25-NJI MAKALA
96-NJY AÝDYM Hudaýyň Sözi genji-hazyna
Ýakubyň ölüm ýassygynda sekiz ogluna eden wesýeti
«Ýakup ogullary üçin dileg edip, hersine özüne laýyk ak pata berdi» (1 Mus. 49:28).
ESASY PIKIR
Ýakubyň ölüm ýassygynda sekiz ogluna eden wesýetinden köp zat öwrenýäris.
1. Biz makalada näme hakda gürrüň ederis?
ÝAKUBYŇ ogullary wesýetini diňlemek üçin daşyna üýşüpdi. Ilki bilen Ýakup Ruben, Şimgon, Lewi we Ýahuda hakda pygamberlik sözlerini aýdýar. Şonda Ýakubyň beýleki sekiz ogly onuň sözlerini eşidip ör-gökden gelendir. Olar: «Kakamyz biz hakda näme diýerkä?» diýip, onuň ýüzüne howsalaly seredendir. Geliň, Ýakubyň Zebuluna, Ysahara, Dana, Gada, Aşere, Naftala, Ýusuba we Benýamine näme diýendigini bileliňa.
ZEBULUN
2. Ýakup Zebulun hakda näme diýdi we onuň sözleri nädip ýerine ýetdi? (1 Musa 49:13; çarçuwa serediň).
2 1 Musa 49:13-i okaň. Ýakup zebulunlaryň wada edilen ýurduň demirgazygynda, deňziň kenarynda ýaşajakdygyny aýtdy. Onuň pygamberlik sözleri 200 ýyldan gowrak wagtdan soňra ýerine ýetdi. Zebulunlara Jelile we Ortaýer deňziniň arasyndaky ýerler mülk edip berildi. Musa pygamber Zebulun hakda: «Şatlan, eý Zebulun, ýola düşeniňde» diýdi (5 Mus. 33:18). Onuň sözleri nämäni aňladýar? Olara iki deňiz hem ýakyn bolansoň, kenarýaka ýerlere kösenmän baryp-gelip, söwda-satyk edip bilýärdiler. Musa pygamber şu we başga sebäplere görä, Zebuluna «şatlan» diýen bolmaly.
3. Bagtyň syry nämede?
3 Biziň üçin sapak. Biz nirede we nähili ýaşasak-da bagtly bolup bileris. Munuň üçin barymyza kaýyl bolmaly (Zeb. 16:6; 24:5). Käte biz ýok zadyň arzuwyny edip, bar zadyň gadyryny bilmeýäris. Şeýdip, ruhdan düşýäris. Geliň, bar zadymyza şükür edeliň we şatlanyp ýaşalyň (Gal. 6:4).
YSAHAR
4. Ýakup Ysahar hakda nähili pygamberlik etdi we ol nädip ýerine ýetdi? (1 Musa 49:14, 15; çarçuwa serediň).
4 1 Musa 49:14, 15-nji aýatlary okaň. Ýakup pygamber Ysahary agyr ýük göterýän daýaw eşege meňzetdi. Şeýle-de onuň «owadan» ýurtda ýaşajakdygyny aýtdy. Ýakubyň aýdyşy ýaly boldy. Wada edilen ýurtda ysahar taýpasyna Iordan derýasynyň boýundan mes toprakly ýer berildi (Ýuşa 19:22). Elbetde, olar bol hasyl almak üçin agyr zähmet çekendir. Şeýle-de olar ysraýyl doganlaryndan kömegini gaýgyrmady (1 Pat. 4:7, 17). Meselem, olar hemişe ysraýyllar bilen eginme-egin söweşe çykýardy. Bir gezek pygamber aýal Debora we Barak serdar söweşde ysraýyllary kömege çagyrdy. Şonda ysahar taýpasy ilkinjileriň hatarynda geldi (Ser. 5:15).
5. Biz näme üçin işeňňir bolmaly?
5 Biziň üçin sapak. Ýehowa ysahar taýpasy ýaly işeňňir we zähmetsöýer dogan-uýalary gowy görýär (Nes. 2:24). Meselem, ýaşuly doganlar arman-ýadaman zähmet çekýär (1 Tim. 3:1). Elbetde, olar eline ýarag alyp söweşmeýär, ýöne Hudaýyň halkynyň imany gowşamaz ýaly we Ýehowa bilen dostlugy bozulmaz ýaly gije-gündiz alada edýärler (1 Kor. 5:1, 5; Ýahd. 17—23). Şeýle-de olar näçe işli bolsa-da, nutuk taýýarlaýar we ýygnakda çykyş edip dogan-uýalaryň imanyny berkidýär (1 Tim. 5:17).
DAN
6. Dan taýpasy nähili borjy ýerine ýetirýärdi? (1 Musa 49:17, 18; çarçuwa serediň).
6 1 Musa 49:17, 18-nji aýatlary okaň. Ýakup pygamber Dany ýylana meňzedýär we özünden güýçli duşmany çakyp, atdan agdarjakdygyny aýdýar. Danlar ysraýylyň duşmanlarynyň gözüniň oduny almalydy. Ysraýyllar wada edilen ýurda barýarka danlar «tutuş halkyň yzyndan ýöräp», olary goraýardy (4 Mus. 10:25). Beýleki taýpalar danlaryň arka tarapdan gala ýaly goraýandygyny görmese-de, olar borjuny höwes bilen ýerine ýetirýärdi.
7. Biz dan taýpasynyň göreldesine nädip eýerip bileris?
7 Biziň üçin sapak. Belki, ýygnakdaky dogan-uýalar siziň nähili işleri edýändigiňizi bilýän däldir. Siz Ýygnak jaýynyň arassaçylyk we bejeriş işlerine, etrap ýa welaýat kongreslerinde kömek edýänsiňiz, ýa-da başga göze görünmeýän işleri edýänsiňiz. Berekella, Ýehowa size guwanýar. Ol siziň edýän her bir işiňizi görýär we gadyryňyzy bilýär. Ol siziň, esasanam, abraý gazanmak üçin däl-de, ýagşy işleri ýürekden edýändigiňizi görende monça bolýar (Mat. 6:1—4).
GAD
8. Gadlara nireden ýer berlipdi we olar nämäni alada edip bilerdi? (1 Musa 49:19; çarçuwa serediň).
8 1 Musa 49:19-y okaň. Ýakup gadlaryň üstüne talaňçylaryň çozjakdygyny pygamberlik etdi. Şondan iki asyrdan gowrak wagt geçensoň, gadlar Iordanyň gündogarynda mesgen tutýarlar. Sebäbi şol ýerlerde mal bakmaga gowy öri meýdanlarynyň bardygyny görýärler. Emma gadlaryň golaýynda duşmanlar hem ýaşaýardy, olaryň üstüne çozup talap bilýärdi (4 Mus. 32:1, 5). Gad taýpasy gaýduwsyzdy, emma olar Ýehowa bil baglaýardy, duşmanlardan we talaňçylardan gorajakdygyna ynanýardy. Olar ysraýyl doganlaryna wada edilen ýurdy doly basyp almaga kömek etmek üçin Iordanyň günbataryna geçýärler we birnäçe ýyl olar bilen eginme-egin söweşýärler (4 Mus. 32:16—19). Olar yzda goýup gaýdan aýallaryny we çagalaryny Ýehowanyň gorajakdygyna şübhelenmeýärdi. Ýehowa-da gaýduwsyz we batyrgaý gadlaryň hojalygyny gorady, olaryň öýüne ýekeje duşman hem çozmady (Ýuşa 22:1—4).
9. Ýehowa bil baglaýan adamlar nähili karara gelýär?
9 Biziň üçin sapak. Kyn ýagdaýlarda Ýehowa wepaly gulluk etmek üçin, Oňa doly bil baglamaly (Zeb. 37:3). Şu günler dogan-uýalar köp zadyndan geçip gurluşyga gatnaşýarlar, wagyzçylaryň az ýerinde gulluk edýärler ýa-da guramada başga borçlary ýerine ýetirýärler. Olar Ýehowanyň eliniň gysga däldigine we aladasyny etjekdigine doly ynanýarlar (Zeb. 23:1).
AŞER
10. Ýakup aşerler hakda nähili pygamberlik etdi, emma olar nähili mümkinçiligi elden giderdi? (1 Musa 49:20; çarçuwa serediň).
