Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • ijwyp mak. 13
  • Keselime nädip döz gelip bilerin? (I bölüm)

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Keselime nädip döz gelip bilerin? (I bölüm)
  • Ýaşlaryň sowallary
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ÝEMI
  • MATTEO
  • BRUNA
  • ANDRE
  • Bu kesel näme üçin meniň başyma düşdi?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
  • Keselime nädip döz gelip bilerin? (II bölüm)
    Ýaşlaryň sowallary
  • Keselime nädip döz gelip bilerin? (III bölüm)
    Ýaşlaryň sowallary
  • Gaýduwsyz pioner
    2016 Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýyllyk kitaby
Başgalary
Ýaşlaryň sowallary
ijwyp mak. 13

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Keselime nädip döz gelip bilerin? (I bölüm)

Sen agyr keselden ejir çekýän oglany ýa-da gyzy tanaýarmyň? Ýa seniň özüň bir keselden, ýa-da maýyplykdan ejir çekip, deň-duşlaryň ýaly oýnap-gülüp bilýän dälsiň?

Ejir çekýän bolsaň, onda wagtal-wagtal ruhdan düşýänsiň. Mukaddes Ýazgylarda teselli beriji iki sany gowy pikir bar.

  • Ýaradyjymyz Ýehowa Hudaý seniň ýagdaýyňy bilýär. Galyberse-de, ol seniň «aladaňy edýär» (1 Petrus 5:7).

  • Ýehowa Hudaý adamlary ähli keselden halas etjekdigini wada berýär. Sen bu barada Mukaddes Ýazgylardan, ýagny Işaýa 33:24 we Ylham 21:1—4-nji aýatlardan okap bilersiň.

Agyr keselden ejir çekýän ýaşlaryň köpüsi Hudaýa we onuň wadalaryna iman etmegiň güýç berýändigine göz ýetirdiler. Gel, dört sany mysala seredeli.

  • ÝEMI

  • MATTEO

  • BRUNA

  • ANDRE

ÝEMI

11 ýaşymdan bäri maýyplaryň arabasy bolmasa, hiç ýere gidip bilmeýärin. Maňa hatda ýeňil zady galdyrmak ýaly ýönekeý işi-de etmek başartmaýar.

Bäş ýaşymdakam, mende myşsa distrofiýasy diýen keseliň bardygy anyklanyldy. Gitdigiçe güýjeýän bu keselden ýaňa köp zatlary edip bilmeýärin. Deň-duşlarymyň edýän zatlaryny etmegi başarmaýandygym üçin, käte ruhdan düşýärin. Emma ene-atam we ýygnakdaky dostlarym meni beden, duýgy hem-de ruhy taýdan goldaýarlar. Men uzak wagtly pioner bolup gulluk edýärin; köplenç dogan-uýalar gyzyklanýanlar bilen okuw geçmäge kömek edýär.

Isa pygamber: «Her günüň öz derdi özüne ýetikdir» diýdi (Matta 6:34). Şol sebäpli men ertirki günüň aladalary barada pikir etmezlige çalyşýaryn we güýjümiň ýeten zatlaryny etmegi maksat edinýärin. Men Hudaýyň täze dünýäsinde «hakyky ýaşaýşa» ýetip, agyr dertden gutuljak günüme sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn (1 Timoteos 6:19).

Şu barada oýlan: Senem Ýemi ýaly güýjüň ýeten zatlaryny etmegi maksat goýup bilermiň? (1 Korinfliler 9:26).

MATTEO

Alty ýaşymda ýagyrnym agyryp başlady. Başda lukmanlar boýum ösýändir öýtdüler. Bir ýyldan bolsa tutuş oňurgamda çişiň emele gelendigini anykladylar.

Lukman operasiýa etse-de, çişiň diňe 40 göterimini aýryp bildi. Iki aýdan bolsa çiş ýene öňküsi ýaly tutuş oňurgamy eýeläpdir! Şondan bäri barlagdan geçmekden, bejergi almakdan we lapykeçlikden gözüm açylanok.

Käte güýçli agyrydan ýaňa, biri pyçak sünçýän ýaly bolýar. Ýagyrnym we gursagym has köp agyrýar. Ýöne men ünsümi agyryma däl-de, başga zatlara bermäge çalyşýaryn. Agyr kynçylyga duş gelende, dogry garaýşy saklaýan adamlaryň bardygyny özüme ýatladýaryn. Men ruhdan düşmeýärin. Sebäbi Ýehowa Hudaýyň bellän gününde wadasyny ýerine ýetirjekdigine we ähli horluklaryň soňuna çykjakdygyna berk ynanýaryn (Ylham 21:4).

Şu barada oýlan: Senem Matteo ýaly Hudaýyň wadalary barada oýlansaň, çekýän ejiriňe döz gelmäge nädip kömek eder? (Işaýa 65:17).

BRUNA

Men daşymdan sagdyn adam ýaly görünýärin. Şol sebäpli käbirleri maňa ýaltadyr öýdýärler. Emma öýüň işlerini etmek, mekdepde okamak, hatda irden düşegimden galmak ýaly zatlary etmek maňa agyr düşýär.

16 ýaşymdakam, lukmanlar mende gitdigiçe beterleşýän we adamy halys edýän ýaýran skleroz (merkezi nerw sistemasynyň bozulmaklygy) diýen keseli anykladylar. Bu kesel maňa diňe bir işlemäge däl, eýsem, Hudaýa isleýşim ýaly gulluk etmäge hem päsgel berýär. Men 1 Petrus 5:7-däki: «Ähli ýüküňizi... (Hudaýyň) üstüne atyň, sebäbi ol siziň aladaňyzy edýändir» diýen sözleri gaýta-gaýta okaýaryn. Ýehowanyň her birimizi aýratynlykda goldaýandygy maňa teselli berdi. Bu pikir henizem maňa güýç berýär.

Şu barada oýlan: Senem Bruna ýaly ähli ýüküňi Ýehowanyň üstüne atsaň nähili peýda alarsyň? (Zebur 55:22).

ANDRE

Käbirleri maňa 10 ýaşly oglanjykdyr öýdýärler. Men olary ýazgarmaýaryn, sebäbi men kiçijik görünýärin.

Iki ýaşymda mende seýrek duş gelýän rak keselini tapdylar. Ol oňurgamyň çanaklyk süňki bilen birigýän ýerinden başlap beýnime ýetdi. Lukmanlara keselimi bejermek başartsa-da, boýum ösmän galdy. Häzir boýum bary-ýogy 1,37 metr. Men 18 ýaşymdadygymy aýdanymda, köpler ynanmaýar.

Ýygnak duşuşygynda dogan-uýalar maňa hormat goýýarlar. Mekdepdäki çagalar üstümden gülýärdi, ýöne olar beýle etmeýärler. Men ähli ýagdaýda dogry garaýşy saklamaga çalyşýaryn. Sebäbi men Ýehowa bilen tanyşdym. Eýsem, durmuşda şundan gowy zat barmy näme! Nähili kynçylyga uçrasam-da, Ýehowanyň aladamy etjekdigine ynanýaryn. Ýehowa Hudaýyň wada berýän ajaýyp täze dünýäsi barada oýlanmak maňa dogry garaýyşda bolmaga kömek edýär (Işaýa 33:24).

Şu barada oýlan: Andreniň aýdyşy ýaly, näme üçin durmuşda iň gowy zat — Ýehowany tanamak? (Ýahýa 17:3).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş