgona, Lewä we Ýahuda aýdan sözlerinden köp zatlary öwrenýäris.

1, 2. Ýakup pygamber ölüm ýassygyndaka näme etdi we näme üçin? (Surata serediň).

ÝAKUP pygamber maşgalasy bilen Kengan ýurdundan Müsüre göçüp gelipdi. Onuň Müsüre gelenine 17 ýyla golaý wagt geçipdi (1 Mus. 47:28). Ol eý görýän ogly Ýusuba gowşup, maşgalasynyň başynyň jem bolandygyna örän begenendir. Ýöne häzir Ýakup pygamber ölüm ýassygynda ýatyrdy. Ol ogullaryna wesýet etmek isleýärdi (1 Mus. 49:28).

2 Şol döwür maşgalabaşylar ölmänkä ogul-gyzyny ýygnap wesýet edýärdi (Işa. 38:1). Ýakup hem öwüt-nesihat bermek üçin ogullaryny çagyrýar. Şonda ol aradan çykansoň maşgalada kimiň baş boljagyny aýdandyr.

Ýakup ölüm ýassygynda ýatyrka 12 ogluna wesýet edýär (1, 2-nji abzaslara serediň).


3. Ýakubyň ölüm ýassygynda aýdan sözleri näme üçin ýöne bir öwüt-nesihat däldi? (1 Musa 49:1, 2).

3 1 Musa 49:1, 2-nji aýatlary okaň. Ýakubyň ogullaryna aýdan sözleri ýöne bir öwüt-nesihat däldi. Ol Ýehowanyň pygamberidi. Ýakup Ýehowanyň ylhamy bilen ogullaryna we olaryň nesillerine nähili gelejegiň garaşýandygyny aýtdy. Şonuň üçin onuň sözlerine pygamberlik diýse-de bolar.

4. Ýakubyň ogullaryna beren öwüt-nesihatyny öwrenmegiň nähili peýdasy bar? («Ýakubyň maşgalasy» diýen çarçuwa serediň).

4 Şu makalada Ýakubyň Rubene, Şimgona, Lewä we Ýahuda beren öwüt-nesihatyna serederis. Indiki makalada onuň beýleki sekiz ogluna aýdan sözleri hakda gürrüň ederis. Ýakup diňe ogullary hakda däl, eýsem olaryň neslinden dörän ysraýyl halky hakda hem pygamberlik etdi. Taryh Ýakubyň aýdan pygamberlik sözleriniň jikme-jik ýerine ýetendigini subut edýär. Ýakubyň ogullaryna eden wesýetini öwrensek, Ýehowany razy etmek üçin näme etmelidigini bileris.

Tablisada Ýakubyň nesil daragty görkezilen. Onuň Leýa we Rahel atly iki aýaly, Bilha hem-de Zilpa atly iki gyrnagy bardy. Leýadan bolan çagalary şular: Ruben, Şimgon, Lewi, Ýahuda, Ysahar, Zebulun we Dina. Rahelden bolsa Ýusup bilen Benýamin doguldy. Bilhadan Dan bilen Naftaly, Zilpadan bolsa Gad bilen Aşer dünýä indi.

RUBEN

5. Ruben kakasyndan nämä garaşan bolmaly?

5 Ýakup ilki bilen nowbahar ogly Rubene ýüzlenýär (1 Mus. 49:3). Ilkinji perzent bolandygy üçin, Ruben kakasynyň mirasyndan iki esse paý berler öýdendir. Ol kakasy aradan çykansoň, maşgalanyň başy bolaryn diýip pikir edendir. Nesilleri hem doganlarynyň arasynda baş bolar öýdendir.

6. Ruben nowbaharlyk hakyndan näme üçin mahrum boldy? (1 Musa 49:3, 4).

6 Ýöne Ruben nowbaharlyk hakyndan mahrum boldy (1 Tar. 5:1). Sebäbi Ýakubyň mähriban aýaly Raheliň ölenine köp wagt geçmänkä, Ruben onuň gyrnagy Bilha bilen ýatýar. Rahel gyrnagy Bilhany Ýakuba beripdi (1 Mus. 35:19, 22). Ruben näme üçin onuň bilen ýatdyka? Ol Raheliň dogany Leýanyň ogludy. Belki, Ruben: «Eger Bilha bilen ýatsam, kakam ony ýigrenip, ejemi has köp söýer» diýip pikir eden bolmaly. Ýa-da Ruben azgyn höweslerine erk edip bilmän, Bilha bilen ýatandyr. Nähili bolaýanda-da, onuň eden işi kakasyny we Ýehowany gynandyrdy (1 Musa 49:3, 4-nji aýatlary okaň).

