26-njy oktýabr, ýekşenbe
Hudaý tekepbirlere garşy çykýar, pesgöwünlilere bolsa ýagşylyk edýär (Ýak. 4:6).
Ýaş uýalar, siz gadymy döwürde Ýehowany ýürekden söýen gelin-gyzlaryň göreldesine eýerip bilersiňiz. Olar «ähli zatda çägini bilýän we Hudaýa wepaly bolan» zenanlardyr (1 Tim. 3:11). Şeýle-de siz ýygnagyňyzda onlarça ýyl Ýehowa wepaly gulluk edýän uýalaryň göreldesine eýerip bilersiňiz. Ýaş uýalar, siz ýygnagyňyzdaky berk imanly gelin-gyzlaryň sanawyny düzüp bilersiňiz. Soňra olaryň haýsy häsiýetini halaýandygyňyzy we şol häsiýeti nädip ösdürip biljekdigiňizi ýazyň. Imany berk mesihçi pesgöwünli bolýar. Ol Ýehowa Hudaý we dogan-uýalar bilen ýakyndan dostlaşýar. Pesgöwünli uýa baştutanlyk düzgünine ýürekden tabyn bolýar. Sebäbi ony Ýehowanyň ýola goýandygyna düşünýär (1 Kor. 11:3). Şu düzgüne tabyn bolýan uýa ýygnagyň we maşgalasynyň agzybirligine uly goşant goşýar. w23.12 sah. 18, 19, abz. 3—5
27-nji oktýabr, duşenbe
Är hem aýalyny öz bedenini söýşi ýaly söýmelidir (Efes. 5:28).
Ýehowa siziň gelniňizi söýmegiňizi, iýjek-içjegini, geýjegini ýetirip durmagyňyzy, duýgularyna düşünmegiňizi we imanyny berkitmegiňizi isleýär. Pikirleniş ukybyny ösdürseňiz, gelin-gyzlar bilen özüňizi sylaşykly alyp barsaňyz, ynamdar adam bolsaňyz, gowy ýanýoldaş we aladaçyl maşgalabaşy bolarsyňyz. Belki, siz öýleneniňizden soň kaka bolmak islärsiňiz. Ýehowanyň göreldesine eýerseňiz, aladaçyl ata bolup bilersiňiz (Efes. 6:4). Ýehowa söwer ogluny gowy görýändigini we ondan razydygyny aýtdy (Mat. 3:17). Siz hem çagalaryňyzy söýýändigiňizi aýdyň we her bir edýän ýagşy işi üçin öwüň. Şeýle-de ogul-gyzlaryňyzyň imanyny berkidiň. Siz aladaçyl ata bolmaga häzirden taýýarlanyp bilersiňiz. Munuň üçin maşgala agzalaryňyzyň, dogan-uýalaryň imanyny berkidiň we olara öwgüli sözleri aýdyň (Ýah. 15:9). w23.12 sah. 28, 29, abz. 17, 18
28-nji oktýabr, sişenbe
Ýehowa sizi asuda zamanda ýaşadar (Işa. 33:6).
Hudaýyň halky ähli adamlar ýaly keselleýär, kyn ýagdaýlary başdan geçirýär. Üstesine-de, olary Ýehowa iman edýändikleri üçin yzarlaýarlar we garşy çykýarlar. Ýehowa wepaly bendeleriniň kynçylygyny gudrat bilen aýyrmaýar. Emma goldajakdygyny söz berýär (Işa. 41:10). Kynçylyklar apy-tupan ýaly üstümize abansa-da, Ýehowanyň goldawy bilen paýhasly kararlara geleris, oňa wepaly bolarys we ýürekden şatlanarys. Mukaddes Kitapda «Hudaýyň parahatlygynyň» kalbymyza rahatlyk berjekdigi aýdylýar (Flp. 4:6, 7). Ýehowa dostlaryna parahatlyk berýär. Olaryň kynçylygy başyndan agdyk bolsa-da, kalby rahat bolýar we asuda ýaşaýar. Hudaýyň parahatlygy «ynsan düşünjesinden ýokarydyr». Biz oňa doly düşünip bilmeýäris. Siz Hudaýa ýalbaryp doga edeniňizde, özüňizi rahat duýýarsyňyzmy? Diýmek, siziň ýüregiňizde «Hudaýyň parahatlygy» bar. w24.01 sah. 20, abz. 2; sah. 21, abz. 4