INDONEZIÝA
Gaýduwsyz pioner
Andre Elias
Doglan ýyly: 1915
Suwa çümdürilen ýyly: 1940
Gysgaça maglumat: Binäçe gezek haýbat atylmalary we soraga çekilmegi başdan geçiren batyr pioner.
IKINJI JAHAN urşy döwründe Elias dogany we onuň aýaly Jozefinany Ýawa adasynyň günbataryndaky Sukabumide ýerleşýän baş edara kempeýtaý — ýaponiýanyň harby polisiýasyna eltdiler. Ilki bilen Andreni soraga çekdiler. Onuň üstüne sorag baryny ýagdyrdyryp: «Ýehowanyň Şaýatlary kim? Siz ýapon hökümetine garşymy? Sen içalymy?» diýdiler.
—Biz Gudratygüýçli Hudaýyň gullukçylary we kanuna garşy hiç zat etmedik — diýip, Andre jogap berdi.
Uly ofiser (serkerde) diwarda duran samuraý gylyjyny aldy-da, ony Andreniň üstüne galdyryp:
—Eger men seni öldürsem näme? — diýip, gygyrdy.
Şonda Andre kellesini stoluň üstüne goýdy-da, içinden doga etdi.
Dowamly ümsümlik boldy, soňra ofiser loh-loh edip gülüp başlady. Ol:
—Bä, sen batyr ekeniň! — diýdi.
Onsoň ol Jozefinany çagyrdy. Onuň maglumatlary hem Andreniňki bilen deň gelýändigini görüp, ol gaty gygyryp:
—Siz hiç hili içaly däl. Güm boluň şu ýerden! - diýdi.
Şondan birnäçe aý geçensoň «ýalan doganlar» Andre garşy haýynlyk edýärler we ol türmä basylýar (2 Kor. 11:26).
Andre kiçiräk suw toplumyna gaçan zatlary çöpläp iýip diri galýar we bu ýagdaý birnäçe aý dowam etse-de, ölmän galdy. Tussagdakylaram onuň imanyndan üstün çykyp bilmediler. Haçanda Jozefina onuň yzyndan geleninde, ol gözenegiň aňyrsyndan pyşyrdap: «Meni alada etme. Meni öldürselerem, goýberselerem men Ýehowa wepaly galaryn. Meni bu ýerden öldürip çykaryp bilerler, ýöne imanymdan dändirip bilmezler» diýdi.
Türmede ýarym ýyl bolandan soňra, Andre Jakartydaky Ýokary kazyýetiň öňünde özüni gorap, çykyş etdi we boşadyldy.
Şondan 30 ýyl geçenden soň, Indoneziýada ýene-de Şaýatlaryň işi gadagan edildi we Sulawesi adasynyň demirgazygynda ýerleşýän Manado şäheriniň prokurory Andreni ýanyna çagyrdy.
—Siz Ýehowanyň Şaýatlarynyň gadagan edilendigini bilýäňizmi? — diýip, sorady.
—Hawa, — diýip, Andre jogap berdi.
—Siz diniňizi üýtgetmäge taýynmy?
Andre biraz öňe egildi-de, eli bilen öz döşüne urup, janygyp:
—Siz meniň gursagymdaky ýüregimi alyp bilersiňiz, ýöne, siz meniň dinimi üýtgetmäge hiç haçan mejbur edip bilmersiňiz! — diýdi.
Prokuror Andreni goýberdi we şondan soň ony ýanyna çagyrmady.
Andre 60 ýyla golaý yhlasly pioner bolup gullyk etdi. Ol 2000-nji ýylda 85 ýaşynda aradan çykdy.