7. Ýakubyň Ruben we onuň nesilleri hakdaky pygamberligi nädip ýerine ýetdi? («Ýakubyň ölüm ýassygynda aýdan pygamberligi» diýen çarçuwa serediň).

7 Ýakup pygamber Rubene: «Mertebäň belende galmaz» diýdi. Onuň aýdyşy ýaly-da boldy. Mukaddes Kitabyň hiç ýerinde Rubeniň nesliniň patyşa, ruhany ýa-da pygamber bolandygy aýdylmaýar. Ýöne Ýakup oglundan ýüz hem öwürmedi. Rubeniň neslinden ysraýyl halkynyň uly taýpasy döredi (Ýuşa 12:6). Ruben başga ýagdaýlarda gowy häsiýetlerini görkezipdi. Şeýle-de onuň ýene ahlaksyzlyk edendigi barada hiç ýerde aýdylmaýar (1 Mus. 37:20—22; 42:37).

Ýakubyň ölüm ýassygynda aýdan pygamberligi

Ruben.

Ogly

Ruben

Pygamberligi

«Mertebäň belende galmaz» (1 Mus. 49:4).

Ýerine ýetişi

Rubeniň neslinden baştutan gelip çykmady (1 Tar. 5:1, 2).

8. Ruben bilen bolan wakadan näme sapak edinýäris?

8 Biziň üçin sapak. Biz özümize erk etmeli we ahlaksyzlykdan gaça durmak üçin jan etmeli. Eger synaga düşseňiz, biraz saklanyň we etjek hereketiňiziň Ýehowany, maşgala agzalaryňyzy, dogan-uýalary gynandyrjakdygy hakda oýlanyň. Şeýle-de adamyň hemişe eken zadyny orýandygyny unutmaň (Gal. 6:7). Ruben bilen bolan waka Ýehowanyň rehimdar Hudaýdygyny hem görkezýär. Elbetde, biz edenimizi egnimiz bilen çekmeli bolarys, ýöne ýalňyşymyzy gaýtalamasak we dogry işleri etmäge jan etsek, Ýehowa bizi bagyşlap bereket berer.

ŞIMGON WE LEWI

9. Ýakup Şimgon bilen Lewä näme üçin käýeýär? (1 Musa 49:5—7).

9 1 Musa 49:5—7-nji aýatlary okaň. Soňra Ýakup pygamber ogullary Şimgon bilen Lewä käýeýär. Birnäçe ýyl mundan öň, kenganly Şekem Ýakubyň gyzy Dinany zorlaýar. Ýakubyň ogullarynyň namysdan ýaňa gany depesine urýar, emma Şimgon bilen Lewi gahar atyna atlanyp zalymlyk edýär. Olar Şekem bilen ildeşlerine sünnetlenseler, bir halk ýaly agzybir ýaşajakdyklaryny aýdýarlar. Olar hem aýdylyşy ýaly edip sünnetlenýär. Emma sünnetiň yzasyny çekip ýörkäler, Şimgon bilen Lewi «gylyçlaryny alyp, hiç kime bildirmän, şähere girýärler-de, erkekleriň baryny gyrýarlar» (1 Mus. 34:25—29).

10. Ýakubyň Şimgon we Lewi hakda aýdan sözleri nädip ýerine ýetdi? («Ýakubyň ölüm ýassygynda aýdan pygamberligi» diýen çarçuwa serediň).

10 Ganhorlyk edendigi üçin Ýakubyň iki ogluna gaty gahary gelýär. Ol Şimgon bilen Lewiniň nesline mülk berilmejekdigini, doganlarynyň arasyna dargajakdyklaryny aýdýar. Onuň sözleri 200 ýyldan gowrak wagt geçensoň, ysraýyllar wada edilen ýurda girende ýerine ýetdi. Şimgon taýpasyna aýratyn mülk berilmedi, olar ýahuda taýpasyna berlen ýeriň bir bölegine kaýyl bolmaly boldular (Ýuşa 19:1). Lewi taýpasy hem Ysraýylyň dürli ýerine dargap, 48 şäherinde ýaşamaly boldy (Ýuşa 21:41).

Ýakubyň ölüm ýassygynda aýdan pygamberligi

Şimgon.

Ogly

Şimgon

Pygamberligi

«Olary Ýakubyň ýurduna pytradaryn» (1 Mus. 49:7).

