25-nji oktýabr, şenbe
(Şapan) kitaby... patyşanyň öňünde okap başlady (2 Tar. 34:18).
Ýoşyýa patyşa 26 ýaşlarynda ybadathanada bejeriş we abatlaýyş işlerini geçirýär. Şonda Ýehowanyň Musa arkaly beren kanun kitaby tapylýar. Kanun kitabyny patyşa okap berýärler. Ýoşyýa Hudaýyň ähli tabşyryklaryny ýerine ýetirmegi ýüregine düwýär (2 Tar. 34:14, 19—21). Ýaşlar, siz Mukaddes Kitaby okamagy halaýarsyňyzmy? Siz Mukaddes Kitaby her gün okap bilýärsiňizmi? Halaýan aýatlaryňyzy ýazyp alýarsyňyzmy? Ýoşyýa 39 ýaşlarynda uly ýalňyşlyk goýberdi. Ol Ýehowadan görkezme soramagyň deregine özüne bil baglady. Şeýlelikde, onuň gelen nädogry karary öz başyna ýetdi (2 Tar. 35:20—25). Biz Ýoşyýanyň ýalňyşyndan näme sapak edinýäris? Biz Mukaddes Kitaby köp ýyldan bäri okaýan bolsak-da, ýaş ýa-da garry bolsak-da, Ýehowa bil baglamaly. Munuň üçin Hudaýa doga edip, görkezme soramaly, Mukaddes Kitaby okamaly we imany berk dogan-uýalar bilen maslahatlaşmaly. Şonda biz uly ýalňyşlary goýbermeris, görjegimiz gowluk, kalbymyz rahat bolar (Ýak. 1:25). w23.09 sah. 12, 13, abz. 15, 16
26-njy oktýabr, ýekşenbe
Hudaý tekepbirlere garşy çykýar, pesgöwünlilere bolsa ýagşylyk edýär (Ýak. 4:6).
Ýaş uýalar, siz gadymy döwürde Ýehowany ýürekden söýen gelin-gyzlaryň göreldesine eýerip bilersiňiz. Olar «ähli zatda çägini bilýän we Hudaýa wepaly bolan» zenanlardyr (1 Tim. 3:11). Şeýle-de siz ýygnagyňyzda onlarça ýyl Ýehowa wepaly gulluk edýän uýalaryň göreldesine eýerip bilersiňiz. Ýaş uýalar, siz ýygnagyňyzdaky berk imanly gelin-gyzlaryň sanawyny düzüp bilersiňiz. Soňra olaryň haýsy häsiýetini halaýandygyňyzy we şol häsiýeti nädip ösdürip biljekdigiňizi ýazyň. Imany berk mesihçi pesgöwünli bolýar. Ol Ýehowa Hudaý we dogan-uýalar bilen ýakyndan dostlaşýar. Pesgöwünli uýa baştutanlyk düzgünine ýürekden tabyn bolýar. Sebäbi ony Ýehowanyň ýola goýandygyna düşünýär (1 Kor. 11:3). Şu düzgüne tabyn bolýan uýa ýygnagyň we maşgalasynyň agzybirligine uly goşant goşýar. w23.12 sah. 18, 19, abz. 3—5
27-nji oktýabr, duşenbe
Är hem aýalyny öz bedenini söýşi ýaly söýmelidir (Efes. 5:28).
Ýehowa siziň gelniňizi söýmegiňizi, iýjek-içjegini, geýjegini ýetirip durmagyňyzy, duýgularyna düşünmegiňizi we imanyny berkitmegiňizi isleýär. Pikirleniş ukybyny ösdürseňiz, gelin-gyzlar bilen özüňizi sylaşykly alyp barsaňyz, ynamdar adam bolsaňyz, gowy ýanýoldaş we aladaçyl maşgalabaşy bolarsyňyz. Belki, siz öýleneniňizden soň kaka bolmak islärsiňiz. Ýehowanyň göreldesine eýerseňiz, aladaçyl ata bolup bilersiňiz (Efes. 6:4). Ýehowa söwer ogluny gowy görýändigini we ondan razydygyny aýtdy (Mat. 3:17). Siz hem çagalaryňyzy söýýändigiňizi aýdyň we her bir edýän ýagşy işi üçin öwüň. Şeýle-de ogul-gyzlaryňyzyň imanyny berkidiň. Siz aladaçyl ata bolmaga häzirden taýýarlanyp bilersiňiz. Munuň üçin maşgala agzalaryňyzyň, dogan-uýalaryň imanyny berkidiň we olara öwgüli sözleri aýdyň (Ýah. 15:9). w23.12 sah. 28, 29, abz. 17, 18