Mukaddes Kitapda ýadro urşy barada näme diýilýär?
Ynsan hökümetleri ýadro ýaraglarynyň sanyny gün-günden artdyrýar. Şol sebäpli adamlar ýadro urşy bolar diýip pikir edýärler. Ýadro ýaraglarynyň sany artdygyça, hasam howsala düşýärler. Hatda kiçijik ýadro bombasyny ýarsalar, bütin ýer ýüzüni weýran etjek ýadro urşy bolar öýdüp gorkýarlar. Bir žurnalda aýdylyşy ýaly, biziň döwrümizde ýadro urşunyň başlanmagyna öňkä garanyňda has köp garaşylýar («Bulletin of the Atomic Scientists»).
Ýadro urşy bolarmy? Ýadro urşy bolsa, Ýer şary ýok bolarmy? Bize çendenaşa alada etmezlige näme kömek eder? Mukaddes Kitapda näme diýilýär?
Makalada şu soraglaryň jogaby bar:
Mukaddes Kitapda ýadro urşunyň boljakdygy aýdylýarmy?
Mukaddes Kitapda ýadro urşy barada hiç zat aýdylmaýar. Ýöne hökümetleriň biri-birine garşy çykjakdygy, uruşlaryň boljakdygy pygamberlik edilen.
Häzirki bolýan wakalary Mukaddes Kitapdaky pygamberlikler bilen deňeşdiriň:
Mukaddes Kitapdan aýatlar: Isanyň şägirtleri şeýle diýdi: «Seniň gelendigiňi we dünýäniň soňuny haýsy alamatdan bilse bolar?» Isa şeýle jogap berdi: «Millet millete, patyşalyk patyşalyga garşy çykar» (Matta 24:3, 7).
Häzirki wakalar: Köplenç ýadro ýaraglaryny ýasaýan ýurtlar öz aralarynda uruşýarlar.
«Soňky ýyllarda dünýäde zorluk-sütem we zalymlyk köpelýär. Uruşlaryň, syýasy dawalaryň sany gitdigiçe artýar» (The Armed Conflict Location & Event Data Project).
Mukaddes Kitapdan aýat: «Dünýäniň soňunda günorta patyşasy onuň (demirgazyk patyşasy) bilen çaknyşar» (Danyýar 11:40).
Häzirki wakalar: Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly, käbir ýurtlar we olaryň tarapdarlary biri-birinden üstün çykmak üçin bäsleşýärler. Olar ýadro ýaraglaryny biri-birine hüjüm etmek üçin ulanmasa-da, öňküdenem güýçlüsini ýasaýarlar.
«Soňky on ýylyň içinde ýurtlaryň arasyndaky dawalar we uruşlaryň sany görülip-eşidilmedik derejä ýetdi, özem olaryň hersiniň arkasynda güýçli döwletler durýar» (The Uppsala Conflict Data Program).
Mukaddes Kitapdan aýatlar: «Bilip goý, soňky günlerde juda kyn döwür bolar. Sebäbi adamlar... eglişik etmeýän, töhmet atýan, özüne erk etmeýän, zalym... bolar» (2 Timoteos 3:1—3).
Häzirki wakalar: Şu günler köp adamlar biri-biri bilen oňuşmaýar. Şonuň ýaly hökümet ýolbaşçylaryň arasynda hem dawa-jenjel bolýar. Olar meseläni parahatlyk bilen çözmegiň deregine, urşup çözjek bolýarlar. Şeýle ýagdaýlar ýadro urşuna eltip bilýär.
«Birek-birek bilen gowy dil tapyşyp bilmeseň, araňda düşünişmezlik bolýar» (S. Saran we J. Harman «World Economic Forum»).
Allatagala ýadro urşunyň bolmagyna ýol berermi?
Mukaddes Kitapda ýadro urşy barada hiç zat aýdylmaýar. Emma onda biziň günlerimizde «gorkunç zatlaryň», ýagny elhenç wakalaryň boljakdygy aýdylýar (Luka 21:11). Meselem, şeýle wakalaryň biri Ikinji jahan urşunda atom bombasy taşlananda boldy. Mukaddes Kitapda Allatagalanyň uruşlaryň bolmagyna näme üçin ýol berýändigi aýdylýar. Köpräk bilmek üçin «Hudaý horluklara näme üçin ýol berýär?» atly wideony görüp bilersiňiz.
Ýer şary ýok bolarmy?
Ýok. Adamlar ýadro ýaragyny gelejekde ýene ulansalar-da, Hudaý Ýer şarynyň ýok edilmegine ýol bermez. Mukaddes Kitapda diňe bir Ýer şarynyň däl-de, adamlaryň hem ýer ýüzünde ebedi ýaşajakdygy aýdylýar.