Ýerine ýetişi

Şimgon taýpasyna ýahuda taýpasynyň arasyndan mülk berildi (Ýuşa 19:1—8).

Lewi.

Ogly

Lewi

Pygamberligi

«Ysraýylyň arasyna dargadaryn» (1 Mus. 49:7).

Ýerine ýetişi

Lewi taýpasy Ysraýylyň dürli ýerine dargap, 48 şäherinde ýaşamaly boldy (Ýuşa 21:41).

11. Şimgon we lewi taýpasy nähili gowy işleri etdi?

11 Şimgonyň we Lewiniň nesli ata-babasynyň ýalňyşyny gaýtalamaýar. Lewi taýpasy Ýehowa wepaly bolup, Oňa arassa sežde edýär. Ýehowa Musa pygambere Sinaý dagynda kanun berende, ysraýyllaryň köpüsi altyn gölä sežde etdiler. Ýöne lewiler Musanyň tarapyna geçip, halkyň arasyndan butparazlygy aýyrmaga kömek etdiler (2 Mus. 32:26—29). Ýehowa lewi taýpasyny aýratyn gulluk üçin saýlap, olardan ruhanylary belledi (2 Mus. 40:12—15; 4 Mus. 3:11, 12). Şimgon taýpasy hem Ýehowa wepalydygyny görkezdi. Olar ýahudalar bilen eginme-egin söweşip, wada edilen ýurdy basyp aldylar (Ser. 1:3, 17).

12. Şimgon we Lewi bilen bolan wakadan näme sapak edinýäris?

12 Biziň üçin sapak. Biz gaharymyza bäs gelmeli, ýogsam etmesiz zady edip ökünip ýöreris. Elbetde, biri sizi ýa-da ýakynlaryňyzy kemsitse, gaharyňyz gelip biler (Zeb. 4:4). Ýöne ýamanlyga ýamanlyk bilen jogap berseňiz Ýehowany gynandyrarsyňyz (Ýak. 1:20). Eger dogan-uýalar, goňşy-golamlaryňyz ýa-da işdeşleriňiz size adalatsyzlyk etse, Mukaddes Kitabyň prinsiplerine görä hereket ediň (Rim. 12:17, 19; 1 Pet. 3:9). Belki, siziň ene-ataňyz Ýehowany gynandyrýan işleri edýändir. Şonda siz: «Ejem-kakam şeýle bolsa gitjek ýerim nire?! Menem Ýehowany razy edip bilmerin» diýýänsiňiz. Ýöne beýle pikir etmek nädogry. Eger dogry işleri etmek üçin tagalla etseňiz, Ýehowa sizi halal adam hasaplar.

ÝAHUDA

13. Doganlaryna aýdylan sözleri eşidende näme üçin Ýahudanyň ýüregi bükgüldändir?

13 Indi nobat Ýahuda ýetýär. Doganlaryna aýdylan sözleri eşidende Ýahudanyň ýüregi bükgüldändir. Sebäbi ol köp ýalňyşypdy. Ýahuda doganlary bilen bile Şekemi we ildeşlerini öldürip, şäheri talan bolmaly (1 Mus. 34:27). Ýusuby gul edip satmagy hem Ýahuda teklip edýär, soňra doganlary bilen «Ýusup öldi» diýip, kakasyna ýalan sözleýär (1 Mus. 37:31—33). Hatda ahlaksyz aýaldyr öýdüp, gelni Tamar bilen ýatýar (1 Mus. 38:15—18).

14. Ýahuda nähili adamdy? (1 Musa 49:8, 9).

14 Ýakup Ýehowanyň ylhamy bilen Ýahudany öwýär we köp bereket aljakdygyny aýdýar (1 Musa 49:8, 9-njy aýatlary okaň). Ýahuda aladaçyldy, ol körpe inisi Benýamini gowy görýärdi, hatda onuň üçin gul bolmaga-da taýyndy. Şeýle-de ol kakasynyň hem aladasyny edýärdi, onuň garran çagy hasrat çekmegini islemeýärdi (1 Mus. 44:18, 30—34).

15. Ýahuda nähili bereket aldy?