10 1 Musa 49:20-ni okaň. Ýakup pygamber Aşeriň baý boljagyny we eliniň uzadan ýerine ýetjegini pygamberlik etdi. Onuň aýdyşy ýaly boldy. Wada edilen ýurduň iň mes toprakly ýerleri Aşeriň paýyna düşdi (5 Mus. 33:24). Aşer taýpasyna düşen mülk Ortaýer deňziniň kenarynda ýerleşýärdi we Finikiýanyň baý şäheri Sidon hem olara degişlidi. Emma aşerler ýurtdan kenganlary doly kowup çykarmandy (Ser. 1:31, 32). Şeýlelikde, kenganlaryň täsirine düşüp we baýlyga kowalaşyp, aşerler arassa seždäni yhlas bilen goldamadylar. Barak serdar kenganlar bilen söweşende aşerleri kömege çagyrýar, emma olar seslenmeýär we kömege gelmeýär. Şeýlelikde, Ýehowanyň «Megiddo suwlarynda» görkezen gudratyny görüp bilmeýär (Ser. 5:19—21). Söweşden soň pygamber aýal Debora we Barak serdar ýeňiş aýdymyny aýdýarlar. Olar: «Aşer hem deňiz ýakasynda gol gowşuryp oturdy» diýende, aşerler utançdan ýaňa başyny galdyryp bilen däldir (Ser. 5:17).
11. Biz näme üçin baýlygyň ugrunda hars urmaly däl?
11 Biziň üçin sapak. Biz Ýehowa janymyz-tenimiz bilen gulluk etmeli. Biz dünýädäki adamlar ýaly baýlyga kowalaşmaly däl (Nak. 18:11). Elbetde, biz ýaşamak üçin pul gazanýarys, ýöne pul Hudaýa edýän seždämizden öňe geçmeli däl (Nes. 7:12; Ýew. 13:5). Dogan-uýalar, wajyp bolmadyk zatlary edinjek bolup, olaryň ugrunda hars urmalyň. Gaýtam wagtymyzy we güýjümizi Ýehowanyň işleri üçin ulanalyň. Gelejekde Ýehowa biziň ähli isleg-arzuwlarymyzy hasyl eder (Zeb. 4:8).
NAFTALY
12. Ýakubyň Naftaly hakda aýdan pygamberligi nädip ýerine ýeten bolmaly? (1 Musa 49:21; çarçuwa serediň).
12 1 Musa 49:21-i okaň. Ýakup pygamber Naftalynyň «hoşamaý sözleri» aýtjakdygyny pygamberlik etdi. Onuň pygamberlik sözleri Isa Mesih ýer ýüzünde gulluk edende ýerine ýeten bolmaly. Sebäbi Isa Beýik Mugallymdy, ol Naftaly etrabynyň Kapernawum şäherinde ýaşaýardy (Mat. 4:13; 9:1; Ýah. 7:46). Işaýa pygamber Zebulun we Naftaly topragynyň «güýçli ýagtylyk görjekdigini» pygamberlik etdi (Işa. 9:1, 2). Isa ökdelik bilen öwredip «ähli adamlara ýagty saçýan hakyky nur» boldy (Ýah. 1:9).
13. Biz nädip hoşamaý sözleri aýdyp bileris?
13 Biziň üçin sapak. Ýehowa biziň aýdýan sözümize we äheňimize üns berýär. Biz nädip hoşamaý sözleri aýdyp bileris? Munuň üçin hemişe hakykaty aýtmaly (Zeb. 15:1, 2). Biz dogan-uýalary ýazgarmagyň ýa-da zeýrenmegiň deregine, olary öwmeli we ruhlandyrmaly (Efes. 4:29). Şeýle-de biz adamlara wagyz eder ýaly, olaryň dilini tapmagy öwrenmeli.
ÝUSUP
14. Ýusup baradaky pygamberlik nädip ýerine ýetdi? (1 Musa 49:22, 26; çarçuwa serediň).
14 1 Musa 49:22, 26-njy aýatlary okaň. Ýusup Ýakubyň göz-guwanjydy, ol «doganlarynyň arasyndan saýlanýardy». Ýakup oňa «miweli agajyň şahasy» diýdi. Ýakup özüni agaja, Ýusuby bolsa şaha meňzetdi. Ýusup Ýakubyň mähriban aýaly Rahelden bolan ilkinji ogludy. Ýakup Leýadan bolan nowbahar ogly Rubene derek Ýusubyň mirasdan iki esse paý aljakdygyny aýtdy (1 Mus. 48:5, 6; 1 Tar. 5:1, 2). Ýusubyň ogullary Efraýym bilen Manaşadan Ysraýylyň iki taýpasy döredi we olara wada edilen ýurtdan mülk paý berildi. Şeýlelikde, Ýakubyň pygamberligi ýerine ýetdi (1 Mus. 49:25; Ýuşa 14:4).
15. Ýusup adalatsyzlyga nädip döz geldi?
15 Ýakup «ýaýçylaryň duşmançylyk edip, gahar-gazap bilen (Ýusuba) ok atjagyny» aýtdy (1 Mus. 49:23). Doganlary Ýusuba göriplik edip, gul edip satanda Ýakubyň sözleri ýerine ýetdi. Ýöne Ýusup doganlaryny ýigrenmedi, Ýehowadan hem öýkelemedi. Gaýtam Ýakubyň aýdyşy ýaly Ýusubyň «ýaýy döwülmedi, gollary güýçden gaçmady» (1 Mus. 49:24). Ýusup kyn ýagdaýlarda Ýehowa bil baglaýardy, ol doganlaryny diňe bir bagyşlaman, olara uly ýagşylyk etdi (1 Mus. 47:11, 12). Ýusup kynçylyklarda ýüregini gatatmady, gaýtam ýagşy häsiýetleri ösdürdi (Zeb. 105:17—19). Şeýdip, Ýehowa Ýusup arkaly beýik işleri etdi.
16. Synagda Ýusubyň göreldesine nädip eýerip bileris?
16 Biziň üçin sapak. Dogan-uýalar, goý, synaglar, kynçylyklar Ýehowa we imandaşlaryňyza bolan söýgiňizi sowatmasyn. Ýehowa synaglar arkaly imanymyzy berkidýär we bizi terbiýeleýär (Ýew. 12:7). Synaglarda, kynçylyklarda rehimdarlyk we geçirimlilik ýaly köp ýagşy häsiýetleri ösdürip bilýäris (Ýew. 12:11). Ýehowa Ýusuba bereket berişi ýaly, bizi hem sylagsyz goýmaz.
BENÝAMIN
17. Benýamin hakda aýdylan pygamberlik nädip ýerine ýetdi? (1 Musa 49:27; çarçuwa serediň).
17 1 Musa 49:27-ni okaň. Ýakup Benýamini möjege meňzedip, onuň edermen söweşiji boljakdygyny aýtdy (Ser. 20:15, 16; 1 Tar. 12:2). Ol Benýaminiň «irden awuny ýalmap-ýuwutjagyny» aýtdy. Ýakubyň şu sözleri Ysraýylyň ilkinji patyşasy benýaminlerden saýlananda ýerine ýetdi. Şawul patyşa edermen söweşijidi, ol piliştlileri derbi-dagyn etdi (1 Şam. 9:15—17, 21). Şeýle-de Ýakup Benýaminiň «agşam oljasyny paýlaşjakdygyny» aýtdy. Onuň sözleri benýaminlerden şa aýaly Ester we baş wezir Mordekaý tutuş Pars imperiýasynda ýaşaýan ysraýyllary halas edende ýerine ýetdi (Est. 2:5—7; 8:3; 10:3).
18. Biz benýaminlerden nädip görelde alyp bileris?
18 Biziň üçin sapak. Ysraýylyň ilkinji patyşasy benýaminlerden saýlananda, olaryň başy göge ýetendir. Soňra Ýehowa ýahuda taýpasyndan Dawudy Ysraýyla patyşa belleýär. Benýaminler başda Dawudy goldamasa-da, soňra Ýehowanyň bellän patyşasyna wepaly bolýar (2 Şam. 3:17—19). Onlarça ýyl geçensoň, ysraýyl taýpalary gozgalaň turuzýar, emma benýaminler olara goşulmaýar. Olar ýahuda taýpasyny goldaýar we Ýehowanyň bellän patyşasyna wepaly bolýar (1 Pat. 11:31, 32; 12:19, 21). Geliň, bizem Ýehowanyň halkyna ýolbaşçy bellän doganlaryna gulak asalyň we goldalyň (1 Sel. 5:12).
19. Biz Ýakubyň wesýetinden näme öwrendik?
19 Biz Ýakubyň ölüm ýassygynda ogullaryna eden öwüt-nesihatyndan köp zatlary öwrendik. Ýakubyň pygamberlik sözleri jikme-jik ýerine ýetdi. Diýmek, Mukaddes Kitapdaky beýleki pygamberlikler hem hökman ýerine ýeter. Şeýle-de biz Ýehowany dürli ýagdaýlarda razy edip ýaşamagy öwrendik.
128-NJI AÝDYM Soňuna çenli çydalyň
a Ýakup ilkinji dört ogluna ýaşyna görä yzygiderlikde ak pata berýär. Ýöne beýleki sekiz ogluna ak pata berende beýle etmeýär.