Käbir adamlar gelejekde ýadro urşy sebäpli ýer ýüzi takrap galar, howasy zäherlener we diňe sanlyja adam galar. Olaryň hem näçe wagt ýaşajagy belli däl diýip, pikir edýärler. Ýöne Mukaddes Kitapda Hudaý urşuň ýetiren zyýanyny doly aýyrjakdygyny aýdýar.
Allatagala biziň owadan Ýer şarynda gülüp-ýaýnap, şatlanyp ýaşamagymyzy isleýär
Ýaradyjymyz ýer ýüzüni öz-özi dikeler ýaly edip ýaratdy. Şeýle-de Hudaý güýji arkaly bütin ýer ýüzüni bagy-bossanlyk eder. Şonda arassa, owadan Ýer şary adamlaryň ebedilik öýi bolar (Zebur 37:11, 29; Ylham 21:5).
Çendenaşa alada etmezlige näme kömek eder?
Käbirleri «ýadro urşy bolar, hemmämiz ýok bolarys» diýip öler ýaly gorkýarlar we howsala düşüp, janyna jaý tapmaýarlar. Hudaýyň Sözünde berilýän wadalar we maslahatlar şeýle adamlara gorkusyny ýeňmäge, kalbynda parahatlyk duýmaga kömek edýär.
Mukaddes Kitapda ýagty gelejege umyt edip bilýändigimiz hakda aýdylýar. Kalbymyzda harasat gopanda şol umyt gämini saklaýan labyr ýaly çendenaşa alada etmezlige we köşeşmäge kömek eder (Ýewreýler 6:19). Şeýle-de Isa pygamberiň aýdyşy ýaly, «her günüň öz derdi özüne ýetikdir». Şonuň üçin gelejekde bolup biläýjek zatlar hakda oýlanyp, howsala düşmegiň deregine, şu günki günüň aladasyny etsek gowy bolar (Matta 6:34)..
Biziň ählimiz dury pikirlenmek we kalbymyzda rahatlygy saklamak isleýäris. Munuň üçin biz ýadro ýaraglary hakda soňky täzelikleri, gepleşikleri azrak diňlemeli. Elbetde, biz hemme zat gowy diýip öz-özümizi aldap hem ýörmeýäris. Ýöne biz güýjümiziň ýetmeýän we hiç haçan bolmajak zatlary alada edip, derdimize dert goşmak islemeýäris.
Bar wagtyňyzy erbet täzelikleri diňläp geçirmäň, gaýtam gowy zatlar hakda oýlanyp, durmuşyň lezzetini görüň..
Mukaddes Kitapda Hudaýyň gowy gelejege umyt berýändigi aýdylýar
Hudaýyň wadalary hakda köpräk öwrenseňiz, häzirden bagtly bolup, kalbyňyz rahat we gelejege umydyňyz bolar.
Mukaddes Kitapda Armageddonda ýadro urşunyň boljakdygy aýdylýarmy?
Käbir adamlar Armageddon ýadro urşy diýip pikir edýärler. Olar ýer ýüzi çepbe çöwrülip, weýran bolar öýdýärler.
Emma Mukaddes Kitapda «Armageddon» diýlende, «bütin ýer ýüzüniň patyşalary», ýagny hökümetler bilen Gudratygüýçli Hudaýyň arasynda boljak söweş göz öňünde tutulýar (Ylham 16:14, 16).a Adamlar ýadro ýaragy arkaly ýagşy-ýaman diýmän, ähli adamlary gyrýarlar. Emma Armageddonda beýle bolmaz. Hudaý diňe zalymlary ýok eder. Şonda bütin ýer ýüzünde parahatlyk höküm sürer, adamlar hiç zatdan gorkmazlar (Zebur 37:9, 10; Işaýa 32:17, 18; Matta 6:10).
Mukaddes Kitaba görä, uruşlaryň soňy gelermi?
Ýehowa Hudaý milletleriň uruşlaryny togtadyp, ähli ýaraglaryny ýok eder.b Ol muny Patyşalygy arkaly eder. Hudaýyň Patyşalygy, ýagny gökdäki hökümeti bütin ýeriň üstünden höküm sürer (Danyýar 2:44).
Hudaýyň Patyşalygy höküm sürende adamlar agzybir, parahat ýaşamagy öwrenerler. Ýurtlaryň arasynda dawa-jenjel bolmaz, sebäbi bütin ýeriň ýüzünde ýeke hökümet bolar. Şonda adamlar uruşmagy öwrenmezler (Mikaý 4:1—3). «Olar üzüm we injir agaçlarynyň saýasynda oturarlar. Olary hiç kim gorkuzyp bilmez» (Mikaý 4:4).
a «Armageddon söweşi näme?» diýen makalany okap bilersiňiz.
b Ýehowa hak Hudaýyň ady (Zebur 83:18). «Ýehowa kim?» diýen makalany okap bilersiňiz.