15 Ýakup Ýahudanyň doganlaryna baş boljakdygyny aýdýar. Emma bu pygamberlik 200 ýyldan soňra ýerine ýetýär. Hudaýyň halky Müsürden çykýar. Olar çölde wada edilen ýurda barýarka, ýahuda taýpasy halkyň başyny çekýär (4 Mus. 10:14). Şondan onlarça ýyl geçýär, ysraýyl halky wada edilen ýurduň bosagasyna gelýär. Ýurdy basyp almak üçin söweşe ilkinji bolup ýahuda taýpasy çykýar (Ser. 1:1, 2). Soňra ýahuda taýpasyndan bolan Dawut we onuň nesilleri ysraýyl halkynyň patyşasy bolýar. Emma Ýakubyň Ýahuda hakda aýdan pygamberligi munuň bilen tamamlanmaýar.

16. 1 Musa 49:10-daky pygamberlik nädip ýerine ýetdi? («Ýakubyň ölüm ýassygynda aýdan pygamberligi» diýen çarçuwa serediň).

16 Ýakup ýahuda taýpasynyň neslinden geljek patyşanyň adamzadyň üstünden ebedilik höküm sürjekdigini aýdypdy (1 Musa 49:10-y okaň, çykgyt). Şol patyşa Isa Mesihdi, Ýakup oňa «Şilo» diýipdi. Ýehowanyň perişdesi Isa hakda şeýle diýýär: «Ýehowa Hudaý oňa atasy Dawudyň tagtyny berer» (Luka 1:32, 33). Şeýle-de Isa Mesihe «ýahuda taýpasynyň Ýolbarsy» hem diýilýär (Ylh. 5:5).

Ýakubyň ölüm ýassygynda aýdan pygamberligi

Ýahuda.

Ogly

Ýahuda

Pygamberligi

«Şilo gelinçä, şalyk hasasy Ýahudanyň elinden düşmez» (1 Mus. 49:10).

Ýerine ýetişi

Ýahudanyň neslinden Isa Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy boldy (Luka 1:32, 33).

17. Biz Ýehowadan nädip görelde alyp bileris?

17 Biziň üçin sapak. Ýahuda ýalňyşsa-da, Ýehowa oňa köp bereket berdi. Belki, Ýahudanyň doganlary: «Ýehowa oňa köp bereket berýär welin, onuň ýalňyşlaryny görmeýärmikä?» diýip pikir edendir. Elbetde, biz olaryň nähili pikir edendigini anyk bilmeýäris, ýöne Ýehowa Ýahudanyň köp gowy häsiýetini gördi we oňa bereket berdi. Biz Ýehowadan nädip görelde alyp bileris? Eger dogan-uýalardan birine borç berilse, biz derrew onuň ýalňyşlaryna we kemçiliklerine üns berip bileris. Emma Ýehowanyň onuň gowy häsiýetlerine üns berýändigini unutmaň. Ýehowa gullukçylarynda gowy zady görjek bolýar. Geliň, bizem Ýehowanyň göreldesine eýereliň.

18. Biz näme üçin sabyrly bolmaly?

18 Ýahuda bilen bolan wakadan sabyrly bolmagy hem öwrenýäris. Ýehowa hemişe sözünde durup bereket berýär. Ol bize haçan we nädip bereket bermelidigini gowy bilýär. Ýahudanyň nesilleri derrew Hudaýyň halkyna baştutan bolmady. Olar Ýehowanyň ýolbaşçy bellän adamlaryna gulak asdylar. Meselem, olar lewilerden Musa, efraýymlardan Ýuşa we benýaminlerden Şawul patyşa gulak asyp tabyn boldular. Bizem Ýehowanyň ýolbaşçy bellän adamlaryna gulak asmaly we olary goldamaly (Ýew. 6:12).

19. Ýakubyň ölüm ýassygynda aýdan sözlerinden Ýehowa hakda nämeleri öwrendik?

19 Ýakubyň ölüm ýassygynda dört ogluna eden wesýetinden näme öwrendik? «Hudaýyň garaýşy adamyňky ýaly däldir» (1 Şam. 16:7). Ýehowa örän sabyrly we geçirimli Hudaý. Ol gullukçylarynyň ýalňyşyna göz ýummaýar, ýöne olardan güýjüniň ýetmejek zadyny talap hem etmeýär. Ol geçmişde köp ýalňyşan, ýöne ýürekden toba edip halal ýaşamaga jan edýän adamlara bereket berýär. Indiki makalada Ýakubyň beýleki sekiz ogluna beren öwüt-nesihaty hakda gürrüň ederis.

ÝAKUBYŇ ÖLÜM ÝASSYGYNDA . . . AÝDAN SÖZLERINDEN NÄME ÖWRENÝÄRIS?

  •  Rubene

  •  Şimgona we Lewä

  •  Ýahuda

124-NJI AÝDYM Hemişe wepaly bolalyň

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş